Aşgabatda azyk bolçulygy 'üpjün edilýär'

“2-nji mikroraýonuň parkynda arçanyň öňünde adaty azykly çadyrlary dikdiler. Satyjylar sowukda durlar, emma olar bolçulyk illýuziýasyny döretmek üçin 1-nji ýanwara çenli satyp bilmeýärler”

Türkmen telewideniýesi şu günler Aşgabadyň bazarlarynda bolçulyk hakynda reportaž taýýarlaýar. Munuň bilen bir wagtda täze ýyl baýramçylygynyň öňýanynda satuwda öňküsinden has köp azyk önümleriniň peýda bolandygyny habarçylarymyz belleýärler.

“Düýn Teke bazardan tas tutuş günläp bolçulyk hakynda reportaž taýýarladylar” diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy 23-nji dekabrda habar berdi. Onuň sözlerine görä, ýerli medianyň aktiwligi Türkmenistanyň prezidentiniň täze ýylyň öňüsyrasynda azyk üpjünçiligini mahabatlandyrmak hakynda beren görkezmesi bilen bagly.

Habarçylarymyzyň sözlerine görä, soňky günlerde azyk önümleriniň satuwdaky bolçulygyny, bazarlardan daşary, ýöriteleşdirilen baýramçylyk tekçelerinde hem görmek mümkin. Emma bu harytlar käte satylmaýar.

“2-nji mikroraýonuň parkynda arçanyň öňünde adaty azykly çadyrlary dikdiler. Satyjylar sowukda durlar, emma olar bolçulyk illýuziýasyny döretmek üçin 1-nji ýanwara çenli satyp bilmeýärler” diýip, habarçymyz 23-nji dekabrda Aşgabatdan habar berdi.

Degişli maglumat Täze ýylyň öňüsyrasynda: ‘azyk bolçulygy’, goşa bahalar we nyrh gözegçiligi

Munuň bilen bir wagtda habarçylarymyzyň sözlerine görä, bazarlarda azyk önümleriniň görnüşleri we mukdary dogrudanam öňküsinden köpelipdir, ilkinji nobatda-da bu miwelere degişli.

“Dogrudanam miwe köp, emma söwdegärler olary zyýana galyp satmaly bolýarlar. Meselem, ortaça ananasyň bahasy 15 manat, öň ol has gymmatdy. Häzir towuk 13 manatdan, birbada birnäçesini alyp bolýar, öňküsi ýaly bir-birden däl. Towugyň budlary hem bar. Başga şäherlerden gelenler towugy, towuk buduny we miweleri satyn alyp gidýärler, sebäbi olaryň ýaşaýan ýerlerinde has gymmat. Bellemeli ýeri, bananlar öň hiç wagtda 6 manatdan we şeýle uly mukdarda satylmandy. Mandarinler, apelsinler 6 manatdan, naryň bahasy 7 manat, öň olaryň nyrhy 2-3 esse ýokarydy” diýip, habarçymyz aýtdy.

Dekabryň başyndan bäri gyt haryda öwrülen ýumurtga hem şu günki gün paýtagtyň bazarlarynda has elýeterli bolupdyr.

Degişli maglumat Aşgabadyň bazarlarynda azyk harytlarynyň gymmatlamagy we gytçylygy dowam edýär

“Biz täze ýyl tagamlary üçin ýumurtgany arkaýyn satyn aldyk. Bazarda sowadyjysy bolan her bir söwdegäriň ýumurtga zapasy bar, hem hususyýetçilerden, hem-de döwlet öndürijilerden. Bahasy bazaryňky, 45 manatdan 30 sanysyna” diýip, Azatlygyň aşgabatly söhbetdeşi 24-nji dekabrda gürrüň berdi.

Azatlygyň habarçylary Aşgabatda gymmatbaha daşary ýurt alkogol önümleriniň bolçulygynyň hem emele gelendigini aýdýarlar, bahalar öňküsinden ortaça 10-15% göterilipdir.

Şol bir wagtda-da, habarçylarymyzyň bellemegine görä, azygyň möçberiniň öňküsinden has köpelmegine we görkezilen bahalaryň aşakladylmagyna garamazdan,olaryň hili we nyrhy köplenç sorag döredýär.

“Teke bazarda birnäçe gün bäri 2.5 manatdan maýda kartoşka satyldy, töwerek daşynda bolsa polisiýa we howpsuzlyk işgärleri aýlandy. Emma söwdegärleriň özleri alyjylara kartoşkany almazlygy maslahat berip, onuň erbetligi bilen düşündirdiler. Eti 18 manatdan satýarlar, emma bu esasan süňk we gyrkyndylar. Gowy eti 35-40 manatdan satýarlar, emma satyjylar bu nyrhy agzamazlygy soraýarlar. Balygyň bahasy 12 manat, emma ol satuwda ýok” diýip, Azatlygyň habarçysy aýdýar. Onuň sözlerine görä, Daşoguzda we Türkmenabatda etiň bahasy bir kilogramyna 30 manat.

Türkmenistanyň bazarlarynda ençeme ýyl bäri goşa bahalar saklanýar, ýagny azyk önümleri häkimiýetleriň kesgitlän bahasyndan gymmat satylýar.

Ýetip gelýän 2019-njy ýylyň öňüsyrasynda Aşgabadyň bazarlarynda nyrhlara gözegçilik güýçlendi. Bu gözegçiligi howpsuzlyk güýçleriniň we polisiýanyň işgärleri berjaý edýärler. Azatlygyň habarçylary soňky günlerde görkezilen bahadan satmadyk satyjylaryň tussag edilmegi ýaly brinäçe ýagdaý barada habar beripdi.

Muňa garamazdan, satyjylar bahalary galdyrýarlar, sebäbi resmi taýdan kesgitlenen nyrhlaryň hakykysyndan esli aşakladylandygyny we özleriniň mundan zyýana galýandygyny aýdýarlar.

Türkmenistanda azyk bolçulygy barada habar berýän milli media serişdeleri azyk söwdasyndaky problemalary, şol sanda gytçylygy we goşa nyrhlary düýpden agzamaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.