Türkmenistanyň Lebap welaýatyndaky kärendeçiler özleriniň ýüpek gurçugyny ýetişdirmäge mejbur edilýändiklerini, mundan ýüz öwrenlere kärende ýerleriniň elinden alynjakdygy barada haýbat atylýandygyny aýdýarlar.
“Kärendeçi daýhanlar pile öndürmek üçin, ýüpek gurçugyna ideg etmek islemeýärler. Ýöne häkimiýetler olary mejbur edýärler. Olara eger ýüpek gurçugyny ýetişdirmese, onda kärende ýerleriniň elinden alynjakdygyny aýdyp haýbat atýarlar. Daýhanlar tabşyrygy nalaç ýerine ýetirmeli bolýarlar” diýip, Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçylarynyň biri bilen söhbetdeş bolan kärendeçi daýhanlaryň ençemesi gürrüň berdi.
Degişli maglumat Ýüpek gurçuklaryny idetmek üçin, işgärlerden pul toplanýarLebaply kärendeçiler ýüpek gurçugyny saklamak we idemek bilen bagly kynçylyklaryň saklanyp galýandygyny, munuň üçin özleriniň zerur şertler bilen üpjün edilmeýändiklerini hem aýdýarlar.
“Ýüpek gurçugyny ýetişdirmek örän kyn. Olary saklamak üçin ýörite jaýlar gerek. Munuň üçin öz ýaşaýan jaýyňdaky birnäçe otagy bir aýlap boşatmaly bolýar. Özümiz bolsa, howluda ýaşamaly bolýarys. Munuň üstesine-de, ýüpek gurçuklary tut agaçlarynyň ýapragy bilen iýmitlenýär. Tut ýapraklary hem ýetmezçilik edýär” diýip, anonim şertde söhbetdeş bolan lebaply kärendeçi 26-njy aprelde gürrüň berdi.
Galyberse-de, ol satyn alyş nyrhlarynyň hem öňküligine galandygyny aýdyp, häkimiýetleriň pile önümçiligi bilen meşgullanýan hojalyklara döwletiň 1 kilogram piläni olardan 7 manatdan satyn aljakdygyny wada berendigini hem belledi.
“Tölenýän pula seretseň, pile çeken zähmetiňe degmeýän iş. Şeýle-de, geçen ýyl daýhanlar aldawa salnyp, ýalan wada bilen ýüpek gurçuklaryny idetmäge mejbur edildi. Häkimiýetler pile önümçiligine gatnaşan hojalyklara her 1 kilogram pile üçin 10 kilogram mal iýmini berjekdigini wada beripdi. Ýöne bu wada diňe wadalygyna galdy. Kärendeçilere mal iými berilmedi. Bu ýyl kärendeçilere ýene-de şeýle wada berdiler. Ýöne bu gezek kärendeçiler häkimiýetleriň beren bu wadasyna ynanmaýarlar” diýip, Azatlygyň habarçysy gürrüň berdi.
Habarçy soňky günlerde Lebap welaýatynyň häkimiýetleriniň mugallymlaryň we saglygy saklaýyş işgärleriniň arasynda hem gürrüňdeşlikleri geçirip, olary ýüpek gurçugyny saklamaga razy etmäge synanyşýandygyny hem belleýär.
“Häzirlikçe olara haýbat atylýandygyny eşitmedim. Ýöne geçen ýyl olar ýüpek gurçugyny ýetişdirmäge mejbur edilipdiler” diýip, habarçy aýtdy.
Türkmenistan 2019-njy ýylda Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlaryndan 2030 tonna çig pile öndürmegi göz öňünde tutýar. Bu baradaky karara Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji ýanwarda gol çekip, Dokma senagaty ministrligini we welaýatlaryň häkimliklerini pile öndürilmegini üpjün etmäge borçlandyrdy.
Pagta ýygymy babatda bolşy ýaly, pileçilik hem Türkmenistanda mejbury zähmet bolmagynda galýar. Bu barada türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri ne söz açýarlar, ne-de mesele gozgaýarlar.
Degişli maglumat Türkmenistanda adamlar "pile möwsüminiň mejburlyklaryna" nägilelik bildirýärlerAzatlyk Radiosy oba ýerlerinde ýaşaýan mekdep mugallymlarynyň we saglyk işgärleriniň hem, beýleki edara-kärhanalaryň işgärleri bilen deň hatarda, ýüpek gurçuklaryny idedip, pile öndürmäge mejbur edilýändigi barada soňky ýyllarda ençeme gezek habar berdi.
Mart aýynyň ikinji ongünlüginde Mary welaýatynyň häkimiýetleriniň býujet işgärlerine, aýratyn-da oba mekdepleriniň mugallymlaryna mejbury pile öndürmegi tabşyrýandygy habar berildi.
Häzirki wagtda Mary welaýatynyň oba mekdeplerinde mugallymlara eýýäm 5-10 gramdan gurçuk paýlap berdiler diýip, “Hronika Türkmenistan” neşri 20-nji martda çap eden habarynda aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.