Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ozalky general Tirkiş Tyrmyýew türmede aradan çykdy


Ozalky general Tirkiş Tyrmyýew
Ozalky general Tirkiş Tyrmyýew

Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň ozalky serkerdesi Tirkiş Tyrmyýew türkmen türmesinde aradan çykdy.

Azatlygyň ýerli çeşmesi Serdar A. ozalky general-maýor, Türkmenistanyň serhet goşunlaryna 1999-2002-nji ýyllar aralygynda ýolbaşçylyk eden Tirkiş Tyrmyýewiň jesediniň 13-nji ýanwarda maşgalsyna berlendigini habar berdi.

Ozalky generalyň ölüm habary «Gündogar» habar saýtynda hem ile ýetirildi.

Moskwadaky «Memorial» hukuk goraýyş merkeziniň Merkezi Aziýa programmasynyň direktory Witaliý Ponamarew Azatlyk radiosyna bu habaryň feýsbukda, T. Tyrmyýewiň gyzynyň galdyran maglumatyndan belli bolandygyny aýtdy.

Feýsbukda ýerleşdirilen maglumatda Tyrmyýewe berlen 10 ýyl türme möhletiniň bireýýäm tamam bolandygy, maşgalanyň ençeme ýyllap, her baýramçylykda onuň ýoluna göz dikip garaşandygy aýdylýar diýip, Ponamarew sözüniň üstüni ýetirdi.

Azatlyk radiosynyň 2012-nji ýylyň aprelinde, diýilýän 10 ýyl türme möhleti tamam bolandan soň Tirkiş Tyrmyýewiň bir garyndaşy bilen geçiren söhbetdeşliginden mälim bolşuna görä, türkmen häkimiýetleri onuň tussaglykdaky ykbaly barada juda az maglumat berdiler.

“Amnistiýa kararyna garaşyň”

Öz adynyň «Aşgabatly aýal» diýip tutulmagyny soran söhbetdeşimiz şonda Tyrmyýewiň 2002-nji ýylda tutulandygyny aýdyp, şeýle diýipdi:

«Biz şonda (2002-nji ýylda) ony iýun ýa-da iýul aýlarynda gördük. Şondan soň görmedik. Türmä düşen ilkinji ýylynda ejesi ony birje gezek gördi, gaýdyp görmedi. Soň görkezmediler.”

Biz şonda (2002-nji ýylda) ony iýun ýa-da iýul aýlarynda gördük. Şondan soň görmedik. Türmä düşen ilkinji ýylynda ejesi ony birje gezek gördi, gaýdyp görmedi. Soň görkezmediler.
T. Tyrmyýewiň garyndaşy

Hukuk goraýjy aktiwisitleriň maglumatlarynda oňa bir gezek, 2002-nji ýylyň 7-nji maýynda maşgalasy bilen duşuşmaga rugsat berlendigi aýdylýar.

Tyrmyýewiň Azatlyk radiosy bilen söhbetdeş bolan garyndaşy häkimiýetleriň öz soraglaryna hiç bir anyk jogap bermändiklerini, diňe “Amnistiýa kararyna garaşyň” diýlendigini aýtdy.

Tirkiş Tyrmyýew, hukuk goraýjylaryň toplan maglumatlaryna görä, 2002-nji ýylda 10 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Emma ol on ýyldan soň hem azatlyga çykmady. Sebäbi, hamala türme goragçysyna hüjüm edendigi üçin, oňa gaýtadan goşmaça ýyl kesildi diýip, merhum barada tassykladyp ýa inkär etdirip bolmaýan habarlarda aýdylýar.

T. Tyrmyýew, aýdylmagyna görä, MHK-nyň başlygy Muhammet Nazarowyň baştutanlygynda Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ofiserleriniň aýyplanan 'aýratyn agyr jenaýatlaryna gatnaşandygy üçin' diýlip tutuldy we sud edildi. Şol bir wagtda onuň anyk tussag edilen güni we oňa çykarylan höküm belli bolman galýar.

Türkmen häkimiýetleriniň ozalky prezident S.Nyýazow döwründe türkmen türmelerinde diri ýitenler barada maglumat bermegini gazanmak ugrunda iş alyp barýan «Olary diri görkez» kampaniýasynyň maglumatlarynda aýdylmagyna görä, T. Tyrmyýew 1951-nji ýylyň 2-nji ýanwarynda, Türkmenistan SSR-niň Daşoguz welaýatynda dogulýar we 1971-nji ýylda Aşgabatdaky Politehniki instituty tamamlaýar. Soňra ol Moskwa okuwa gidip, 1985-nji ýylda SSSR Döwlet howpsuzlyk komitetiniň 1-nji Baş uprawleniýesiniň institutyny tamamlaýar.

Işlän ýerleri baradaky maglumatlarda T. Tyrmyýewiň Nebitdag şäherinde şäher komsomol komitetiniň birinji sekretary, Türkmenistan Komsomolynyň merkezi komitetiniň sekretary, Milli howpsuzlyk komitetiniň Mary welaýat bölüminiň başlygy, Türkmenistanyň MHK-nyň başlygynyň orunbasary wezipelerinde işländigi aýdylýar.

Watan öňündäki hyzmatlar we...

Ol 1999-njy ýylyň 23-nji martyndan 2002-nji ýylyň 5-nji martyna çenli Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy, Serhet goşunlarynyň komandiri bolup işleýär. Soňra 2002-nji ýylyň 1-nji apreline çenli MHK-nyň Mary şäher bölüminiň başlygy bolýar.

Emma 1-nji aprelde, «işinde goýberen düýpli kemçilikleri üçin» diýlip, wezipesinden boşadylýar we general-maýor çininden, harby gullukçylar üçin kanun esasynda kesgitlenen maddy we beýleki ýeňilliklerinden, şeýle-de döwlet sylaglaryndan mahrum edilýär, harby gullukdan bolsa boşadylýar.

Ol watan öňünde bitiren hyzmatlary üçin 1994-nji ýylda «Edermenlik» medaly, 2001-nji ýylda bolsa «Garaşsyz Türkmenistana beýik söýgüsi üçin» diýen orden bilen sylaglanypdy.

Mundan öň türkmen häkimiýetleri türkmen türmelerinde ýiten hasaplanylýan tussaglaryň ikisiniň jesetlerini, Wekil Durdyýewi we Annadurdy Annasähedowy garyndaşlaryna jaýlamaga berdi.

Türkmen metbugatynda, beýleki tussaglar babatda bolşy ýaly, T. Tyrmyýewiň ölümi hakynda maglumat berilmeýär.

XS
SM
MD
LG