Aşgabatda IP we kabel telewideniýäniň telekanallaryna tomaşa etmek mümkinçiligi çäklendi

Aşgabatda telewideniýä tomaşa edýän adamlar. Illýustrasiýa suraty

Aşgabatda ýagynly günleriň artmagy bilen, döwlet kärhanalary tarapyndan hödürlenýän IP we kabel telewideniýe hyzmatlarynyň hili ýaramazlaşyp, telekanallara tomaşa etmek mümkinçiligi çäklendi.

“Indi iki hepdä golaý wagt bäri paýtagtda gar, ýagmyrly howa dowam edýär. Şondan bäri telekanallaryň tas ählisine diýen ýaly tomaşa edip bolmaýar. Ekrandaky suratlar bulaşýar, hiç zady saýgaryp bolanok ýa-da gulak perdäňi ýyrtyp gelýän ses çykýar. Käbir telekanallaryň ekranynda-da “signal ýok” diýen ýazgy peýda bolýar” diýip, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri gürrüň berdi.

9-njy ýanwarda anonim şertde habarlaşan habarçynyň tassyklamagyna görä, bu näsazlyklar hem ýerli, hem-de daşary ýurt telekanallaryna degişlidir. Şeýle-de, bu näsazlygyň düzedilmegini sorap, “Türkmentelekomyň” degişli edaralaryna ýüzlenen ýaşaýjylara jogapkär resmiler: “Bizde günä ýok. Ähli problema sputnikde” diýip, jogap berýärler.

Degişli maglumat Türkmenistanda çanak antennalary satuwdan aýryldy

Galyberse-de, habarçy ýerli ýaşaýjylara salgylanyp, “Türkmentelekomyň” degişli edaralary tarapyndan iberilen we ilata mugt hyzmat etmeli ussalaryň aglabasynyň näsazlygy bejerip bilmeýändigini aýdýar.

“Türkmentelekomyň” käbir işgärleri munuň sebäplerini işe alynýan ussalaryň üçden iki böleginiň bu ugur boýunça biliminiň, ussatlygynyň ýoklugy bilen düşündirýär diýip, habarçy belledi.

Şol bir wagtda-da, ol özbaşdak işleýän ussalaryň näsazlygy adatça ýarym sagatda düzedýändigi, ýöne bu ussalary çagyrmaga ýaşaýjylaryň aglabasynyň maddy gurbunyň çatmaýandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

“Bu ussalar bir gezek geleni üçin 80 manat töleg soraýarlar. Galyberse-de, telekanallary düzetdireniňden dört-bäş gün soňra howa ýaramazlaşsa, ussany gaýtadan çagyrmaly bolýar” diýip, habarçy gürrüň berdi.

Türkmenistanda döwlet kärhanalary tarapyndan hödürlenýän IP we kabel telewideniýe hyzmatlarynyň ilata hödürlenip başlananyna indi 10 ýyl çemesi wagt boldy. Mundan bäş ýyl çemesi ozal Aşgabatda çanak antennalaryň köpçülikleýin sökülip aýrylmagy bilen, ýaşaýjylaryň tas ählisi diýen ýaly bu hyzmatlardan peýdalanyp başlady.

Şondan bäri döwlet kärhanalary tarapyndan hödürlenýän IP we kabel telewideniýe hyzmatlary ýurduň ilaty üçin daşary ýurt telekanallaryna tomaşa etmegiň ýeke-täk usullarynyň biri bolup galýar.

Türkmenistanly ýaşaýjylaryň we synçylaryň ençemesi telekanallara tomaşa etmek boýunça näsazlyklaryň Türkmenistanyň “Türkmen Älem 52oE” emeli hemrasy kosmosa uçurylany bäri her ýylyň tomus we gyş aýlarynda gaýtalanýandygyny aýdýar.

Degişli maglumat 'Türkmenistanlylaryň ençemesi TW-niň kesilmegi zerarly Dünýä çempionatyna tomaşa etmekden mahrum boldy'

Azatlyk Radiosy ýurduň paýtagtynda we welaýatlarynda merkezleşdirilen kabel telewideniýäniň kadaly işlemeýändigi barada wagtal-wagtal habar berip gelýär.

2015-nji ýylyň 27-nji aprelinde Türkmenistanyň “Türkmen Älem 52oE” emeli hemrasy “Falkon 9” raketa göteriji tarapyndan orbita çykaryldy. Şonda türkmen häkimiýetleri onuň milli tele-radio gepleşikleriň efire berlişiniň hiliniň ýokarlandyrylmagyna, şeýle-de göni efirde telegepleşik geçirmek we internetiň ýokary hilli sistemasyny ýola goýmak işlerine güýçli itergi bermegine garaşylýandygyny mälim edipdiler.

Emma aradan dört ýyla golaý wagt geçendigine garamazdan, ýurtda ilata hödürlenýän kabel telewideniýäniň we internetiň hili henizem pes bolmagynda galýar.

Türkmen döwlet habarlar gullugynyň 2017-nji ýylyň 21-nji dekabrda beren maglumatyna görä, 2018-2024-nji ýyllarda ýurduň kosmos ulgamyny ösdürmäge hem-de onuň işini kämilleşdirmäge 1 milliard 300 million manat, ýagny 370 million amerikan dollaryndan gowrak möçberde maýa goýumlary gönükdiriler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.