"Bloomberg" Türkmenistandaky ýagdaýa gülüp oňmagyň ýeterlik däldigini, sanksiýa zerurlygyny ýaňzydýar

Aşgabatda yssy howada işleýän raýat.

Halkara mediasynda wagtal-wagtal kinaýa, ýaňsy bilen agzalýan türkmen režimi barada soňky günlerde efire berlen satiriki gepleşiklerden soň, “Türkmenistandaky ýaly ýuwaş zulumkeşligiň gülerlik mesele däldigini” aýdýanlar köpelýär.

Angliýada doglan amerikan şortasy Jon Oliweriň türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsyýet kulty hakynda taýýarlan uly göwrümli, şol bir wagtda ikinji gepleşiginden soň, demokratik ýurtlarda ýaşaýan adamlar üçin juda gülkünç bolup görünýän türkmen reallyklary meseläniň beýleki tarapyna, bu hili düzgünde ýaşaýan ýönekeý adamlaryň kynçylyklaryna hem ünsi çekdi.

Türkmenistandaky adamlaryň ozal ilkinji prezident Saparmyrat Nyýazow döwründe, soňra Gurbanguly Berdimuhamedowyň dolandyryşy astyndaýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryny ilki esasan twitter ulanyjylar ýatladan bolsa, ýagny Türkmenistanda emele gelen ýagdaýyň gülkünç däldigi aýdylan bolsa, “Bloomberg” neşiri 15-nji awgustda bu meselä ýörite makala bagyşlady.

Degişli maglumat Dünýä belli satira gepleşikleri Berdimuhamedow baradaky degişmeleri dowam edýär – bu sapar Jon Oliwer çykyş etdi

Neşiriň “Pikir” bölüminde çap edilen makalanyň awtory Leonid Berşidskiý Türkmenistandaky ýaly ýuwaş zulumkeşlikleriň gülerlik mesele däldigini ýatlatmak bilen, Jon Oliweriň degişmelerini bir gapdala goýsak, ýurduň gülkünç Ginnes rekordlary onuň toksik, ýagny zäherli däldigini asla aňlatmaýar diýýär.

Berşidskiniň ýazmagyna görä, Jon Oliweriň türkmen reallyklary baradaky soňky satiriki gepleşigine, adaty tomaşaçylaryndan başga, YouTube kanalynda 3.6 milliondan gowrak tomaşa edilipdir. Awtor bu satiriki gepleşigiň dünýäniň metbugat azatlygy meselesinde Demirgazyk Koreýadan hem aşakda goýlan iň syrly ýurduna günbatar gözegçilerini ünsüni çekendigini hem belläp geçýär.

Azatlygyň ozal habar beşi ýaly, Oliweriň Berdimuhamedowyň atdan ýykylyşy şekillendirilen iň uly mermer torty Ginnesiň rekordlaryna girip bilmedi. Ýöne bu ýerde mesele, Berşidskiniň pikiriçe,Günbatar dünýäsiniň kän göze ilmän saklanýan zulumkeşlere çemeleşmesinde.

Degişli maglumat Berdimuhamedowyň ştanga göterýän wideosy dünýä belli satira gepleşiginde görkezildi (WIDEO)

Makalada aýdylmagyna görä, Ginnesiň dünýä rekordlarynyň sudýalaryny çagyrmak müňlerçe dollara düşýär. Muny etmek üçin, Berdimuhamedowyň edişi ýaly, dünýäniň tebigy gaz ätiýaçlyklarynyň 10 prosentiniň üstünde oturmak hökman däl.

“Bu ýerde başga bir zat bolup geçýär” diýip, Berşidskiý ýazýar. Ginnesiň dünýä rekordlary guramasy onuň Türkmenistan baradaky soragyna “özüniň syýasy gurama däldigini we, mysal üçin, jandarlara ýowuz daraşmak we mejbury zähmet bilen bagly üstünliklerden gaça durýandygyny, şol bir wagtda Türkmenistany we onuň rekorda aç prezidentini beýle zäherli we zulumkeş hasaplamaýandygyny, sebäbi onuň barlygyndan juda az adamyň habarlydygyny” aýdyp jogap beripdir.

Türkmenistan ýadro ýaraglaryny edinjek ýa uruşjak bolmaýar. Başga tarapdan, bu ýurduň hökümeti dünýä özi hakynda mümkin boldugyça az zat aýdýar. Seniň nireden geljegiňe garamazdan, bu ýurda wiza almak hem örän kyn, hatda Bütindünýä Walýuta fondy hem Türkmenistanyň ykdysadyýeti hakyndaky yzygider synlaryny çap etmegini togtatdy diýip, makalada aýdylýar.

“Oliwer Berdimuhamedowy ata aşa aşyk bolmakda aýyplady, ondan bäri üç gün geçdi, emma muňa resmi reaksiýa bildirilmedi” diýip, Berşidskiý ýazýar. 2016-njy ýylda, türk prezident Rejep Taýyp Erdogan bilen şuňa meňzeş waka bolanda, ol gezek geçiler bilen ilteşikli, Erdogan nemes şortasy Jan Boehmermannyň kanun esasynda jogapkärçilige çekilmegini talap etdi diýip, makalada aýdylýar.

Başgaça aýdylanda, Berdimuhamedow Hytaýa gaz satyp, hezil edip oturmaga kaýyl, ol siňegi hem ynjytmaz diýip, awtor soňra munuň edil beýle däldigini ýatladýar we bu sözüne türkmen türmelerindäki syýasy tussaglary, diri ýitendigi aýdylýan 120-den gowrak dissidenti delil getirýär.

Degişli maglumat ABŞ-nyň bäş senatory tussaglykdaky dissident Gulgeldi Annanyýazowyň boşadylmagyna çagyrýar

Şol bir wagtda-da awtor türkmen lideriniň öz ilatyna edýän zatlarynyň "hiç kimiň işi däldigini, sebäbi onuň başgalaryň işine gatyşmaýandygyny" belleýär.

Berşidskiniň pikiriçe, bu hili ýuwaş diktaturalaryň dowam etmegi (olar beýle az hem däl) Günbatar sanksiýalarynyň esasan bähbitler bilen baglydygyny, gymmatlyklar bilen bagly däldigini subut edýär.
“Türkmenistana garşy hiç bir sanksiýa girizlmedi: Onuň Birleşen Ştatlar bilen hem iň ileri tutulýan ýurt hökmünde söwda ylalşygy bar. Oliwer Berdimuhamedowa ünsi çekip, dogry etdi, ýöne bu diňe gülki üçin bolmaly däld” diýip, düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän “Bloomberg” neşiriniň 15-nji awgustda çap edilen makalasynyň soňunda aýdylýar.