Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen resmileri “ösüş sanlaryny” getirip, ilatyň kynçylyklary barada dymdylar


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.

Türkmenistanyň prezidenti Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýene bir gezek ýurt resmileriniň hasabatlaryny diňledi, olaryň aýdan uly ösüş sanlaryny tassyklady, zähmet haklarynyň artandygyny we doly tölenendigini aýtdy, käýinçleri paýlady, şeýle-de ozal mugt berlen hyzmatlaryň tölegli hasaba geçirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Anna güni geçirilen mejlisde şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlendi we ozal kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi maslahatlaşyldy.

Döwlet resmileriniň maglumatyndan çen tutulsa, hasabat döwründe maliýe seljerişiniň netijelerine laýyklykda, jemi içerki önümiň ösüş depgininiň ýokarlanmagy 6.2%-e deň bolupdyr. Şeýle-de, 2018-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynyň netijeleri boýunça öndürilen önümleriň ösüş depgini 2017-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 4.6% ýokarlanypdyr.

Zähmet haklary “doly tölendi”

Ýurtda azyk harytlaryň gytçylygy we aýlyklaryň ençeme aýlap gijikdirilmeginiň fonunda, ýurt resmileri ortaça aýlyk zähmet haklarynyň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9.4% artandygyny, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň doly möçberde öz wagtynda tölenendigini öňe sürdiler.

Media we durmuş: Bankomatlar
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:00 0:00

Şol bir wagtda, ýurduň dürli pudaklaryndan Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolanlar aýlyklarynyň 2-3 aýlap gijikdirilýändigini; şeýle-de plastik kartlaryna geçirilen zähmet haklaryny bankomatlarda pul ýetmezçiligi sebäpli nagtlaşdyryp bilmeýändikleriniň aýdyp, öz nägileliklerini bildiripdiler.

“Azyk bolçulygy üpjün etmeli”

Türkmen lideri daşary haryt dolanyşygynyň görkezijileri barada durup geçdi. Ol ony ýeterlik derejä çykarmak üçin degişli çäreleri görmegi tabşyryp, söwda ulgamynyň ministrliginiň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylaryna ilaty ýokary hilli harytlar we azyk önümleri bilen üpjün etmek meselelerini talabalaýyk derejede çözmelidigine ünsi çekipdir.

Türkmenistanda azyk nobatlarynda barha köp nägilelikler eşidilýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:05 0:00

Emma, Berdimuhamedow un, şeker, ýag ýaly harytlaryň gytçylygynyň döremegi ýa-da dükan tekjelerinden doly ýitirim bolmagy; defisit harytlaryň ýüzlerçe adamlyk nobatlary ýaly ýagdaýlar dogrusynda hiç zat aýtmady.

Ýatyrylan mugt hyzmatlaryň tölegine “gözegçilik etmeli”

Mejlisiň dowamynda Berdimuhamedow 2019-njy ýyldan ilata agyz suwunyň, gazyň, elektrik energiýasynyň tölegsiz berlişini ýatyrmak barada Halk Maslahatynyň kabul eden Karary bilen baglylykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň býujete goşmaça serişdeleriň gelip gowuşmagynyň hasaba alnyşyny we oňa gözegçiligi üpjün etmelidigini tabşyrdy.

Prezident premýerler M.Meredowa hem-de D.Amangeldiýewe kärhanalara hem-de ilata gaz, elektrik we suw hasaplaýjy enjamlaryň doly oturdylmagyny, hasaplaşyk kitapçalarynyň berilmegini, şeýle hem zerur resminamalaryň ýöredilmegini üns merkezinde saklamagy tabşyrdy. Bu işleriň ählisine gözegçilik etmek bolsa, içeri işler ministri Isgender Mulikowyň üstüne ýüklenildi.

Ýeri gelende ýatlatsak, geçen ýyl ýatyrylan Ýaşulular Maslahatynyň deregine täzeden güýji dikeldilen Halk Maslahatynyň 25-nji sentýabrda geçirilen ilkinji mejlisinde ýurt baştutany “ilatyň hal-ýagdaýynyň gowulaşandygyny” aýdyp, elektrik energiýasynyň, gazyň, suwuň we nahar duzunyň mugt üpjünçiligini doly ýatyrypdy.

Halk maslahaty prezidenti öwmekde çeperçilik görkezdi
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:45 0:00

Türkmenistanda soňky iki ýylyň dowamynda hojalyklarda güýçli depginde gaz, tok we suw ölçeýji gurallary ornaşdyrmak çärelerine girişildi.

