Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Memorial': Owadan-depe türmesinde tussaglara garyndaşlary bilen görüşmäge ilkinji gezek rugsat berildi


Türkmenistanyň türmesi (arhiw suraty)
Türkmenistanyň türmesi (arhiw suraty)

Owadan-depedäki ýapyk türmede saklanýan tussaglaryň otuzdan gowragyna, şol sanda wyždan ýesirlerine öz garyndaşlary bilen görüşmäge rugsat berildi diýip, adam hukuklaryny goraýjy "Memorial" guramasy habar berýär.

Читайте также на русском

Guramanyň 9-njy iýulda çap eden maglumatyna görä, ýakynlary bilen görüşmäge rugsat alan bendileriň arasynda "Nurjylar guramasy" diýilýän toparyň dört agzasy bar. Türk yslamçy akyldaryň eserlerini öwrenýän bu toparyň agzalarynyň käbiri 2017-nji ýylyň maý we iýun aýlarynda Balkan we Mary welaýatlarynda tussag edilipdi.

"Ynamdar çeşmeden gowşan informasiýa görä, 2018-nji ýylyň 28-nji iýunynda, şol sanda "yslam ekstremizmi" diýilýän aýyplamalar boýunça tussag edilenleriň 30-dan gowrak garyndaşy Aşgabatdan awtobusly üzňeleşdirilen Owadan-depe kompleksine alnyp baryldy. Bu ýerde olar suddan soň ilkinji gezek öz ýakynlaryny görüp bildiler we olar bilen 40 minudyň dowamynda gepleşip bildiler" diýlip, "Memorialyň" maglumatynda aýdylýar.

Aşgabatdan 70 kilometr çemesi uzaklykda ýerleşýän Owadan-depe obasynyň golaýyndaky türme üzňeligi we bendileriň aýylganç şertlerde saklanmagy bilen tanalýar.

Adam hukuklaryny goraýjylaryň maglumatlaryna görä, Türkmenistanda syýasy matlaply tussag edilenleri hut şu ýere ugradýarlar.

"Memorial" guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça programmasynyň müdiri Witaliý Ponomarýowyň bellemegine görä, Owadan-depedäki türme 2003-nji ýylda esaslandyrylaly bäri Türkmenistanyň iň üzňeleşdirilen tussaghanasy bolup, ozal tussaghananyň territoriýasynda bendiler bilen görüşmäge rugsat berilmeýärdi.

Witaliý Ponomarew: Türme Owadan-depede 2003-nji ýylda esaslandyrylaly bäri, tussaglaryň garyndaşlary bu ýere hiç wagtda goýberilmändi we häzirki ýagdaýda olaryň tussaglar bilen görüşmegi, elbetde, halkara basyşy astyndaky täze bir möhüm ädimdir.

Adam hukuklaryny goraýjy "Memorial" guramasynyň maglumatynda bellenişine görä, halkara kadalaryna we milli kanunlaryň düzgünlerine garamazdan, 2003-nji ýyldan bäri Owdan-depe türmesindäki syýasy tussaglaryň ähli toparlaryna gizlin tabşyryklaryň esasynda ýakynlary bilen görüşmek gadagan edilipdir, jenaýat işleri boýunça tussag edilenler üçin bolsa käbir seýrek halatlarda türmäniň daşynda görüşmäge rugsat berlipdir. Türkmenistanyň 2011-nji ýylda ähli tussaglaryň görüşmäge we hat alyşmaga hukugyny göz öňünde tutýan täze Jenaýat kodeksini kabul etmeginden soň hem ýagdaý üýtgemedi diýlip, maglumatda bellenýär.

"Memorial" guramasynyň maglumatynda Türkmenistanda syýasy tussaglaryň ýüzlerçesiniň häzirki wagta çenli daşky dünýäden üzňe saklanýandygy, häkimiýetleriň olaryň ýerleşýän ýerlerini mälim etmekden ýüz öwürýändigi bellenýär.

"Bar bolan magumatlara görä, syýasy tussaglaryň dürli toparlary babatynda aýra-başga syýasat ýöredildi: şeýlelikde, Içeri işler ministrliginiň jezany ýerine ýetirmek boýunça Aşgabatdaky departamentinde käbir tussaglaryň yzyndan eltilýän zatlary olaryň maşgalalaryndan alyp galýardylar, emma olaryň görüşmegini we hat alyşmagyny ret edýärdiler; beýleki tussaglar ýyllarboýy daşky dünýäden doly üzňelikde saklandy, hatda olaryň garyndaşlaryna bendiniň ýerleşýän ýerini ýa-da ýogalan bolsa jaýlamak üçin jesedini bermediler" diýlip, maglumatda bellenýär we şeýle diýilýär: "Türkmenistanda syýasy tussaglar babatynda suduň kararynda has ýumşak tussaglyk şertler göz öňünde tutulýan hem bolsa, olary Owadan-depä ibermek boýunça bikanun tejribeler hem boldy".

Halkara guramalarynyň maglumatlaryna görä, dürli ýyllarda syýasy matlaply tussag edilen ýüzlerçe adamyň, şol sanda 2002-nji ýylda şol wagtky prezident Saparmyrat Nyýazowyň janyna kast etmäge synanyşykda aýyplanan adamlaryň, şeýle-de öňki ýokary wezipeli resmileriň birnäçesiniň tussaglykdan soňky ykbaly häzire çenli nämälim galýar.

"Olary diri görkeziň!" atly halkara kampaniýasynyň düzen türkmen türmesinde dereksiz ýitenler sanawynda 113 adamyň ady görkezilýär. Soňky iki ýylyň dowamynda türkmen häkimiýetleri şol sanawdan birnäçe adamyň jesedini olaryň garyndaşlaryna jaýlamak üçin berdiler.

Abraýly halkara guramalary we günbatar hökümetleri Türkmenistanda raýatlaryň hukuklarynyň we esasy azatlyklarynyň gödek depelenişine uly aladalanma bildirip gelýärler.

Owadan-depe türmesiniň bendileriniň öz ýakynlary bilen görüşmegi, habar berilişine görä, 28-nji iýunda guramalaşdyrylypdyr. Munuň öňüsyrasynda ABŞ-nyň ÝHHG-däki ilçisi öz ýurdunyň Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýyna çynlakaý aladalanma bildirýändigini aýdyp, tussaglar barada maglumatyň we olaryň ýanyna barmaga rugsat berilmeginiň zerurlygyny nygtady.

Halkara hasabatlarynda Türkmenistan ýyllarboýy dünýäde adam hukuklary boýunça iň erbet ýagdaýly ýurt hökmünde häsiýetlendirilýär. Emma Türkmenistanyň hökümeti ýurduň öz üstüne alan halkara borçlaryny berjaý edişi barada BMG we ÝHHG guramalaryna berýän hasabatlarynda "adam hukuklarynyň gyşarnyksyz berjaý edilýändigini, kanunlaryň bolsa halkara talaplaryna laýyl getirilendigini" öňe sürrýär.

XS
SM
MD
LG