Aýal-gyzlara berilýän 40 manat pul sowgady 60 manada ýetirildi, ony almaýanlar gynanýar

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Maňlaýa sylynýan 40 manat

Türkmenistanyň prezidenti 8-nji mart baýramçylygy mynasybetli ýurduň aýal-gyzlaryna öz adyndan berýän 40 manat sowgadynyň möçberini köpeldip, 60 manada ýetirdi. Pul sowgadynyň möçberiniň köpeldilmeginiň sebäbi aýdylmaýar.

Bu pul sowgadynyň möçberi, manadyň hümmetiniň nähili üýtgeýändigine garamazdan, 8 ýyllap 40 manat derejesinde saklanyp gelýärdi.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň 27-nji fewralda gol çeken kararyna laýyklykda, 2011-nji ýylyň 25-nji fewralynda çykarylan kararyň birinji bölegi güýjüni ýitirýär.

Bu sylagyň zenanlara “bitirýän uly hyzmatlary” şol sanda “sagdyn we ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirýändikleri” üçin berilýändigi bellenilýär.

Degişli maglumat “Prezident öz kisesinden çykaranok o puly”

Ýerli synçylar prezidentiň aýal-gyzlara berýän sowgadynyň dollaryň “gara bazar” nyrhynda 3 dollar gowrak möçberinde serişde bolýandygyny aýdýarlar.

Bu dollaryň satyn alyş nyrhynda aýdylanda şeýle, eger dollaryň müşderilere satylýan nyrhyndan hasaplanyňda, bu 60 manat 3 dollara hem ýetenok” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran aşgabatly ýazyjy aýtdy.

"Türkmenistanyň Hronikasy" neşiriniň hasaplamalaryna görä, "bu serişdäni dollaryň “gara bazardaky” aktual bahasyna geçirseň, ol $3-3,5 çemesi bolýar. 60 manat döwlet kursunda $17,14 bolýar, emma häzirki “gara bazar” kursunda – $3,33. 2018-nji ýylda 40 manat resmi kurs boýunça $11,4 bolsa, “gara bazar” kursunda $3-3,5 bolýardy."

Şol bir wagtda, ýazyjynyň tassyklamagyna görä, ýurtdaky ykdysady kynçylyklaryň fonunda, işsizligiň barha ösýän wagty berilýän 3 dollary hem adamlar uly zat ýaly kabul edýärler.

Şu gün-erte türkmen mediasy şol 60 manady alynlaryna sylyp, baş egip kabul edýän zenanlary görkezip, adamlara uly bir baýlyk berlen ýaly gürrüňleri edip başlar, bu 3 dollar üçin prezidente müňlerçe dollarlyk alkyş aýdylar” diýip, aşgabatly ýazyjy aýtdy.

Azatlygyň "pul sowgadyny baş egip, maňlaýyňa sylyp almak hemmelerden talap edilýärmi ýa-da diňe metbugatda görkeziljeklere degişlimi?" diýen soragyna ýazyjy munuň diňe telewideniýede, gazetlerde görkeziljek raýatlara degişligini, başga ýerde beýle zadyň ýokdugyny aýdyp jogap berdi.

Geçen ýyl pensioner aýallara, başga girdejisiniň ýokdugyny tassyklaýan güwänama getirilse, 40 manat bank kartlaryna geçirilip berilýärdi” diýip, ol aýtdy.

Degişli maglumat Türkmenistanlylar prezidentiň ejesine 'baş egýärler'

Azatlyk bilen anonim şertde gürleşen ýazyjy prezidentiň aýal-gyzlara berýän pul sowgadynyň begendirýän adamlaryndan gynandyrýanlarynyň has kän bolmagynyň ähtimaldygyny öňe sürýär.

Gynançly ýeri, prezidentiň bu karary ýurduň zenan raýatlaryň ählisine degişli däl: hiç ýerde işlemeýän, şolaryň arasynda hususy daýhan hojalyklarynda kärendeçi bolup işleýän aýal-gyzlar, mekdebe, çagalar bagyna gatnamaýan gyzjagazlar bu sowgatdan mahrum” diýip, ýazyjy aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, ýurtda işsizlik, hususan-da aýal-gyzlaryň arasynda, örän ýokary bolmagynda galýar, soňky bir ýylyň dowamynda bolsa, iş orunlarynyň ýapylmagy bilen, köp zenan işini ýitirdi, munuň üstesine, ýurtda işlän döwrüne degişli dokumentleri toplap, pensiýa alyp bilmedik aýallar-da, erkek adamlar-da az däl.

Aýallaryň arasynda mundan 4-5 ýyl ozal girizilen sosial pensiýa diýilýänini hem almaýanlar bar; öýünde haly dokap, el işlerini edip, ýa tamdyrda çörek bişirip, bazarda satyp, çagalaryny aç-hor etmedik aýallar hem prezidentiň sowgadyny alyp bilmän galar” diýip, aşgabatly ýazyjy telefon gürrüňçiliginde aýtdy.

Degişli maglumat Azatlygyň gyşda gowaça çapýan aýallar baradaky gepleşiginden soň Türkmenistanda gender deňligi ýatlandy

“Bu adalatsyzlyk bolýar, sylaglajak bolsaň, ähli aýal-gyzy sylagla, bolmasa-da her ýyl aýal-gyzlary ala tutup, onsuzam garyp-pukara adamlaryň ýüregini agyrtmak nämä gerek?” diýip, bu aýdylýanlary 68 ýaşly änewli ene hem tassyk etdi.

Prezidentiň kararynda pul sylagynyň diňe işleýän, pensiýa ýa kömek puluny alýan, okaýan ýa çagalar baglaryna gatnaýan aýal-gyzlara berilmelidigi bellenilýär.