Türkmenistanda ýene günä geçişiň yglan edilmegine garaşylýar

Türkmenistan türme şertleri, raýatlaryň ýapyk sudlarda ýa-da kanun normalary doly berjaý edilmezden uzak möhletli jeza çärelerine höküm edilmegi üçin tankyt edilýär.

Türkmenistanda ýurt garaşsyzlygynyň 27 ýyllyk baýramy, şeýle-de Halk maslahatynyň mejlisi mynasybetli günä geçişiň yglan ediljekdigine garaşylýar. Bu barada resmi derejede yglan edilmese-de, Azatlyk Radiosynyň biri-birinden habarsyz ençeme çeşmesi muny tassyklady.

Şol bir wagtda, azatlyga çykjak raýatlaryň arasynda halkara hukuk guramalary tarapyndan syýasy bendiler ýa wyždan ýesirleri diýlip hasaplanylýan adamlaryň hem bardygy ýa ýokdugy häzirlikçe belli däl.

Bu günä geçiş geçen maý aýynda korrupsiýa garşy yglan edilen giň möçberli göreş, şeýle-de dollaryň bikanun satuwynyň öňüni almak çäreleri netijesinde başlanan täze tutda-baslyklardan soň tussaglaryň sanynyň has artmagy, türme şertleriniň has agyrlaşmagy baradaky aladalaryň yz ýanyna gabat geldi.

Maglumat üçin aýdylsa, şu ýylyň iýun aýynda, Gadyr gijesine gabatlanyp yglan edilen günä geçişde 611 tussag azatlykdan mahrum etmek baradaky esasy jezasyny çekmekden boşadyldy.

Azatlyk Radiosynyň hökümete ýakyn çeşmeleri maý aýynyň aýagynda bu gezek Gadyr gijesine gabat azatlyga çykjaklaryň arasynda "gülençiler" diýilýänleriň hem bolmagynyň ähtimaldygyny habar beripdiler, emma bu maglumat tassyk bolmady.

Azatlyk Radiosynyň çeşmeleriniň aýtmagyna görä, ýurtda dollaryň ‘gara bazaryndaky’ durnuksyzlygyň fonunda, soňky iki aýyň dowamynda türkmen häkimiýetleri orta we kiçi telekçileriň onlarçasyny döwlet manadyny daşary ýurt walýutasyna bikanun konwertasiýa etmekde aýyplap tussag edipdirler.

Munuň netijesinde türme tussaglarynyň sanynyň birnäçe esse köpelendigi, tussaglara berilýän naharyň azalyp, bendileriň hem esasan yzlaryndan gelýän azyk önümlerine daýanmaly edilendigi bellenilýär. Galyberse-de, günä geçişiň üsti bilen türmelerdäki tussaglaryň sanyny azaltmagyň göz öňünde tutulýandygy aýdylýar.

Türkmenistanda tussaglaryň umumy sany, jenaýatçylygyň derejesi we kanun bozmalaryň esasy sebäpleri barada açyk statistiki maglumatlar elýeterli däl.

Türkmenistanda tussaglary möhletinden ir türmeden boşatmak boýunça günä geçişler 2007-nji ýyldan bäri ýylyň dowamynda birnäçe gezek, esasan uly baýramçylyklara gabatlanyp geçirilýär.

Nobatdaky günä geçiş 2018-nji ýyl boýunça yglan edilen üçünji günä geçişlik bolar. Şu ýyl ilkinji günä geçiş mart aýynda, Nowruz baýramyna gabat yglan edildi.

Türkmenistan türme şertleri, raýatlaryň ýapyk sudlarda ýa-da kanun normalary doly berjaý edilmezden uzak möhletli jeza çärelerine höküm edilmegi, tussaglaryň daşarky dünýä bilen habarlaşyp bilmezligi we kähalatda gynaga sezewar bolmagy sebäpli halkara guramalary tarapyndan yzygiderli tankyt edilýär.

“Amnesty International” guramasynyň ýyllyk adam hukuklary hasabatynda Türkmenistanyň zorlukly ýitirim edilmeler we türmelerde daşarky dünýäden doly üzňelikde saklamak meselelerini çözmek üçin hiç zat etmändigi aýdylýar.