Türkmenistanyň ýaragly güýçlerinde gulluk eden wagtynda wepat bolan 18 ýaşly Öwezaly Ekaýew harby düzgünlere gabat gelmeýän gatnaşyklaryň - sütemiň pidasy bolupdyr. Azatlyk Radiosyna esgeriň ölümine getiren käbir ýagdaýlar mälim boldy.
"Balkanabatda gulluk eden Ekaýew Öwezaly harby düzgünlere gabat gelmeýän gatnaşyklaryň - dedowşinanyň pidasy boldy. Şol ýerde ýene bir esger heläk boldy. Olara özlerinden ir gulluga gelen esgerler sütem görkezdiler we ýakalaşyk boldy, onuň netijesinde iki esger, şol sanda Öwezaly wepat boldy" diýip, Azatlygyň habarçysy 28-nji awgustda aýtdy.
Maşgalasyna berlen resmi düşündirişe görä, 18 ýaşly Ekaýew 20-nji awgustda ýogalypdyr. Şol günüň özünde onuň jesedi ene-atasyna gowşurylypdyr. Resmiler esgeriň ölüminiň sebäplerini ýakynlaryna düşündirmän, ony dessine jaýlamagy talap edipdir we bu barada habar ýaýratmazlyk barada dil hatyny alypdyr.
Owezaly Ekaýew maý aýynda Ahal welaýatynyň Änew şäheriniň harby bölümi tarapyndan harby gulluga çagyrylypdy we Balkanabat şäherinde gulluk edipdi.
Esger hiç wagtda saglygyndan şikaýat etmändir.
Azatlyk Radiosyna Ekaýewiň tanyşlary tarapyndan berlen maglumata görä, onuň jesedinde zorlugyň ençeme yzy tapylypdyr.
"Merhumy ýuwanlarynda onuň birnäçe gapyrgasynyň döwülendigi, kellesiniň ýarylandygy we bedeninde gögeren ýerleriň bardygy anyklandy" diýip, habarçymyz aýdýar.
Onuň sözlerine görä, häkimiýetler harby gullukçynyň ölümi bilen baglylykda käbir çäreleri görüpdir.
“Häzir birnäçe esgeri tussag etdiler, käbir ofiserleri başga regionlara geçirdiler. Esgeri öldürmekde günälenýänleriň biriniň kakasy ötünç soramak üçin Ekaýewiň ene-atasynyň ýanyna bardy. Emma olar ony kowup goýberdi” diýip, habarçymyz 28-nji awgustda habar berdi.
Merhum esgeriň maşgalasy Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Garawul daýhan birleşiginde ýaşaýar.
Azatlyk Radiosyna mälim bolşuna görä, Owezaly Ekaýew bilen bilelikde wepat bolan ýene bir esger Mary welaýatyndan. Emma onuň şahsyýetini anyklap bolmady.
Bu ýagdaý Türkmenistanyň ýaragly güýçlerinde harby borjuny ýerine ýetiýän esgerleriň heläk bolmagy bilen bagly ilkinji waka däldir.
29-njy iýulda Azatlyk Radiosyna 19 ýaşly Suleýmän Orazowyň ykbaly mälim boldy. Esgeriň garyndaşlarynyň aýtmagyna görä, 26-njy iýulda esgeriň jesedi maşgalasyna tabşyrylanda garnynda gyýlan we gödek tikilen kesik bardy, içki organlary we beýnisi alnypdy, arkasynda içine esgi dykylan deşikleriň ençemesi bardy. Esgeriň ölümi barada ýakynlaryna habar beren resmiler onuň zäherlenendigini aýdypdy.
Suleýmän Orazowyň ykbaly barada Azatlyk Radiosynyň beren habaryndan soň häkimiýetler esgeriň maşgalasyna azyk kömegini beripdir.
Dedowşina - uly esgerleriň ýaşlara sütem etmegi türkmen goşunynda giňden ýaýran ýagdaýdyr.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary we diňleýjileri öňden gulluk eden esgerleriň täze gelenlere sütem etmegi, zorluk görkezmegi, şikes ýetirmegi, şeýle-de esgerleriň gumürtik ýagdaýda aradan çykmagy barada ençeme gezek habar beripdi. Esgerleriň urlup-ýenjilmelere we kemsitmelere çydaman, harby bölümlerden gaçyp gidýän halatlary hem bolýar.
Türkmenistanyň häkimiýetleri goşundaky eden-etdilikleri resmi derejede kommentirlemeýärler. Esgerleriň özleri gorky sebäpli köplenç şikaýat etmeýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.