Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň polisiýasy aýallaryň sürüjilik şahadatnamasyny elinden alýar


Ýol gözegçilik polisiýasy awtoulaglary barlaýar, Aşgabat, 18-nji ýanwar, 2019
Ýol gözegçilik polisiýasy awtoulaglary barlaýar, Aşgabat, 18-nji ýanwar, 2019

Aşgabadyň polisiýasy aýallaryň sürüp barýan awtoulaglaryny barlaýar we dürli bahanalar bilen olaryň sürüjilik şahadatnamasyny ellerinden alýar, diýip Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary 18-nji fewralda habar berdiler.

Olaryň sözlerine görä, şu günler paýtagtyň köçelerinde awtoulaglaryň barlanmagy köpçülikleýin häsiýetde amala aşyrylýar. Polisiýa awtoulaglaryň köpüsini saklaýar, emma aýallara has berk daraýar.

"Şu gün tutuş şäherde irden bäri polisiýa dur. Ähli ulaglary saklaýarlar, emma ilkinji nobatda aýalaryň sürüp barýan ulaglaryny. Ähli zatdan bahana gözleýärler" diýip, sürüjilik şahadatnamalary ellerinden alnanlaryň we şeýle ýagdaýlara şaýat bolanlaryň birnäçesi bilen söhbetdeş bolan habarçymyz aýdýar.

Habarçymyzyň gürrüň bermegine görä, şeýle ýagdaýlaryň biri 18-nji fewralda günüň başynda Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň ugrunda bolupdyr. Polisiýa işgärleri aýal maşgalanyň sürüp barýan awtoulagyny saklap, dokument barlagyndan soň onuň sürüjilik şahadatnamasyny yzyna gaýdyp bermändirler.

"Olar bar zatdan bahana gözlediler, ähli dokumentleri barladylar we dermanly gapyrjagyň içini gözden geçirdiler. Olar dermanlaryň arasynda analginiň we dimedrolyň ýokdugyny bahana hökmünde ulandylar. Bu dermanlaryň ornuny tutýan başgasynyň bardygy barada sürüjiniň düşündirişine garamazdan, polisiýa işgäri beýle zatlary bilmeýändigini aýdyp, sürüjilik şahadatnamany saklap galdy" diýip, habarçymyz aýdýar.

​Azatlygyň Aşgabatdaky söhbetdeşleriniň sözlerine görä, polisiýa işgärleri aýallaryň sürüjilik şahadatnamalarynyň ellerinden alynmagynyň sebäplerini düşündirmän, ýokardan görkezmäniň bardygyny aýdýarlar.

"Bizde görkezme bar, aýallar protokol köçelerinden ulag sürmeli däl" diýip, aýal sürüjiniň şahadatnamasynyň elinden alynmagyna şaýat bolan söhbetdeşimiz polisiýa işgärini sitirleýär.

18-nji fewralda "Türkmenistanyň hronikasy" neşri Garaşsyzlyk şaýolunyň ugrunda awtoulaglaryň we olaryň gapdalynda aýal sürüjileriň inspektorlara garaşyp durandygyny, şeýle-de Bitarap Türkmenistan şaýolunyň ugrunda 20 çemesi awtoulagyň saklanandygyny habar berdi. Neşriň maglumatyna görä, günüň dowamynda 90 we 120 aralygynda awtoulag polisiýanyň jerime duralgasyna alnyp barlypdyr.

"Ejir çekenler polisiýanyň hereketleriniň aýallary awtoulag sürmekden el çekmegine gönükdirilendigini hasap edýärler" diýip, neşir belleýär.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysynyň maglumatyna görä, ýaňy-ýakynda öz şahsy awtoulaglaryny sürmek gadagançylygy kanuny goraýjy edaralaryň zenan işgärlerine edilipdir.

"Geçen hepdede organlaryň zenan işgärlerine öz awtoulaglarynda hiç ýere çykmazlyk tabşyryldy. Ýolbaşçylaryň özleri işgärleriň husuy awtoulaglarynyň işde galdyrylmagyny, aýallaryň hiç bir ýagdaýda ulag sürmezligini tabşyrdylar" diýip, Azatlygyň habarçysy kanun goraýjy edaralaryň biriniň igärine salgylanyp, habar berdi.

Mundan öň sürüjilik şahadatnamalarynyň elinden alynmagyna paýtagtyň fiziki mümkinçilikleri çäkli bolan ýaşaýjylary sezewar edilipdi.

Şeýle-de, Aşgabadyň ýaşaýjylary soňky ýyllaryň dowamynda öz hususy awtoulaglaryndan peýdalanmakda dürli çäklendirmelere sezewar boldular. Ýurduň häkimiýetleri goňur reňkli awtoulaglary, könelişen transport serişdeleri ulanmagy gadagan etdiler, emma bu çärelere resmi düşündiriş bermediler, resminama görkezmediler.

​Şol bir wagtda-da, "Türkmenistanyň Hronikasy" neşriniň 18-nji fewalda habar bermegine görä, 16-njy fewraldan başlap, Aşgabat-Balkanabat we Aşgabat-Mary gara ýollarynda polisiýa awtoulaglaryň tas ählisini saklap, barlaýar. Şeýle-de, 14-nji fewraldan bäri Aşgabadyň polisiýasy goňur reňkli awtoulaglary saklamak we jerime duralgalaryna alyp gitmek işine gaýtadan başlapdyr.

XS
SM
MD
LG