Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda bank kartlaryna geçileli bäri dowam edýän we soňky aýlarda eli ýuka maşgalalar üçin uly kösençlige öwrülen nagt pul ýetmezçiligi problemasyny gytaklaýyn boýun aldy, ýöne, adatça bolşy ýaly, günäni resmileriň üstüne ýükledi.
Emma synçylar meseläniň görnüşinden has çylşyrymlydygyny aýdýarlar.
19-njy awgustda geçirilen wideoşekilli iş maslahatynda berlen hasabatda, TDH-nyň ýazmagyna görä, ýurduň bank ulgamlarynda “täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler” barada hasabat berildi, emma nagt pul ýetmezçiligi we onyň sebäpleri barada anyk zat aýdylmady.
Döwlet eýeçiligindäki türkmen mediasyndan tapawutlylykda, Azatlyk bu problema barada yzygiderli habar berýär we Merkezi Bankyň başlygy Merdan Annadurdyýewe berlen käýinç radionyň Marydaky bankomatlaryň öňünde döreýän uzyn nobatlar barada beren habarynyň yz ýanyna gabat geldi.
Degişli maglumat Marynyň bankomatlarynyň öňündäki uzyn nobatlar saklanyp galýarEmma döwlet baştutany manat problemasynyň sebäplerini döwletiň maliýe syýasty bilen baglanyşdyrman, diňe tehniki meseleler bilen düşündirmäge synanyşdy. Onuň sözlerine görä, ýurduň “banklarynda maliýe serişdeleriniň ýeterlik mukdary bar”.
Berdimuhamedowyň tassyklamagyna görä, eger degişli tehniki toparlar bankomatlaryň sazlaşykly işine gözegçiligi yzygiderli ýola goýsalar, bu ýerde hiç bir mesele ýok.
Şu sebäpden ol, ýurduň banklary tarapyndan ornaşdyrylan bankomatlaryň işleýşine gözegçiligi gowşadandygy üçin, Merkezi bankyň başlygy Merdan Annadurdyýewe käýinç yglan etdi.
Ýerli synçylar prezidentiň bu gezekki käýinjinde adat bolan umumylykdan, ýagny “işde kemçilik goýbermek”, “wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmezlik”aýyplamalaryndan biraz anyklyga geçendigini bellediler.
Ýöne bu ýurtdaky nagt pul kynçylyklaryny ýeňletmeýär, eger häzirki ýagdaý saklanyp galsa, bankomatdan alan manadyny ýüze sylýan adamlar diňe türkmen telewideniýesiniň ekranlarynda däl, durmuşda hem köpeler diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran 60 ýaşly aşgabatly maliýeçi Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ozalky başlygy Hudaýberdi Orazowyň pikiriçe, ýurtdaky manat ýetmezçiligi ozaly bank kartyna geçmek üçin ýeterlik infrastrukturanyň, şertleriň döredilmezligi bilen bagly.
“Pikir edip görüň, Türkmenistanda hasaplaşygyň 80-90 prosenti nagt pulda geçýär. Köp ýerde, etraplarda, obalarda oň ýaly [düzgün] ýok, şäherlerde hem kyn, bankomatlarda pul goýulmaýar” diýip, Orazow Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy.
Degişli maglumat Marylylar gijäň ýaryndan bankomatlaryň öňünde nobata durýarlarOnuň pikiriçe, türkmen häkimiýetleri bu ýagdaýy bilmän duranoklar. Ýöne bu ýerde başga oýun bar, manadyň hümmetini emeli ýagdaýda ýokary saklamak synanyşygy edilýär.
“Nagt puluň güýji bank kartyndaky puluň güýji bilen deň bolmaly,olaryň ikisem deň bolmaly, emma şeýdilse [nagt pul gyt bolsa], nagt puluň güýji ýokarlanýar-da, kartdaky puluň güýji peselýär” diýip, Orazow aýtdy.
Şwesiýada ýaşaýan türkmen ykdysatçysynyň ynanjyna görä, türkmen häkimiýetleri şeýdip, emeli usulda manadyň hümmetini saklanlarynda halkyň horlanjagyna düşünmän duranoklar. “Ýöne manat adamlara wagtynda berlip durulsa, häkimiýetler dollaryň gara bazardaky kursuny saklap biljek däl” diýip, Orazow pikir edýär.
Ikinji tarapdan, türkmen ykdysatçysynyň pikirine görä, türkmen hökümeti daşary ýurtlularyň gözüne reforma geçirýän bolup görünmek isleýär we şol bir wagtda-da ilaty garyp, mümkin boldugyça garaşly, tabyn ýagdaýda saklamaga çalyşýar.
“Olar halkda pul näçe az bolsa, ony özlerine şonça peýda görýärler, diktatura ýurtlarynda... sebäbi adamlar gowy ýaşasalar, dünýä başgaça seredip başlaýarlar” diýip, Hudaýberi Orazow Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy.