S.Nyýazowyň janyna kast etmek synanyşygynda aýyplananlaryň biri türmeden boşadyldy

Gözenegiň arkasynda duran ýerinden daşardaky tämiz howadan dem alýan tussag.

“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň “janyna kast etmek synanyşygy” diýilýän iş boýunça ýyl kesilenleriň biri Seýran Mämmedowyň 3-nji maýda azatlyga çykandygyny habar berýär.

Bu maglumaty Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmeleri hem tassykladylar.

Resmi türkmen mediasy sosial ulgamlarda 4-nji maýda çykan çykan habara häzirlikçe hiç bir reaksiýa bildirmedi.

Adam hukuklaryny goramak bilen meşgullanýan “Türkmen inisiatiwasy” toparynyň neşiriniň “maglumatyna görä, Seýran Askerowiç Mämmedow 2004-nji ýylyň oktýabrynda Aşgabat şäheriniň Nyýazow adyndaky etrap sudy tarapyndan, berk düzgünli türmede saklanmak şerti bilen, 15 ýyl azatlykdan mahrum edildi.

“Gündogar” habar neşiriniň “Olary diri görkeziň” atly halkara adam hukuklary kampaniýasyna salgylanyp ýazmagyna görä, 1957-nji ýylda doglan S.Mämmedow 2004-nji ýylyň 19-njy iýulynda tussag edildi.

Degişli maglumat Ozalky general Tirkiş Tyrmyýew türmede aradan çykdy

Ýokary bilimli stomatolg bolan Mämmedowa, neşiriň maglumatyna görä, Türkmenistanyň Oba hojalygy ministriniň ozalky orunbasary Saparmyrat Yklymowyň garyndaşlaryna serhetden bikanun geçmäge kömek bermek aýyplamasy bildirilipdir.

S.Yklymow atdaşy S.Nyýazow tarapyndan “kast ediş synanyşygy” diýilýäniň esasy guramaçylarynyň biri bolmakda aýyplandy.

TH-nyň maglymatyna görä, Mämmedow Baýramaly şäherindäki koloniýadan boşadyldy.

“Gündogar” neşiri türkmen resmileriniň 2018-nji ýylyň iýunynda Mämmedowyň Tejendäki türmede saklanylýandygyny aýdandygyny, emma bu maglumatyň garaşsyz çeşmeler tarapyndan tassyklanylmandygyny habar berýär.

Degişli maglumat Türkmen häkimiýetleri ony öli görkezdiler

Şeýle-de neşir türkmen resmileriniň Mämmedowa yzyndan iberilen zatlary almak, garyndaşlary bilen duşuşmak rugsady berildi diýendiklerini belleýär.

2002-nji ýylyň 25-nji noýabrynda bolandygy aýdylýan waka bilen baglylykda “25-nji noýabrçylar” diýen at alan tussaglaryň hossarlarynyň köpüsi öz ýakynlaryny tussag edilen wagtlaryndan bäri uzak wagtlap görüp bilmeýändiklerini, olar bilen hat alyşmak, telefonda gürleşmek, bolmanda yzlaryndan derman, azyk, ýyly eşik geçirmek mümkinçlikleriniň hem döredilmändigini aýdyp geldiler.

Halkara guramalary resmi Aşgabadyň adam hukuklary boýunça öz üstüne alan borçlaryny ýatladyp, häkimiýetleri türkmen türmelerinde “diri ýitenler” diýilýänleriň ykbaly, ýerleşýän ýerleri hakynda maglumat bermäge, syýasy tussag, wyždan bendisi hasaplanylýan adamlary gaýtadan, adalatly sud etmäge çagyryp gelýärler.

Degişli maglumat "Hukugy çäklendirmek zorluga eltýär"

2013-nji ýylda, onlarça halkara hukuk toparynyň bir koalisiýa birleşmeginde, türkmen türmelerinde ýitirim bolan onlarça adamyň ykbalyna ünsi çekmek üçin döredilen “Olary diri görkeziň!”kampaniýasy “mejbury ýitirim bolanlaryň” sanynyň ýüz adamdan hem geçýändigini habar berýär.

S.Nyýazowyň janyna kast etmek işi bilen baglylykda türmä basylan tussaglaryň käbiri soňky ýyllarda tussaglykda wepat boldy we olaryň jesetleriniň garyndaşlaryna jaýlamak üçin berlendigi barada habarlar çykdy. Emma resmi Aşgabat bu habarlara hiç hili düşündiriş bermedi.