Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Marynyň bankomatlarynyň öňündäki uzyn nobatlar saklanyp galýar


Aşgabatda bankomatdan nagt pul almak üçin nobata duran adamlar
Aşgabatda bankomatdan nagt pul almak üçin nobata duran adamlar

Türkmenistanyň Mary welaýatynyň Mary şäherindäki bankomatlarda nagt pul ýetmezçiligi bilen bagly problema saklanyp galýar. Ýurtda Gurban baýramy bellenilýän şu günlerde raýatlar zähmet, pensiýa haklaryny we kömek pullaryny nagtlaşdyryp bilmän kösenýär.

Bu barada habar berýän Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatyndaky habarçysynyň tassyklamagyna görä, şäheriň “Türkmenistan” döwlet we “Senagat” paýdarlar täjirçilik banklarynda iki sany bankomat işleýär, ýöne bulardaky nagt pul serişdesi öýläne çenli gutarýar.

“Bu ýerde nobata duranlaryň sany 100-den hem geçýär. Adamlar ir säherden ýa-da gijeden nobata durýar. Ýöne bankomatlardaky nagt pul serişdesi nobata duran adamlaryň ählisine ýetmeýär” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli anonim şertde maglumat beren habarçy 13-nji awgustda gürrüň berdi.

Habarçy käbir raýatlaryň öz zähmet, pensiýa haklaryny we kömek pullaryny indi iki aý bäri nagtlaşdyryp bilmeýändigini, ýurtda Gurban baýramynyň bellenýän döwründe munuň raýatlara has-da ýaramaz täsir ýetirýändigini aýdýar.

“Adamlar Gurban baýramynda kiçijek janly öldürip, sadaka bermek üçin aýlyklaryna bil baglaýardy. Ýöne häzir olar öz halal zähmetiniň gazanjyny hem alyp bilmeýärler. Adamlar aç-açan bolmasa-da, özaralarynda nägileliklerini aýdýarlar” diýip, habarçy belledi.

Onuň sözlerine görä, raýatlar plastik kartlaryndaky pul serişdesinden nagt däl söwdany hem amala aşyryp bilmeýärler. Sebäbi Mary welaýatyndaky orta telekeçilere degişli tas ähli hususy dükanlarda töleg terminallary işlemeýär.

“Ýakynda hususy dükanlaryň gapysynyň daşyna bildirişler asyldy. Şol bildirişde alyjylara ýüzlenilip, ‘eger dükanda bank kartlary kabul edilmese, onda aşakda görkezilen telefon belgisine jaň etmek maslahat berilýär’. Adamlar bu bildirişi görüp, bank kartlary kabul edilýändir öýdüp, dükanlara bardylar. Ýöne dükanlarda töleg terminalynyň işlemeýändigini aýdýarlar. Şondan soňra, adamlar şol telefon belgä jaň edende, telefona jogap berýän resmi töleg terminallarynyň häzirlikçe işlemeýändigini aýdýar. Adamlary aldap, iki esse köseýärler. Adamlar ‘hökümetden ynam gaçdy’ diýýärler” diýip, habarçy aýtdy.

Aýdylmagyna görä, Mary şäheriniň bankomatlarynda indi bir aýdan gowrak wagt bäri dowam edýän nagt pul ýetmezçiligi sebäpli maryly ýaşaýjylar indi öz plastik bank kartlaryny Aşgabada iberip başladylar.

“Käbir adamlar onlarça ýaşaýjynyň plastik bank kartlaryny ýygnap, Aşgabada alyp gidýärler. Olar aýlyk, pensiýa ýa-da kömek pullaryny nagtlaşdyryp getirip bereni üçin her bir plastik kart eýesinden 20 manat alýarlar. Aşgabada baryp gelen marylylar paýtagtyň bankomatlarynda-da nobatlaryň juda ulydygyny aýdýarlar” diýip, habarçy gürrüň berdi.

13-nji awgustda Azatlyk Radiosynyň Daşoguz we Lebap welaýatlaryndaky biri-birinden garaşsyz habarçylary ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlaryň öz regionlarynda hem gaýtalanýandygyny aýdyp, käbir pensionerleriň indi 2 aý bäri pensiýa haklaryny nagtlaşdyryp bilmän kösenýändiklerini aýtdylar.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri ýurduň sebitlerindäki, şol sanda Marydaky bankomatlarda emele gelen nagt pul ýetmezçiligi, onuň sebäpleri we ilata ýetirýän täsirleri barada düşündiriş ýa-da maglumat bilen çykyş etmän gelýärler.

Azatlyk Radiosynyň bu barada Türkmenistanyň Merkezi, “Senagat” we “Türkmenistan” banklarynyň Marydaky şahamçalary bilen habarlaşyp, kommentariý almak synanyşyklary häzirlikçe netije bermedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG