Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň goşunynda gulluk eden bir esgeriň duýdansyz aradan çykandygy we türkmen häkimiýetleri tarapyndan onuň maşgalasyna maddy ýardamyň teklip edilmeýändigi baradaky habaryndan soň, merhumyň hossarlaryna uly bolmadyk mukdarda azyk kömegi berildi.
Bu barada Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri merhum esgerOrazow Süleýman Gurbanaliýewiçiň hossarlaryna salgylanyp, 14-nji awgustda habar berdi.
Ýatlatsak, 29-njy iýulda Azatlyk Radiosy 2000-nji ýylyň 6-njy iýunynda doglan esger Süleýman Orazowyň jesediniň 26-njy iýulda hossarlaryna gowşurylandygy barada maglumat çap etdi. Şondan bir gün öň, degişli türkmen häkimiýetleri içki organlarynyň we beýnisiniň alnandygy aýdylýan merhum esgeriň hossarlaryna jaň edip, onuň zäherlenip ölendigini aýdypdylar.
“Esger Süleýman Orazowyň maşgalasyna merhumyň 40 sowulýança belli-belli günlerini bellemek üçin uly bolmadyk mukdarda maddy kömek berildi. Olara bir goýun, 50 kilogram tüwi, bir halta alma, 2-nji sortdan bolan 20 litr pagta ýagy getirdiler” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli anonim şertde maglumat beren habarçy gürrüň berdi.
Habarçy bu azyk kömeginiň merhum esgeriň gulluk eden harby bölümi, ýagny Guşgydaky 2108 belgili harby bölüm tarapyndan guramalaşdyrylandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.
Şol bir wagtda, habarçy merhumyň hossarlaryna 20 müň manat möçberinde maliýe kömeginiň beriljekdigi barada wada berilendigini, ýöne häzirlikçe bu ýardamyň gowşurylmandygyny hem belledi.
“Türkmen häkimiýetleri merhumyň hossarlaryna onuň 40-y sowulýança bu maliýe kömeginiň berjekdiklerini aýdypdyrlar. Ýöne heniz merhumyň 40-y sowulmady. Şol sebäpli merhumyň maşgalasy bu maliýe kömeginiň beriljekdigini umyt edýär” diýip, habarçy sözüni jemledi.
Maglumat üçin aýtsak, Türkmenistanyň Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakyndaky kanunynyň 19-njy maddasyna laýyklykda, harby gullukçylar özleriniň harby gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän mahalynda wepat bolan halatynda, aradan çykanyň mirasdarlary bolup durýan maşgala agzalaryna deň paýda aradan çykanyň ýyllyk zähmet hakynyň 10 essesi möçberinde birwagtlaýyn kömek puly tölenilýär.
Kakasy mundan üç ýyl çemesi ozal ýogalan Süleýman Orazow Gurbanaliýewiç harby gulluga geçen ýylyň noýabrynda çagyrylypdy. Ol Guşgydaky 2108 belgili harby bölümde gulluk edýärdi. Orazow Aşgabat şäheriniň “Gaudan W” etrapçasynda, Oguzhan köçesiniň ugrundaky 86-njy jaýda we 45-nji kwartirada ýaşaýardy.
“Süleýman kakasyz maşgalanyň uly oglydy. Ejesi ýeke özi çagalaryny ekläp ýetişdirýär. Süleýmanyň özünden kiçi 12 ýaşyndaky gyz we 9 ýaşyndaky oglan jigileri galdy” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýurduň Goranmak ministrligi ýa-da beýleki organlar tarapyndan merhumyň hossarlaryna maddy kömegiň häzirlikçe teklip edilmeýändigini 29-njy iýulda gürrüň beripdi.
Habarçynyň sözlerine görä, geçen aýyň ahyrynda degişli türkmen resmileri merhumyň jesedini öýüne getirende, onuň ejesi we hossarlary esgeriň garnynda gyýylan kesigiň bolandygyny we onuň gödek tikilendigini, şeýle-de içki organlarynyň, şol sanda beýnisiniň alnandygyny görýärler.
Habarçy türkmen häkimiýetleriniň esgeriň ejesini we hossarlaryny merhumy şol güni jaýlamaga mejbur edendigini we onuň Çoganlynyň gonamçylygynda jaýlanandygyny hem gürrüň beripdi.
Aýdylmagyna görä, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň we Içeri işler işler ministrliginiň wekilleri Süleýman Orazowyň jesedini ejesine we hossarlaryna gowşuranda, onuň bedenindäki deşikleriň sebäplerini we garnyndaky organlaryň, şeýle-de beýnisiniň näme üçin alnandygyny düşündirmeýärler.
Şu sebäpli Orazowyň ejesi we hossarlary esgeriň ölümi barada berlen resmi düşündirişe, ýagny onuň zäherlenip aradan çykandygyna şübheli göz bilen seredýärler. Merhumyň ejesiniň we hossarlarynyň esgeriň ölümini gaýtadan medisina barlagyndan geçirmek barada eden talaplary hem häzirlikçe diňlenmeýär.
Azatlyk Radiosynyň ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlar barada Türkmenistanyň Goranmak ministrliginden we Içeri işler işler ministrliginden kommentariý almak boýunça eden yzygiderli synanyşyklary häzirlikçe netije bermeýär.
29-njy iýulda Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň Goranmak ministrligine jaň edende, telefona jogap beren we özüni tanyşdyrmakdan saklanan jogapkär resmi özleriniň bu barada kommentariý berip bilmejekdigini aýdypdy.
Maglumat üçin aýtsak, Guşgydaky 2108 belgili harby bölüm Türkmenistanyň Owganystan bilen serhedinde ýerleşýär. Mundan ozal, uzynlygy 744 kilometre barabar bolan türkmen-owgan serhedinde ýaramazlaşýan howpsuzlyk şertleri barada wagtal-wagtal habarlar peýda bolupdy.
Geçen ýylyň iýulynda Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy türkmen-owgan serhedinde iýun aýynda türkmen serhetçileri bilen Owganystan tarapdan hüjüm eden neşe gaçakçylarynyň arasynda dörän ok atyşygynda 25 türkmenistanly esgeriň wepat bolandygyny habar berdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.