Ýurduň ilkinji prezidenti 2030-njy ýyla çenli ilatyň degişli ýeňillikler bilen üpjün ediljekdigini wada beren-de bolsa, ol aradan çykandan soň 2007-nji ýylda prezidentlige saýlanan Berdimuhamedow mugtçylygy ýatyrdy.

Işsizlik

Türkmenistanyň prezidenti, gytaklaýyn bolsa-da, ýurtda işsizlik meselesini agzap geçdi. Ol täze iş orunlaryny döretmek baradaky tassyklanan maksatnamalaryň doly möçberde ýerine ýetirilmän galýandygy belledi.

TDH-nyň maglumatyna görä, prezident Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Gadyrgeldi Müşşikowa ýagdaýlary ýylyň aýagyna çenli düzetmegi tabşyrdy, şeýle-de munuň şu ýylyň ahyryna çenli aýratyn serediljekdigini duýdurypdyr.

Bellesek, türkmen häkimiýetleri ýurtdaky işsizligiň derjesi barada hiç hili maglumat bermeýärler, emma Merkezi Bankynyň Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan ýokary derejeli bir resmisi ýurtdaky işsizlik derejesiniň 60%-e deňdigini gürrüň beripdi.

“Ýörite bilimli işgärlerden nämä garaşyp bolar?”

Şeýle-de, Berdimuhamedow käbir ylmy-barlag institutlarynyň işine barlag geçirilende köp sanly kemçilikleriň ýüze çykarylýandygyna hem-de hakykatda netijeleriň ýokdugyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradowyň ünsüni çekipdir. Ol: Bu ylmy-barlag institutlarynyň işgärleriniň ylmy derejeleri ýok, diňe ýörite bilimleri bar. Olardan nämä garaşyp bolar?” diýen soragy hem goýupdyr.

Prezident häzirki zaman şertlerinde ylmy işleriň netijeleri, ilkinji nobatda, işgärleriň ýokary bilim derejesiniň, olaryň ýokary taýýarlygyna, ylmy-barlaglarda öňdäki sepgitleri eýelemek maksady bilen, degişli işleriň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine baglydygyny belläp, ýakyn wagtda ýörite topary döretmegi hem-de ylmy-barlag institutlarynyň her biriniň işine derňew geçirmegi, soňra bolsa onuň jemleri barada hasabat bermegi tabşyrypdyr.

Türkmenistanda ÝOJ-a girip bilmedik ýaşlar näme etmeli?
please wait

No media source currently available

0:00 0:06:25 0:00

Emma, ýurtda ýokary okuw jaýlaryna kabul edilip bilinýän raýatlara girizilen çäkler we para-berim sebäpli müňlerçe uçurumyň türkmen ÝOJ-laryna girip bilmeýändigi aýdylýar. Iýulda geçirilen hökümet maslahatlarynyň birinde Berdimuhamedow diňe şu ýylyň özünde ýurduň orta mekdeplerini 85 müň ýaşlaryň tamamlandygyny, emma ýokary okuw mekdeplerine bolsa, diňe 10 müňe golaý adamyň kabul edilýändigini aýdypdy.

Ýollar

Mundanam başga, Berdimuhamedow ýurtdaky ýollaryň, şol sanda ýokary tizlikli awtoulag ýollarynyň gurluşygyna ünsi çekip, bu işleriň depgininiň we hiliniň pesdigini, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelmeýändigini aýdypdyr.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan ýaşaýjylar we ýerli synçylar şäher, etrap, oba ýollarynyň soňky 30 ýylda köplenç gözden düşürilendigini, içerki ýollaryň aglaba böleginiň asfaltlanylmandygyny aýdýarlar.

Käýinçler

Galyberse-de, maslahatyň dowamynda Berdimuhamedow “wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin”:

  • Daşogzuň häkimi M.Baýramgulyýewe soňky gezek duýdurmak bilen, berk käýinç,
  • Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Osmanowa berk käýinç,
  • Oba we suw hojalyk ministri O.Enermyradowa berk käýinç,
  • Oba we suw hojalyk ministriniň galla we pagta önümlerini senagat taýdan gaýtadan işlemek boýunça orunbasary T.Myradowa berk käýinç,
  • “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy N.Nyýazlyýewe soňky gezek duýdurmak bilen berk käýinç yglan etdi.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň hökümet mejlislerinde ýurtdaky makro-ykdysady görkezijiler boýunça uly-uly ösüş sanlarynyň getirilmegi, şol bir wagtda real durmuşa, raýatlaryň iş, gazanç etmek mümkinçiliklerine we giň ýaýran korrupsiýa, parahorlyk bilen bagly kynçylyklar barada umuman dymylmagy täzelik däl.

XS
SM
MD
LG