Türkmen häkimiýetleri dine uýýanlaryň ýaşlaryň hasabyna aşa köpelmeginiň öňüni almak ugrundaky tagallalaryny güýçlendirilýäne meňzeýär.
Aşgabatda şäherinde soňky iki hepdäniň dowamynda metjitlerde juma namazyna goşulýan ýetginjekleri metjitden kowmak güýçlendi diýip, Azatlygyň ýerli habarçysy habar berýär.
Bu maglumat ýerli häkimiýetleriň Idris baba medressesine zyýarat edýän ýaşaýjylardan biynjalyk bolup başlan wagtyna gabat geldi.
“Mekdep okuwçylarynyň okuw wagtynda metjide namaz okamaga gitmegi öňdenem halanmaýardy, ýöne beýle berk gadaganlyk ýokdy. Soňky on-on bäş günde metjide juma namazyna baran oglanlary namaz okamaga goýbermeýärler, “siziň din bilen näme işiňiz bar, baryň, gidiň-de okuwyňyzy okaň” diýip, raýat eşikli adamlar ýaş oglanlary metjitden kowýarlar” diýip, namaza goýberilmedik oglanlaryň ene-atalary Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdiler.
Olaryň sözlerine görä, şeýle ýagdaý Aşgabadyň Ärtogrul Gazy, Azady adyndaky metijitlerinde, golaýda bina edilen Omar metjidinde hem dowam edýär.Mundan başga, metjide namaz okamaga barýan mekdep okuwçylarynyň atlaryny, adreslerini anyklap, etrap bilim bölümleriniň, güýç gurluşlarynyň işgärlerio glanlaryň okaýan mekdeplerine gelip, mekdep ýolbaşçylary, mugallymlar bilen hem gürrüň geçirýärler.
“Bu gürrüňçilige ene-atalar hem çagyrylýar we esasy edilýän talap mekdep okuwçylarynyň metjide goýberilmezligi bolup durýar” diýip, Azatlygyň habarçysy bilen gürleşen magaryf işgärleriniň biri aýtdy.
Degişli maglumat Türkmenistanda namaz okaýan we il içinde dini agzaýan adamlar soraga çekilýärTürkmenistanda mekdep okuwçylarynyň metjitlerde okalýan juma namazyna köpçülikleýin goşulyp başlamagy garaşsyzlyk ýyllarynyň başyndan başlandy we häkimiýetler bu täzelige turuwbaşdan garşy boldular.
Bu garşylyk häkimiýetleriň metjitleriň ýanynda açylan we ýaşlara dini sowat bermegi maksat edinen medresleriň ýapylmagyna alyp geldi.
Şeýle-de, Türkmen döwlet uniwersitetinde açylan Ylahyýet fakulteti we Ylahyýet liseýi ýaşlaryň dini bilim almagyna garşy girizilen gadagançylygyň pidasy boldy. Ýogsa bu fakultetiň we liseýiň okuw we beýleki desgalary türk firmalarynyň haýyr-sahawat üçin geçiren 90 million çemesi dollarynabina edilipdi diýip, Azatlygyň habarçysy bilen anonim şertde gürleşen synçy aýtdy.
Ýerli synçylaryň köpüsiniň pikiriçe, türkmen häkimiýetleri bir tarapdan ymamlara aýlyk berip, haj zyýaratyny amala aşyrjaklaryň belli bir bölegini mugt uçar bilen üpjün edýär, ikinji tarapdan dine we ozaldan gelýän däp-dessurlara uýýanlara garşy dürli çäklendirmeleri girizýär.
“Bir görseň, ýaşlaryň ellerine dakan alajalaryny gopardyp ýörler, birdenem “seniň alajaň ýok welin, wahhabist bolaýma?” diýip, oglanlary heläk edýärler” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran ýerli synçy aýtdy.
“Alaja dakynmaýan ýaşlardan müňkür bolunmagynyň sebäbi, wahhabistler alajany ykrar etmeýär - diýip, synçy gürrüňini dowam etdi. – Ýurtda durmuş-ýaşaýyş şertleriniň yzygiderli agyrlaşmagy, işini ýitirýänleriň, türmä düşýänleriň, çäresiz, mätäç adamlaryň ýyl-ýyldan köpelmegi dinden, köne tümmeklerden hemaýat gözleýänleriň aşa köpelmegine getirdi, bu ýerde döwletiň gadaganlyklaryndan peýda bolmasa gerek” diýip, synçy öz pikirini aýtdy.
Degişli maglumat ABŞ din azatlygynyň basgylanmagyna 'keseden seredip durmajagyny' aýdýarŞu aralykda Azatlygyň Lebap welaýatyndaky habarçysy Halaç etrabynyň häkimiýetleriniň Gyzylaýak obasynda ýerleşýän gadymy medressä, Idris baba zyýarat edýän adamlardan biynjalyk bolup başlandygyny habar berdi.
“Häkimiýetler, hususan-da, ýaşlary din bilen baglanyşykly ýerlerden uzakda saklamagy maslahat berýärler” diýip, Azatlygyň habarçysy bilen gürleşen ýerli ýaşaýjy aýtdy.
Idris baba medressesi türkmenleriň klassyk şahyry Magtymguly Pyragynyň hem okan ýeri bolup, döwlet tarapyndan hem goralyp saklanýar. Ýöne ýerli ýaşaýjylar häkimiýetleriň bu taryhy ýadygärligiň abat saklanmagy üçin ýeterlik tagalla etmeýändigini, ýerli ilatyň bu ugurda edýän tagallalaryny hem kän oňlamaýandygyny habar berýärler.
Degişli maglumat 'Terrorçylyk sebäpli' kanun seljeriler