“Çagalarymyzyň öz janyna kast etmeginden alada edip, Soňky jaň üçin prosentine karz pul alýarys"

Türkmenistanda geçirilen Soňky jaň dabaralarynyň biri. Arhiwden alnan surat

Türkmenistanyň orta mekdeplerinde 11-nji synpy, ýagny mekdebi tamamlaýan okuwçylar üçin Soňky jaň dabaralarynyň geçirilmegine bir gün galanda, ene-atalaryň ençemesi bu dabara üçin edilýän çykdajylaryň aşa köpdüginden şikaýat edýär.

Şol bir wagtda, olar çagalarynyň öz janyna kast etmeginden alada edip, Soňky jaň dabaralary üçin prosentine karz pul almaly bolýandyklaryny aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçylarynyň biri bilen söhbetdeş bolan saýatly ene-atalar 25-nji maýda bellenilýän bu dabara we ondan soňky çäreler üçin her okuwçynyň ortaça 2 müň manat çykdajy etmeli bolýandygyny gürrüň berdiler.

“Saýat etrabynda mekdep okuwçylary gutardyş dabaralary üçin diýip azyndan 3 eşik tikinýärler. Mugallymlara sowgat almak, mekdebi bezemek we beýleki çäreler üçin pul ýygnaýarlar. Bularyň ählisi ortaça 2 müň manada düşýär” diýip, anonim şertde maglumat beren habarçy 23-nji maýda gürrüň berdi.

Degişli maglumat Soňky jaň dabaralary üçin edilen çykdajylar köp maşgalalara agram saldy

Ol ýurtdaky ykdysady kynçylyklar bilen baglylykda, ene-atalaryň köpüsiniň bu pul serişdesini sarp etmäge maddy mümkinçiliginiň ýokdugyny aýdýar.

“Häzirki wagt öz janyna kast eden çaga ýok. Ýöne beýleki etraplarda ýa-da welaýatlarda şeýle wakalaryň bolandygy barada gürrüňler boldy. Ene-atalar çagasy öz-özüne bir zat eder diýip gorkýarlar. Şol sebäpli olar çagalary klasdaşlarynyň arasynda kemsinmesin diýip, karzyna pul aýlarlar we gymmatbaha matalary satyn alýarlar, ýygnalýan puly berýärler” diýip, habarçy belledi.

Azatlyk Radiosynyň ýokarda gürrüňi edilýän ýagdaýlar barada Saýat etrabynyň Bilim bölüminden kommentariýa almak synanyşyklary netije bermedi.

Türkmenistanyň orta mekdepleriniň aglabasynda okuwy tamamlaýan okuwçylaryň mekdep ýolbaşçylary, mugallymlary üçin alynjak sowgatlara, mekdebiň bezegine, konsertde çykyş etjek aýdymçylaryň tölegine, agşam restoranda geçiriljek oturyşlyga, Soňky jaň dabarasynda we uçurym suratlarynda geýjek egin-eşiklerine müňlerçe manat möçberinde çykdajy edilýändigi barada, Azatlyk Radiosy öňki ýyllarda hem habar beripdi.

Şeýle-de, ene-atalar bu dabaralar üçin pul serişdesini bermekden saklananda, çagalaryň öz janyna kast etmek synanyşygyna çenli alyp barandygy barada habarlar hem bar.

Geçen ýylyň 25-nji maýynda Azatlyk Radiosynyň Daşoguz welaýatyndaky çeşmeleriniň biri “pul meselesi sebäpli Boldumsaz etrabynyň 33-nji mekdebiniň 11-nji klas okuwçylarynyň biriniň öz öýünde özüni asmakçy bolanda, ony doganlarynyň aman saklap galandygyny gürrüň berdi.

“Şuňa meňzeş ýagdaýlaryň beýleki etraplaryň käbirinde-de bolandygy barada maglumatlar bar” diýip, çeşmämiz gürrüň beripdi.

Ýetginjekleriň psihologiýasyny öwrenýän täjigistanly psiholog Mahmudşo Kabirow ýaşlaryň arasynda öz janyna kast etmek ýaly wakalaryň döremegine sebäp bolýan esasy faktorlaryň birnäçesini agzap, munuň ýaşlar bilen ene-atalaryň arasyndaky pikirleniş konflikti we gymmatlyklaryň üýtgemegi, jemgyýetiň ösüşiniň dürli etaplary bilen baglanyşyklydygyny aýdýar.

“Häzir öňki sowet respublikalarynyň aglabasynda nesilleriň arasyndaky konflikt dowam edýär. Ýagny bir tarapda, sowet döwründe ulalan ene-atalar bar. Olar adamlaryň ýeter-ýetmezçilikde-de ýaşap bilýändigine düşünýärler. Beýleki tarapda XXI asyrda ulalan ýaşlar bar. Olaryň talaplary, maglumatlardan habarlylyk derejesi düýbünden başgaça. Olar öz janyna kast etmek barada haýbat atyp, öz maksatlaryna ýetjek bolýarlar. Gynansak-da, käte betbagtçylyklar hem bolýar” diýip, Kabirow aýdýar.

Degişli maglumat Soňky jaň näçä durýar?

Ol “jemgyýetiň ösüşiniň dürli etaplary bolýar” diýip, Sowet Soýuzy dargandan soňra, öňki sowet ýurtlarynda jemgyýetiň talaplarynyň dünýäniň ösen döwletlerindäkiden tapawutlydygyny hem belleýär.

“Bu döwletler eýýäm bu etapdan geçdi. Ýöne Türkmenistan ýaly ösüp barýan ýurtlarda jemgyýetyň talaplary ykdysady nukdaýnazardan ybarat bolýar. Jemgyýetiň agzalary gowy egin-eşik geýesi gelýär, gowy awtoulag süresi gelýär, gowy ýerlere gidesi gelýär. Jemgyýet şu talaplardan geçmeli. Haçan-da, şu talaplar jemgyýete aňsatlyk bilen elýeterli bolanda, şonda has ýokary talaplar, gymmatlyklar döreýär. Ýöne bu döwürde ýetginjekleriň öz janyna kast etmegi ýaly betbagtçylyklaryň öňüni almak üçin ene-atalar bilen ýaşlaryň arasynda söhbetdeşlikler geçirilmeli, hökümet tarapyndan spesialistiň kömegi hödürlenmeli, maşgalalaryň maddy mümkinçiligi öwrenilip, şoňa görä bu dabaralaryň näderejede bellenilmelidigi barada hökümet tarapyndan käbir çäreler görülmeli” diýip, täjigistanly psiholog Mahmudşo Kabirow aýtdy.

Türkmenistanyň resmi mediasynda ýurduň orta mekdeplerinde Soňky jaň dabaralarynyň uly şowhun bilen geçirilýändigi aýdylsa-da, ene-atalaryň we okuwçylaryň bu çärelere sarp etmeli bolýan maliýe serişdesi we onuň maşgalalara ýetirýän täsirleri barada hiç zat aýdylmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Rus dilinde hem okaň