"Gülençi" diýilýänleri "eden-etdilikli" türmä basmakda ýazgarylan Türkmenistan din azatlygy boýunça alada döredýän ýurtlaryň sanawyndaky ornuny berkidýär.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeonyň Döwlet departamentiniň saýtynda 11-nji dekabrda çap edilen beýanatynda bellenmegine görä, Türkmenistan din azatlygy boýunça aýratyn alada döredýän ýurtlaryň sanawynda durýar.
“Men 2018-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Mýanmany, Eýrany, Hytaýy, KHDR-ny, Pakistany, Saud Arabystanyny, Sudany, Täjigistany we Türkmenistany 1998-nji ýylyň halkara din azatlygy aktynyň çäginde, din azatlygynyň yzygiderli, dowamly we gözçykgynç ýagdaýlarda bozulýandygy üçin, aýratyn alada döredýän ýurtlaryň sanawyna goşdum” diýip, Pompeonyň beýanatynda aýdylýar.
Bu sanawa öňki sowet giňişliginden Orsýet we Türkmenistanyň duldegşir goňşusy Özbegistan hem girýär.
Degişli maglumat ABŞ Türkmenistany din azatlygy boýunça 'aýratyn aladalanma döredýän' ýurtlaryň hatarynda agzadyTürkmenistanyň kanunlary raýatlaryň din azatlygynyň, dine uýmak we uýmazlyk erkinliginiň kepillendirilýändigini aýdýar. Şeýle-de kanun din bilen döwletiň aýrydygyny aýdýar.
Emma muňa garamazdan, Türkmenistanda her ýyl döwlet serişdesiniň hasabyna onlarça adam Saud Arabystanyna haj zyýaratyna iberilýär. Ýerli synçylaryň berýän maglumatlaryna görä, ymamlar,adamlaryň zyýarata barýan gonamçylyklaryndaky müjewürler hem döwlet tarapyndan bellenilýär we döwletden aýlyk alýar.
Ýagdaýy gowy bilýän synçylaryň tassyklamaklaryna görä, dindarlar haj zyýaratyna iberilende hem, wezipä bellenilende hem, ozaly olaryň döwlet syýasatyna näderejede wepadarlygy nazarda tutulýar.
Şol bir wagtda, Türkmenistanda öz dini ynanjy üçin ýanalýan, hatda türmä basylýan raýatlaryň hem az däldigi aýdylýar. Mysal üçin, dini habarlary çap edýän “Forum-18” habar gullugynyň şu ýylyň sentýabrynda çap eden maglumatyna görä, Türkmenistanda şu ýylda öz dini ynanjy üçin tussaglyga höküm edilenleriň sany dokuza ýetdi.
Neşiriň maglumatyna görä, tussaglyga höküm edilenleriň ählisi Ýegowa şaýatlary bolup, olar öz dini ynançlaryna eýerip, hökmany harby gullugy geçmekden ýüz öwrüpdir.
Degişli maglumat Türkmen türmelerinde dereksiz ýitirim edilenleriň sanawy ýene giňeldiAzatlyk radiosynyň Daşoguzdaky habarçysynyň maý aýynda beren maglumatyna görä, sebitiň howpsuzlyk resmileri dine uýýan adamlary basyş astynda saklaýarlar, olary yzygiderli soraga çekýärler we ellerindäki dini mazmunly kitaplaryny konfiskasiýa edýärler, kähalatda adamlaryň sakgalyny mejbury syrdyrmaklyga çenli baryp ýetilýär.
Türkmenistanda “gülençiler herketi” diýilýän bilen ilteşikli bolmakda güman edilenleriň işi bolsa, şu ýylyň iýun aýynda BMG tarapyndan hem ýazgaryldy.
Degişli maglumat BMG: Türkmenistanda “gülençiler” eden-etdilikli ýagdaýda tussag, sud edildiAzatlyk radiosynyň ozal habar berşi ýaly, ABŞ-da ýaşaýan türk ruhanysy Fethulla Güleniň “Hyzmat” hereketi bilen gatnaşyk saklamakda güman edilen 18 raýata uzak möhletli türme tussaglygy hökümleri çykaryldy. BMG bu hökümleriň bikanundygyny, “eden-etdilikli” ýagdaýda çykarylandgyny aýtdy.
Azatlyk radiosyna gowşan, suduň höküminden göçürmedigi aýdylýan dokument ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirilen sud diňlenişiginde “gülençi” bolmakda güman edilýän 18 raýatyň 12 we 25 ýyl aralygynda türme tussaglygyna höküm edilendigini görkezýär.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeonyň beýantynda nygtalmagyna görä, “Dünýäde adamlaryň öz dini ynançlary üçin ýanalýan, türmä basylýan we öldürilýän örän kän regiony bar. ABŞ bu hili ýanamalara kesesinden tomaşa edip durup bilmez”.