Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň resmi websaýtynda “Iş üpjünçiligi” sahypasyny döretmek planlaşdyrylýar, bu barada Ministrler kabinetiniň 29-njy martda geçirilen mejlisinde habar berildi.
BMG-niň ýanwar aýynda beren maglumatyna görä, Türkmenistandaky işsizligiň derejesi 2018-nji ýylda 3.3 prosente barabar boldy, emma ýerli synçylar ýurtdaky işsizligiň derejesiniň 50-60 prosentden az däldigini, soňky ýyllarda on müňlerçe raýatyň daşary ýurtlara işlemäge gidendigini, mätäç adamlaryň, aýallaryň, garrylaryň we çagalaryň gapy aýlanyp, dilegçilik etmeginiň barha kän göze ilýändigini habar berýärler.
Şu aralykda, “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň ýazmagyna görä, Türkiýäniň polisiýa işgärleri Stambulda kanuny esasda işleýän türkmenistanly aýallary saklap, olary “ten satmak bilen meşgullanmakda” aýyplap, bu barada öňünden taýýarlanan boýun alyş hatyna gol çekdirmäge başlady. Bu çäräniň Türkiýedäki türkmen raýatlaryny yzlaryna, Türkmenistana gaýtmaga mejbur etmek üçin ol ýerdäki türkmen konsullygynyň işgärleriniň talaby esasynda görülýändigi öňe sürülýär.
Degişli maglumat 90-njy ýyllardaky 'ştat kemeltme oýnunyň' mekdeplere gaýdyp gelmeginden howatyr edilýärAzatlyk radiosy bilen gürleşýän ýaşaýjylaryň, ýerli synçylaryň köpüsiniň tassyklamagyna görä, garaşsyzlyk ýyllarynda ýurtdaky işsizlik iň uly meselä öwrüldi, jenaýatçylyk ozalda-ahyrda görülmedik derejede köpeldi we türmelerdäki tussag orunlaryny boşatmak üçin ýylda on müňläp bendini möhletinden öň azatlyga çykarmak kada öwrüldi.
Synçylar Türkmenistanyň nebit bahalarynyň global arzanlamagy, juda gymmatwe bu golaýda girdeji bermejek proýektlere harçlanan milliardlarça döwlet serişdesi bilen baglylykda öz taryhyndaky iň çynlakaý ykdysady krizisi başdan geçirýändigini aýdýarlar. Emma türkmen hökümetiniň mejlislerinde krizis sözi agzalmaýar, işsizligiň hakyky ýagdaýyna açyk baha berilmeýär.
Ikinji tarapdan, Türkmenistanyň prezidenti geçen ýyloba hojalygyndaky problemalary bölekleýin boýun aldy we bu meselede daýhanlary, häkimleri günäläp, täze teklipleri öňe sürdi. Bu teklipler esasynda ýerden netijeli peýdalanmadyk kärendeçileriň ýerlerini almak we Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzasy bolup durýan hususy önüm öndürijilere uzak möhletli ýer bermek, ýeňillikli karz bermek işleri başlandy.
Synçylar bu çäreleriň obalardaky işsizleriň has köpelmegine, ikinji tarapdan, TSTB-niň monopoliýasynyň has güýçlenmegine alyp geljegini öňe sürýärler.
Ýerli synçylaryň hasaplamalaryna görä, Türkmenistanda garaşsyzlyk ýyllarynda, hökümetiň jogapkärçiliksiz çemeleşmeleri we korrupsiýa giň ýol açylmagy netijesinde, oba hojalygynyň, maldarçylygyň, balykçylygyň çökerilmegi bilen, ýüz müňlerçe iş orny ýitirildi, döwlet, halk emlägi talaňa salyndy.
2019-njy ýyl hem Türkmenistanda işsizligiň has köpeljegini aňladýan habarlar, Ylymlar akademiýasynyň üç ýyl içinde döwlet maliýeleşdirmesinden aýryljagy, ylmy-barlag institutlarynyň hojalyk hasaplaşygyna geçirilmegi we mundan öň döwletden aýlyk alan ylmy işgärleriň üçden biriniň işini ýitirjegi hakyndaky aladalar bilen başlandy.
Mundan öň Türkmenistan Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň çäginde zähmet biržasyny döredip, bu meseläni her welaýatda anyk çözmek çärelerini gördi, emma ýerli synçylar, şol sanda Azatlyk bilen söhbetdeş bolan işsizler iş tapmakda parahorlugyň uly bökdençlik döredýändigini aýdýarlar.
Degişli maglumat Bilbil: 'Zähmet biržasy' işe ýerleşdirmek üçin 1.000 dollar para soraýarMysal üçin, türkmenabatly Bilbil Türkmenabadyň Zähmet biržasynda okuwy gutaran badyna hasaba durýar. Ondan garaşmagy soraýarlar. Aradan 1 ýyl töweregi wagt geçensoň, Bilbiliň Azatlyga mart aýynyň başynda gürrüň bermegine görä, biržanyň bir işgäri ondan işe ýerleşdirjegi üçin 1000 dollar möçberinde para soraýar.
Uly ýa kiçi işe ýerleşmek üçin para bermegiň ýurtda soňky on ýyllykda giňden ýaýrandygyny we tasdan kada öwrülendigini, kanunlaryň işlemeýändigini we raýatlaryň öz işlerini açmak we ýaýbaňlandyrmak ugrundaky tagallalarynyň üç onýyllykdan gowrak wagt bäri, para bermäge mejbur etmegiň çäginde, yzygiderli basylyp ýatyrylýandygyny aýdýan synçylar hem bar.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň hökümet maslahatynda aýtmagyna görä, “Ilatyň iş bilen üpjünçiligi... ýurdy ösdürmegiň strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar”.