Türkmenistanyň Mary welaýatynyň Mary şäheriniň bankomatlarynda nagt pul ýetmezçiligi dowam edýär. Zähmet, pensiýa, talyp haklaryny hem-de kömek pullaryny nagtlaşdyrmak isleýän raýatlar gije sagat 10:00-dan başlap, şäheriň dürli banklarynda ýerleşdirilen bankomatlaryň öňünde nobata durýarlar.
“Şu gün şäheriň ‘Türkmenbaşy’ we ‘Senagat’ banklarynyň öňünde gaty kän adam bar. Sagat 8:00-da ‘Türkmenbaşy bankynyň öňündäki adamlaryň sany 300-den geçdi. ‘Senagat’ bankynda nobat depderçesine ýazylan adamlaryň sany 500-den geçdi. Sagat 9:00-da hem adamlar yzygiderli gelýärdiler. Adamlar garaşyp dur. Pensionerleriň köpüsi bolsa, bu nobaty görüp, ümsümjek yzyna gaýdýar” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli anonim şertde maglumat beren habarçy 5-nji awgustda gürrüň berdi.
Habarçy şu günüň birinji ýarymynda bankomatlarda nagt puluň tapdyrandygyny, emma olaryň örän haýal işländigini hem belledi. Şeýle-de, ol “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň Mary şäherindäki şahamçasynda bir bankomatyň işleýändigini we ondangünortana çenli diňe 47 adamyň öz aýlygyny nagtlaşdyryp bilendigini hem nygtady.
“Günortan wagty golaýlanda, ‘arabaglanyşyk ýok, günortandan soň pul berler. Häzir günortanlyk naharyna çykýarys’ diýip, bankyň içinde oturan bir polisiýa işgäri aýtdy. Günortandan soňra bu bankda ýagdaýyň nähili boljagy belli däl” diýip, habarçy belledi.
Aýdylmagyna görä, maryly ýaşaýjylar gije sagat 10:00-dan başlap, bankomatlaryň öňünde nobata ýazylýarlar. Nobat depderçesini aýlyklaryny nagtlaşdyrmaga barýan adamlar tutýarlar. Olaryň arasynda beýleki edara-kärhanalar bilen bir hatarda, welaýat bilim bölüminiň, “Türkmengaz” döwlet konserniniň işgärleri we harbylar bar.
“Bu adamlar hiç ýatman, özara gürrüň edip, ertir irdene çenli garaşýarlar. Uklaman nobatyna garaşýan adamlaryň käbiri pul alyp bilse-de, käbiri alyp bilmeýär. Şol sebäpden olar ‘şu gün agşam, düýnkiden has irräk nobat belläris’ diýip, özlerini köşeşdirýärler. Käbir adamlar entek iýun aýy üçin zähmet haklaryny hem alyp bilmeýärler” diýip, habarçy aýtdy.
Onuň sözlerine görä, bank resmileri ýa-da beýleki türkmen häkimiýetleri bankomatlarda pul ýetmezçiliginiň sebäpleri barada ilat köpçüligine hiç hili düşündiriş bermeýärler.
Azatlyk Radiosy Mary şäheriniň bankomatlarynda dowam edýän nagt pul ýetmezçiligi we onuň sebäpleri barada kommentariý almak üçin Türkmenistanyň Merkezi, “Senagat”, “Türkmenistan” we “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik banklarynyň Marydaky şahamçalary bilen habarlaşmak synanyşyklary netije bermedi.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy bankomatlaryň öňünde adamlaryň uly nobatlarynyň döremegi bilen bagly ýagdaýyň anna gününden bäri dowam edýändigini aýdyp, geçen hepdäniň ahyrynda şäheriň käbir banklarynda bolan ýagdaýlary hem gürrüň berdi.
“3-nji awgustda sagat 07:00-da “Türkmenistan” bankynyň derwezesi açylanda, 7 adamdan saldylar, sebäbi onda 7 bankomat işleýärdi. Şol bankomatlardaky pul 400-e golaý adama ýetip, sagat 09-00-a çenli pul gutardy. 2-nji awgustda adamlar gije sagat 12:00-dan başlap “Türkmenbaşy” bankynda nobata durdylar. Olaryň sany 500-den geçýärdi. Ýöne irden sagt 07:00-da bankyň derwezesi açylanda, bank işgärleriniň biri adamlara ‘bankomatlar boş’ diýdi, şonda adamlar gygyryşyp, biz sutkalap ýatamyzok, öňünden aýtsaňyz ýa-da bildiriş assaňyz bolmaýarmy diýip, nägileligini görkezdi” diýip, habarçy aýtdy.
Şuňa meňzeş ýagdaý 3-nji awgustda “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynda hem gaýtalanyp, bu bankyň öňünde gijesi bilen ýatman, nobata depderçesine atlaryny ýazdyran adamlaryň sany 217-ä ýetipdir.
“Şol güni ‘Senagat’ banky sagat 09:00-da açyldy, emma nobatdaky 31-nji adam girende, bankomatdaky pul gutardy. Soňra adamlaryň her biri pul gözleginde başga bankomatlaryň ýerleşýän ýerine gitdi. Umuman, adamlar alaçsyz şäheriň dürli künjegine aýlanyp, pully bankomat gözleýär” diýip, habarçy aýtdy.
Mary welaýatyndaky bankomatlarda nagt pul ýetmezçiligi we olaryň öňündäki uly nobatlar barada “Türkmen.news” neşiri hem wideo çap etdi. Gijäň ýarynda düşürilen we 3-nji awgustda neşiriň “Instagram” sahypasynda çap edilen bu wideoda nobata duran ýaly bolup görünýän onlarça adamyň dürli sözler bilen öz nägileligini beýan edýändigini eşitse bolýar.
Şu aýyň başyndan bäri, hususan-da, 10 günden gowrak wagt bäri Mary şäheriniň we welaýatyň tas ähli etraplarynyň bankomatlarynda nagt pul ýetmezçiligi ýiti duýulýar we olaryň öňünde adamlaryň uly nobatlary dowam edýär.
Howanyň gyzgynlygy 44-45 gradusa çenli ýetýän şu günlerde nobata duranlaryň arasynda huşundan gidip, ýykylýan adamlaryň hem bardygyny, Azatlyk Radiosynyň habarçylary habar berýär.
Türkmenistanlylar öz plastik bank kartlaryna geçirilen zähmet, talyp we pensiýa haklaryny, şeýle-de kömek pullaryny diňe bankomatlar arkaly nagtlaşdyryp bilýärler. Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurtda nagt däl söwdanyň hem kadaly ýola goýulmandygyny yzygiderli habar berýärler.
Türkmenistanyň häkimiýetleri we media serişdeleri Marynyň bankomatlarynda emele gelen nagt pul ýetmezçiliginiň sebäpleri we munuň ilata ýetirýän täsirleri barada düşündiriş ýa-da maglumat bilen çykyş etmän gelýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.