Türkmenistanda harbylar bilen bilelikde beýleki döwlet işgärleriniň namazy taşlamaýandygy üçin, işinden kowulýandygy öňe sürülýär. Munuň bilen baglanşykly soňky wagtlarda, Azatlyk Radiosy bilen aragatnaşyga geçýän türkmenistanly raýatlaryň sany köpelýär.
Golaýda bolan şeýle bir wakanyň pidasy owalky harby, efirde adynyň tutulmazlygyny haýyş edip, Azatlyk Radiosyna öz başdan geçirenlerini gürrüň berdi.
Oňa owaly bilen işleýän ýerinde namaz okamagyny goýbolsun etmegi üçin, dürli gysyşlar hem basyşlar edilýär. Hatda ýaşaýan jaýynda resmiler barlag geçirip, onuň otagynda duran Gurhany alyp gidýärler.
Muňa garamazdan, namazy taşlamaýan ol harby, işleýän ýerinden göni Aşgabatdaky Goranmak ministrligine çagyrylýar we işinden kowlar ýaly esas döredip biljek görnüşde öz eli bilen ýörite düşündiriş haty ýazmaga mejbur edilýär.
Wezipesinden kowlan harby işgäre maşgalasy bilen ýaşaýan harby düşelgedäki jaýyny bir günüň dowamynda boşatmagy we özüniň hem welaýaty terk etmegi tabşyrylýar.
Owalky harbynyň aýaly hem döwlet işgäri we şol sanda çagalary hem okuwy dowam edýär ekeni. Güzeran kynçylygy boljagy üçin, ol aýaly bilen çagalaryny o taýda goýup, harby bolup işlän welaýatyny taşlap gaýdýar.
Owal hem oňa telim gezek duýduryş eden ýerli howpsuzlyk işgärleri para beren halatynda azar berilmejekdigini we hatda harby ulgamda ýokary wezipelere beýgelip gitjegini ýaňzydýarlar.
Ýöne, ol öz ukyby we halal zähmedi bilen ösmek isleýändigini aýdyp, korrupsiýa ulgamynyň talaplaryna görä hereket etmekden boýun towlandygyny bildirýär. Owalky harby Türkmenistanda ýöredilýän korrupsiýa ulgamyndan daşaryn, döwlet işgärlerine arassa ýagdaýda, kada-kanunlara görä işlemäge ýol berilmeýändigini aýdýar.
Ol namaz okaýanlaryň hiç biriniň hem haýsam bolsa bir syýasy ýa-da dini topar bilen aragatnaşygynyň ýokdugyny we bolup hem bilmejegini nygtap, olaryň-da edil özi ýaly ata-babalardan gelýän dini-ygtykat ýoluna eýerýändigini belleýär. Owalky harby işden kowulmagyň däl-de, aslynda dogan-garyndaşlarynyň hak-hukugyny aramaga goldaw berip, duýgudaşlyk bildirmegiň deregine "ýurtda ýöredilýän şeýle syýasatyň tarapynda" çykyş edip "aý, aýdylany ýaly edibermeli ekeniň-da, seniň özüňde günä" diýmeginiň özüne gaty agyr degýändigini nygtaýar.
Ýatlap geçsek, Türkmenistanda namaz okaýanlara we sakgal goýberýänlere garşy basyşlaryň hasam batlanandygy barada yzygiderli dürli maglumatlar ýaýramagy dowam edýär. Geçen ýylyň ahyrynda Azatlyk Radiosyna interwýu beren, owalky bir döwlet işgäri hem özüniň namaz okaýandygy sebäpli işinden boşadylandygyny we maşgalasyny eklemek üçin, Türkiýä zähmet migrantlygyna gaýtmaga mejbur bolandygyny aýan edipdi.
Ýatlap geçsek, din bilen baglanyşykly basyş edilýändigi barasynda aýdylýan bu wakalar dogursynda, Türkmenistanyň degişli resmilerinden, şeýle-de Dini işleri boýunça geňeşinden nähilidir bir maglumat ýa-da kommentariýa almak başartmaýar.
ABŞ-nyň Döwlet departamenti tarapyndan dünýäde din azatlygy boýunça ýaýradylan ýyllyk hasabatda hem Türkmenistanyň düýpli alada döredýän ýurtlaryň arasynda galmagy dowam edýändigi bellenýär