Aşgabatda amerikan dollarynyň “gara bazardaky” nyrhy gaýtadan gymmatlap, 1-nji aprelde onuň bahasy 19 manatdan hem aşdy.
“Geçen hepdäniň başyna çenli 1 dollar 18 manat 10-20 teňňeden satyn alnan bolsa, şondan soň 18 manat 40-60 teňňeden satyn alnyp başlandy. 31-nji martdan başlap dollaryň bahasy ýene ýokarlandy. Söwdegärler 100-200 dollary 18 manat 80-90 teňňeden satyn alýarlar. Eger 300 dollardan ýokary bolsa, ony ortaça 19 manat 10-20 teňňeden satyn alýarlar” diýip, Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçysy 1-nji aprelde gürrüň berdi.
Habarçy geçen hepdäniň ikinji ýarymynda tutuş şäher boýunça söwdegärleriň dollary tas satmandygyny, diňe satyn alandygyny aýdyp, şu günler-de ony köplenç satmajak bolýandyklaryny belleýär.
“Aşgabatda 1 dollary 19 manat 30 teňňeden satyn almaga taýýar adamlar bar. Ýöne olar hem dollary aňsatlyk bilen satyn alyp bilenoklar” diýip, habarçy aýtdy.
Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan dollar söwdegärleriniň ençemesi dollaryň gymmatlamagyna – resmi taýdan tassyklanmadyk, ýöne inkär hem edilmeýän – iki faktyň sebäp bolýandygyny aýdýarlar.
“Birinjiden, indi gara bazara gözegçiligiň güýçlendiriljekdigi barada gürrüňler bar. Şonuň üçin dollary satmak we satyn almak juda kynlaşjakmyşyn – bu diňe il içinde ýaýradylýan gürrüňmi ýa-da hakykatmy belli däl. Ikinjiden, her niçigem bolsa, öň ýurduň daşyndan dollar getirilýärdi. Şol hem azaldy. Bazara dollar gelmese, ol gyt zada öwrülýär. Şeýlelikde, bahasy gymmatlaýar” diýip, paýtagtyň “Älemgoşar” bazarynyň golaýynda dollaryň “gara” söwdasy bilen meşgullanýan paýtagtly anonim şertde Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.
Habarçynyň sözlerine görä, ýurtda amerikan dollarynyň “gara bazardaky” nyrhynyň gymmatlamagy mundan iki hepde çemesi ozal başlandy. Şonda Daşoguzda 1 dollaryň bahasy 19 manat 50 teňňä ýetdi.
Şeýle-de, 30-njy martda Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky beýleki bir habarçysy hem paýtagtyň käbir künjeginde 1 amerikan dollarynyň “gara bazardaky” bahasynyň 18 manat 90 teňňä ýetendigini habar beripdi.
2015-nji ýylyň ýanwaryndan bäri Türkmenistanyň Merkezi banky nagt görnüşinde satyn alyp bolmaýan dollaryň resmi kursuny 3 manat 50 teňňe möçberinde saklap galýan mahaly, türkmen häkimiýetleri onuň “gara bazardaky” nyrhynyň bäş esseden hem köp ýokarlanmagy barada hiç zat aýtman gelýärler.
Türkmenistanyň döwlet mediasy galp dollar söwdasy bilen baglylykda tutulandygy aýdylýan adamlaryň aglap “toba edýän” pursatlaryny wagtal-wagtal görkezse-de, ýerli synçylaryň we ýaşaýjylaryň, şeýle-de Azatlygyň ýurt içindäki habarçylarynyň ençemesi dollaryň “gara bazardaky” söwdasynyň aç-açan diýen ýaly amala aşyrylýandygyny aýdýarlar.
Halkara ekspertleriniň birnäçesi dünýäde energiýa serişdeleriniň bahalarynyň arzanlamagy bilen, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň gowşandygyny aýdýar.
Geçen ýyl ýurtda ilata 25 ýyldan gowrak wagt ýeňillikli bahadan ýa-da mugt berlen elektrik energiýasy, gaz we suw tölegli edildi. Şeýle-de, azyk harytlarynyň gymmatlamagy bilen bir hatarda, ýurtda un, çörek, şeker, ösümlik ýagy we ýumurtga ýaly önümleriň gytçylygy dowam edýär.
Maglumat üçin aýtsak, 2018-nji ýylyň iýun aýynda Aşgabatda we Daşoguzda dollaryň “gara bazardaky” bahasy resmi kursdan tas sekiz esse gymmatlap, 27 manada ýetipdi.