Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde gulluk edýän esgerler pagta ýygymyna iberilen ýerlerinde ýyladylmaýan çadyrlarda, agyr şertlerde we aç saklanýandyklaryny aýdyp, ene-atalaryndan kömek soraýarlar.
Bu barada Azatlyk Radiosynyň Balkan welaýatyndaky habarçylarynyň birine ogullary häzirki wagt Kerkide gulluk edýän balkanly ene-atalaryň birnäçesi gürrüň berdi.
Degişli maglumat Goşunda wepat bolan esger sütemiň pidasy bolupdyr“Olaryň gulluk edýän harby bölümindäki esgerleri geçen aýdan başlap ýatymlaýyn pagta ýygymyna alyp gidipdirler. Ene-atalar öz ogullarynyň we beýleki esgerleriň soňky bir aýda aşa horlanyp, tanalmaz ýaly bolandygyny aýdýarlar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 18-nji sentýabrda gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, esgerler meýdanda çadyr dikip, şol ýerde ýatýarlar. Häzirki wagt gijelerine howanyň temperaturasynyň pese gaçýandygy sebäpli çadyrlaryň içi sowuk bolýar, olar ýyladylmaýar. Üstesine-de, esgerler zerur bolan ýyly geýim-gejimler we ýorgan-düşekler bilen hem üpjün edilmeýär.
“Mundanam başga, esgerleriň kadaly iýmitlenişi hem pes bolup, olar ýeterlik azyk bilen üpjün edilmeýär. Esgerleriň aglabasy öýlerine hat ýazyp, ene-atalaryndan iýmit we ýyly geýim-gejimler üçin pul ibermegi soraýarlar. Ýöne ene-atalaryň ençemesi özlerindäki maddy mümkinçiligiň çäklidigini aýdyp, ogullaryna yzygiderli pul iberip bilmeýändiklerini aýdýarlar” diýip, habarçy gürrüň berdi.
Galyberse-de, habarçy esgerleriň suw bilen üpjünçiliginiň hem çäklidigini, şeýle-de olara ýuwnup-ardynmak üçin şertleriň döredilmeýändigini belledi.
“Esgerler ýuwnup bilmeýändigi ýa-da iň esasy arassaçylyk zerurulyklaryny üpjün edip bilmeýändigi üçin olaryň käbiriniň aýagynda we elinde ýaralar emele gelipdir. Olara medisina kömegi hem berilmeýär. Olar öz ykbaly bilen ýekme-ýek galýar. Olardan diňe pagta ýygmak talap edilýär. Olar gula öwrüldi” diýip, habarçy balkanly ene-atalaryň biriniň sözlerini sitirledi.
Azatlyk Radiosynyň ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlar barada Türkmenistanyň Goranmak ministrliginden we Içeri işler ministrliginden kommentariý almak boýunça eden yzygiderli synanyşyklary häzirlikçe netije bermeýär.
5-nji sentýabrda Türkmenistanda “Türkmen edermen” ýörite maksatly toparlarynyň bilelikdäki görkezme harby türgenleşigi geçirildi. Şonda resmi media ýurduň goranyş kuwwatyny we türkmen goşunynda şahsy düzümiň durmuş üpjünçiligini ýene bir gezek mahabatlandyrdy.
Şol bir wagtda, Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary we türkmenistanlylaryň ençemesi ýurtda harby bölümlerde esgerleriň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowşakdygyny, olaryň käbirleriniň zulum-süteme we kemsitmelere sezewar bolýandygyny hem-de pagta ýygym möwsüminde harbylaryň köpçülikleýin ýurduň pagta meýdanlaryna ugradylýandygyny habar berýärler.
Degişli maglumat Azatlyk Radiosynyň habaryndan soň, merhum esgeriň hossarlaryna azyk kömegi berildi30-njy awgustda Türkmenistanyň Ýaragly güýçleriniň Guryýer goşunlarynyň Kaka we Tejen etraplarynda ýerleşýän harby bölümlerindäki esgerleriň Ahal welaýatynyň dürli künjeklerinde pagta ýygymyna köpçülikleýin gatnaşdyrylýandygy mälim boldy.
1-nji sentýabrda Azatlyk Radiosynyň hökümetdäki çeşmesi habarçymyza esgerleriň pagta ýygmaga iberilip başlanandygyny aýtdy.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary esgerler bilen bir hatarda, býujet işgärleriniň Mary welaýatynda 23-nji awgustdan, Lebap welaýatynda 25-nji awgustdan mejbury pagta ýygymyna çekilip başlanandygyny habar berdiler.
Türkmenistanyň Zähmet kodeksinde, ýagny “Türkmenistanyň Zähmet kodeksini tassyklamak we güýje girizmek hakyndaky” kanunyň 8-nji maddasynda ýurtda mejbury ýa-da hökmany zähmetiň gadagandygy aýdylýar.
Şeýle-de, 9-njy sentýabrda Türkmenistan Halkara Zähmet Guramasynyň 144-nji Konwensiýasyny, ýagny Halkara zähmet kadalarynyň ulanylmagyna ýardam bermek üçin üçtaraplaýyn geňeşmelere goşulyşmak hakyndaky Konwensiýany ratifisirledi.
Türkmenistan halkara guramalarynyň birnäçesi, şol sanda dünýäde gulçulyga we mejbury zähmete garşy iş alyp barýan Anti-Slavery International, “Pagta kampaniýasy” we “Human Rights Watch” hukuk goraýjy guramalary tarapyndan mejbury zähmetden peýdalanmakda tankyt edilýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.