Täjigistandan Türkiýä ýük daşaýan ýük ulaglarynyň 100-e golaýy Özbegistanyň serhedinden Türkmenistanyň territoriýasyna geçirilmeýär.
“Täjigistandan dürli firmalar üçin pagta, ýüpek we mis ýaly önümleri getirýän ýük ulag sürüjileriniň Türkmenistanyň territoriýasyndan tranzit geçmegine 26 gün bäri rugsat berilmeýär” diýlip, iha.com.tr neşiriniň 16-njy maýda çap eden habarynda aýdylýar.
Degişli maglumat Türkmenistan Täjigistana ýük daşaýan ýük ulaglary ýene öz territoriýasyndan geçirmeýär20-nji maýda Azatlyk Radiosy Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky Alat-Farap Baçhana posty bilen habarlaşanda, jogapkär resmi Täjigistandan ýük getirýän sürüjileriň heniz hem Türkmenistanyň territoriýasyna geçirilmeýändigini tassyklady.
Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli anonim şertde maglumat beren özbek resmisi ýük ulaglarynyň saklanmagyna özbek tarapyndan hiç hili päsgelçiligiň ýokdugyny, bu meseläniň Türkmenistan bilen baglanyşyklydygyny belledi.
iha.com.tr neşirine maglumat beren Jihan Tunç atly türk sürüjisiniň (Cihan Tunç) aýtmagyna görä, bu meseläni häzirlikçe ne Özbegistanyň resmileri, ne-de özleriniň işleýän firmalary çözüp bilýärler.
Türkiýäniň Özbegistandaky ilçihanasy bilen habarlaşandyklaryny, emma ilçihananyň özlerine hiç zat edip bilmejekdiklerini mälim edendigini aýdan başga bir türk sürüjisi ençeme gün bäri serhetde garaşýandyklaryny belledi.
“Bu meseläni diňe türk hökümeti çözüp biler. Ähli resmilere seslenýärin, bizi eýesiz goýmaň. Bu ýerde Eýranyň 3 sany ýük ulagy bardy. Bu mesele bilen Eýranyň ilçihanasy gyzyklanandan soňra, olary dessine serhetden goýberdiler. 30 güne golaý wagt bäri şu ýerde garaşýarys” diýip, Heýbet Altekin atly türk sürüjisi iha.com.tr neşirine beren maglumatynda aýtdy.
Türk ýük ulag sürüjileri alternatiw ýol hökmünde özlerine Gazagystanyň territoriýasyndan tranzit geçmegiň maslahat berlendigini hem aýdýarlar. Ýöne olar wiza problemasy, şeýle-de gazak hökümetiniň 22 tonnadan artyk bolan ýük ulaglaryny kabul etmezligi we goşmaça pul tölemegi talap etmegi ýaly meseleler sebäpli bu alternatiwadan peýdalanyp bilmeýändiklerini belleýärler.
Türkmenistanyň Täjigistana ýük çekýän ulaglary öz territoriýasyndan tranzit geçirmezligi bilen bagly waka ilkinji gezek geçen ýylyň awgust aýynyň ahyrynda ýüze çykypdy.
Degişli maglumat Türkmenistanyň gadagançylygynyň fonunda Täjigistan Baku bilen gepleşikleri geçirýärŞonda türkmen-eýran serhedinden geçip bilmän galan ýük ulag sürüjileri özleriniň Türkmenistanyň giňişligine goýberilmezliginiň sebäplerini bilmeýändiklerini aýdypdylar.
Geçen ýylyň sentýabr aýynyň ortalarynda resmi Aşgabat Türkmenistanyň üstünden tranzit Täjigistana barýan ýük ulaglaryň howpsuzlyk sebäpli türkmen serhedinde saklanýandygyny aýtdy. Türkmen tarapynyň bu düşündirişiniň nämäni aňladýandygy henize çenli nämälim bolup galýar.
Bu wakadan birnäçe hepde soňra türkmen häkimiýetleriniň Täjigistana barýan ýa-da ondan gelýän ýük ulaglary öz territoriýasyndan tranzit geçirip başlandygy mälim bolsa-da, şu ýylyň fewral aýynda bu gadagançylygyň gaýtadan güýje girendigi habar berildi.
Şonda Türkmenistan sebäplerini aýdyňlaşdyrman we öňünden hiç hili duýduryş bermän, täjik ýük ulaglarynyň öz territoriýasyndan geçmegini gadagan etdi.
Degişli maglumat Täjigistanly ulag eýeleri Türkmenistanyň tranzit gadagançylygy zerarly maddy zyýan çekýärler.WIDEOMunuň netijesinde, Türkmenistanyň Eýran bilen serhet araçägindäki “Sarahs” geçelgesinde we Türkmenistanyň Özbegistan bilen serhet araçägindäki “Farap” geçelgesinde onlarça täjik ýük ulagy saklanyp galdy.
19-njy martda Täjigistanyň Ykdysady ösüş we söwda ministrligi täjik ýük ulaglaryny Azerbaýjanyň giňişliginden tranzit geçirmek üçin Baku bilen gepleşikleriň geçirilýändigini mälim etdi.
Bakuwyň portundan Hazar deňziniň we soňra Gazagystanyň üsti bilen geçiljek marşrut Türkmenistandan geçilen ýol bilen deňeşdirilende öňküsinden 1000 kilometr çemesi uzyn bolýar.
Şeýle-de, bu marşrut maliýe taýdan hem öňküsinden ep-esli gymmada düşýär. Ýöne häzirki wagt Täjigistana ýa-da ondan ýük çekýän ýük ulag sürüjileri üçin bu marşrut ýeke-täk alternatiwa ýaly bolup görünýär.