Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG: Türkmenistanda “gülençiler” eden-etdilikli ýagdaýda tussag, sud edildi


Resulberdy Atageldiýew. "Gülençilikde" aýyplanyp, tussag edilenleriň biri.
Resulberdy Atageldiýew. "Gülençilikde" aýyplanyp, tussag edilenleriň biri.

Birleşen Milletler Guramasy Türkmenistanda “gülençi”, ýagny ABŞ-da ýaşaýan türk ruhanysy Fethulla Güleniň “Hyzmat” hereketi bilen gatnaşyk saklamakda güman edilen 18 raýatyň “eden-etdilikli” ýagdaýda uzak-möhletleýin türme tussaglygyna höküm edilendigini aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň ozal hem habar berşi ýaly, 2016-njy ýylyň tomsunda Türkiýede başa barmadyk harby agdarylyşygyň arkasynda dini ruhany Fethullah Güleniň durandygy öňe sürlenden soň, Türkmenistanda onuň hereketi bilen ilteşiklidir öýdülýänler köpçülik ýagdaýda soraga çekilip, her dürli gynamalara sezewar edilip we uzak möhletleýin türme tussaglygyna höküm edilip başlandylar.

Mundan bir ýyl ozal Azatlyk Radiosyna gowşan, suduň höküminden göçürmedigi aýdylýan dokumentde bolsa, ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirilen sud diňlenişiginde, “gülençi” bolmakda güman edilýän 18 adamynyň 12 we 25 ýyl aralygynda türme tussaglygyna höküm edilendigini görse bolýardy.

Hökümde, ady geçýän 18 adamyň ählisine-de Türkmenistanyň Jenaýat Kodeksiniň 177-nji, ýagny Durmuş, milli ýa-da dini duşmançylygy döretmek maddasynyň 3-nji bölegine; şeýle-de 275-nji, ýagny Jenaýatçylykly düzümleriň maliýeleşdirilmegi maddasynyň 3-nji bölegine laýyklykda aýyplama bildirilip, olar günäli tapylypdyrlar.

BMG-niň Eden-etdilikli tussag edilmeler boýunça Işçi topary özüniň 80-nji sessiýasynyň dowamynda ýokarky ýagdaýlary seljerip, gürrüňi gidýän adamlar “eden-etdilikli” ýagdaýda tussag edilip, türme tussaglygyna höküm edildi” diýen netijä geldi.

BMG-niň ekspertleri türme möhletine höküm edilen raýatlaryň tussag edilmegi we sud diňlenişigi Adam hukuklary baradaky ähliumumy jarnamanyň, Raýat we syýasy hukuklary baradaky halkara paktynyň ençeme maddalaryna ters gelýändigini hem belläp geçdiler.

Ekspertler, suduň höküminde tussag edilenleriň diňe terjimehallarynyň ýerleşdirilendigine, şeýle-de olaryň edendigi aýdylýan etmişleriniň jikme-jikleriniň aýan edilmeýändigine hem ünsi çekdiler.

Ýaşlyk posýologynyň AH-D/1 izolýatorynda geçen sud diňlenişiginde-de, aýyplanýanlaryň aklawçylary diňe “göz üçin” gatnaşdyrylyp, olaryň öz müşderileriniň haýryna nähilidir bir delil getirmegine hem mümkinçilik berilmändir. Mundanam başga, derňewiň dowamynda aýyplanýanlar agyr gynamalara we urgulara sezewar edilipdirler.

Ýeri gelende bellesek, mundan ozal-da, adam hukuklaryny goraýjy, şol sanda “Human Rights Watch”, “Amnesty International”, “Crude Accountability”, “Norwegiýanyň Helsinki Komiteti”, “Türkmenistanyň Alternatiw habarlary” we “Adam hukuklary boýunça türkmen inisiatiwasy” toparlary ýörite beýanat ýaýradyp, “gülençilikde” aýyplanýanlaryň sud diňlenişigini “bikanun” diýip, häsiýetlendiripdiler.

Şol pursat, adam hukuklaryny goraýjy toparlar bu sud diňlenişigi bilen baglylykda, köp soraglaryň açyk bolup galýandygyny belläp, gürrüňi gidýän 18 tussagyň tizden-tiz azat edilmegine çagyryş edipdiler.

BMG-niň Eden-etdilikli tussag edilmeler boýunça Işçi topary hem gürrüňi gidýän 18 adamyň azat edilmeginiň; şeýle-de, halkara kanunçylygyna laýyklykda, olaryň çeken ýitgisiniň öweziniň dolunmagynyň talaba laýyk kanuny hereket boljakdygyny bellediler.

Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň türkmen hökümetindäki ynamdar çeşmeleriniň biri Gadyr gijesine gabatlap geçirilýän nobatdaky günä geçişde “gülençileriň” hem azatlyga goýberilmeginiň mümkindigini aýtdy.

Eger-de bu gezekki günä geçişde “gülençiler" hereketi bilen bagly türmä basylan adamlar köpçülikleýin azatlyga çykarylsa, bu Türkmenistanda syýasy ýagdaýlar bilen bagly azatlykdan mahrum edilenleriň ilkinji gezek köpçülikleýin günä geçişe düşürilmegi bolar.

XS
SM
MD
LG