Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze ýylyň öňüsyrasynda: ‘azyk bolçulygy’, goşa bahalar we nyrh gözegçiligi


Azyk bazary, Aşgabat, 20-nji dekabr, 2018.
Azyk bazary, Aşgabat, 20-nji dekabr, 2018.

Täze ýylyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda we bazarlarynda söwda has gyzgalaňly geçýär.

Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, paýtagtda we welaýatlarda käbir gyt harytlar satuwa çykarylypdyr, emma olaryň söwdasy çäklendirilen görnüşde amala aşyrylýar.

“Erkin söwdada ýumurtga ýok, emma ertirlerine etraplardaky döwlet dükanlarynda satylýar. Her adam başyna 10 sanysy berilýär. Eger basa-baslyk bolmasa, nobata birnäçe gezek durup has köpräk satyn alyp bolýar, emma ýumurtganyň tiz gutarýandygy sebäpli söwda tiz togtap galýar. Emma hususy söwdada, lomaý bazarynda we supermarketlerde ýumurtga ýok” diýip, habarçymyz 19-njy dekabrda habar berdi.

Azatlygyň Aşgabatdaky ýene bir habarçysy 20-nji dekabrda irden käbir döwlet dükanlarynda ýumurtganyň her alyja 6-dan köp berilmändigini habar berdi.

Türkmenistanda ýumurtganyň gytçylygy dekabryň başyndan bäri dowam edýär. Aýyň başynda satylýan harydyň möçberi azaldyldy, uly nobatlar döredi.

Gytçylygyň fonunda Türkmenistanyň söwda ministrligi ýumurtganyň zapaslary barada resmi hasabat berdi. Ministrligiň resmi websaýtynda çap bolan maglumatda, towuk ýumurtgasynyň bar bolan sany 2 million diýlip görkezildi we onuň her biriniň 0.33 manatdan satylýandygy habar berildi.

... towuk ýumurtgasynyňky bolsa 2 000 000 sany bolup, her biriniň bahasy 0,33 teňňeden satylýar.
Türkmenistanyň söwda ministrligi

Türkmenistanyň Balkan welaýatynda, hususan-da Türkmenbaşy şäherinde alyjylar, paýtagta garanda, bir wagtda has köp ýumurtga satyn alyp bilýärler.

“Ýumurtganyň bahasy bir gutusyna 10 manat, gutuda 30 sanysy bar. Bu bir adama satylýar. Tüwi 3 kilogramdan. Miweler çäksiz satylýar her kilogramy 6 manatdan” diýip, habarçymyz 20-njy dekabrda habar berdi. Emma onuň sözlerine görä, döwlet dükanlaryndaky söwda uly nobatlaryň döremeginde amala aşyrylýar.

“Adamlar miwe , şeýle-de un satyn almak üçin daňdan sagat 5-6 -dan başlap nobatda durýarlar” diýip, habarçymyz belledi.

Şu günler Türkmenistanyň bazarlarynda hem azyk harytlary kesgitli bahadan hödürlenýär.

Hususan-da, şu günler Aşgabadyň bazarlarynda miweleriň gapdalynda döwlet dükanlarynyň nyrhlaryna barabar baha ýazylypdyr. Bu ýerde howpsuzlyk güýçleriň işgärleri bahalara gözegçilik edýärler.

“Ähli bazarlarda möhür basylan nyrhlar ýerleşdirildi, ýazgylarda döwlet edaralarynyň kesgitlän bahalary görkezilýär, bu berk düzgün we ol ähli bazarlara degişli. Şeýle-de, ähli bazarlarda Içeri işler ministrliginiň we Howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri bar, olar köplenç eli rasiýaly, olar göze ilýär we olar söwdegärleriň satýan hatyrlarynyň bahalaryny galdyrmazlygyna gözegçilik edýärler” diýip, habarçymyz aýdýar.

Aşgabadyň bazary, 20-nji dekabr, 2018
Aşgabadyň bazary, 20-nji dekabr, 2018

Emma onuň sözlerine görä, gözegçilige garamazdan, söwda köplenç görkezilen nyrhdan 2-3 esse ýokary bahadan amala aşyrylýar. Azatlyk bilen söhbetdeş bolan söwdegärler munuň sebäbini düşündirip, döwlet tarapyndan kesgitlenen nyrhlaryň emele ýagdaýda esli peseldilendigini we mejburyýet zerarly özleriniň zyýana galýandygyny aýdýarlar.

“Birnäçe adamyň maňa aýtmagyna görä, olar täze ýyl baýramçylygyndan soň ýer kärendesini uzaltman söwdadan çekilmekçi, sebäbi döwletiň kesgitlän nyrhyndan ýokary söwda üçin jezalandyrylmak howpy bar” diýip, habarçymyz belledi. Onuň sözlerine görä, soňky günlerde görkezilen bahadan söwda eden birnäçe söwdegär jeza sezewar edilipdir.

“Özlerini alyjy edip görkezen, hakykatda howpsuzlyk güýçleriniň işgärleri sebäpli, söwdegärleriň tussag edilmegi bilen bagly ýagdaýlar boldy. Olaryň arasynda “Mir-1” bazarynyň çörek satýan hususy söwdegäri we lomaý bazaryň golaýyndaky "Gök bazarda" et söwdegäri öz harytlaryny hakyky bahalara golaý nyrhdan satandygy sebäpli güýç edaralarynyň işgärleri tarapyndan alnyp gidildi. Güýç edaralarynyň işgärleri gizlin kameralary ulanýarlar. Olaryň yzýany bolup geçýän ýagdaýlary açyk kamera alýan howpsuzlyk wekilleri ylgap gelýärler. Garaz sahna we terror” diýip, Aşgabatdaky habarçymyz aýdýar.

Türkmenistanyň ilaty azyk gytçylygy bilen geçen ýylyň aýagyndan bäri ýüzbe-ýüz bolup gelýär.

Türkmenistanyň häkimiýetleri we döwlet habar beriş serişdeleri bu ýagdaýy açyk agzaman gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Azatlyk Radiosy bilen Telegram arkaly habarlaşyň
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:17 0:00
XS
SM
MD
LG