ABŞ-nyň Döwlet departamenti Din azatlygy boýunça ýyllyk hasabatyny çap etdi.
Dünýäniň 199 ýurdunda din azatlygynyň üpjün edilmegine baha berilýän hasabatda Türkmenistanyň postsowet giňişliginiň iň ýapyk ýurdy bolmagyna galýandygy we munuň hökümetiň din azatlygyna görkezýän güýçli repressiýalaryna täsir ýetirýändigi aýdylýar. Hökümetiň ähli garaşsyz dini hereketlere şübheli garaýandygy we dinçilere ýurduň içinde hem daşynda berk gözegçilik edýändigi bellenýär.
ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Din azatlygy boýunça hasabatynda berilýän rekomendasiýalarda Türkmenistana aýratyn alada döredýän ýurt hökmünde garamak teklip edilýär.
Şeýle-de, rekomendasiýalaryň arasynda adam hukuklarynyň depelenmegine, şol sanda dini azatlyklarynyň bozulmagyna baş goşan aýratyn resmilere we edaralara garşy çäre görmek, resmileriň raýatlary ýitirim etmek tejribesinden el çekmegine, tussaglykda daşky dünýänden üzňelikde saklanýan, şol sanda wyždan ýesirleriniň ençemesiniň saklanýan ýeri Owadan Depe türmesiniň ýapylmagyna, şeýle-de, türkmen hökümetini BMG-niň din azatlygy boýunça ýörite hasabatçysynyň sapar etmegine razylyk bermäge ündemek ýaly çäreler talap edilýär.
2018 ýyl boýunça hasabatda häzirki wagtda dünýäniň ilatynyň 80%-niň din azatlygynyň çäklendirilen şertlerinde ýaşaýandygy bellenýär.