Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AÝ/AR we HRW BMG-niň 2006-njy ýylda tussaglykda ölen türkmen aktiwisti baradaky maglumatlaryny makullaýar


Öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň Aşgabatdaky heýkeli, 14-nji fewral, 2017
Öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň Aşgabatdaky heýkeli, 14-nji fewral, 2017

Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary komitetiniň 2006-njy ýylda tussaglykda aradan çykan bir adam hukuklary boýunça aktiwistiň ölüminden Türkmenistanyň hökümetiniň jogapkärdigini ýüze çykarmagyny 9-njy awgustda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy hem-de Human Rights Watch guramasy makullady.

BMG-niň Adam hukuklary komitetiniň maý aýynda çykaran hem-de awgustda jemgyýetçilige açylan pikir beýannamasynda Ogulsapar Muradowanyň “adam hukuklary ugrunda alyp barýan işleri üçin, hem-de žurnalistiki käri üçin” öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň hökümeti tarapyndan saklanyp tussag edilendigi mälim edilýär. Muradowa AÝ/AR bilen hem hyzmatdaşlyk edýärdi.

Şeýle-de Komitet Muradowanyň ölümi boýunça türkmen hökümetini garaşsyz derňew işini geçirmäge, onuň maşgalasyna çekdirilen zyýanyň öwezini dolmaga, hem-de Muradowanyň adyny dikeltmäge çagyrdy.

“BMG-niň tapan maglumatlary hukuk goraýjy toparlaryň köpden bäri, Ogulsapar Muradowanyň ölümine onuň adam hukuklary ugrunda alyp barýan işleri hem-de raportlary üçin, türkmen häkimiýetleriniň syýasy matlaply jenaýatlarynyň sebäp bolandygy baradaky pikirlerini tassyklaýar” diýip, AÝ/AR-yň prezidenti Tomas Kent beýanatda aýtdy.

“Bu karar Habar gullugyň korrespondentlerine garşy hökümetiň dowam edýän basyşlary sebäpli aýratyn ähmiýetlidir” diýip, Kent sözüne goşdy.

“Ahyrsoňy, Muradowanyň aýylganç gynalyp öldürilmegine türkmen hökümetiniň jogapkärdigini görkezýän täsirli [BMG] tassyknama bar” diýip, HRW guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça bölüminiň direktorynyň orunbasary Reýçel Denber beýanatda aýtdy.

“Indi, türkmen hökümeti Muradowanyň ölüminden jogapkär adamlary anyklap, jogapkärçilige çekmeli. Aradan 12 ýyl geçdi, ýöne adalat üçin hiç haçan giç däl” diýip, Denber aýtdy.

Ogulsapar Muradowa, 2002-nji ýyl (Arhiwden alnan surat)
Ogulsapar Muradowa, 2002-nji ýyl (Arhiwden alnan surat)

AÝ/AR-yň goşantçysy bolmak bilen bir hatarda, Muradowa Türkmen Helsinki guramasyny esaslandyrmaga gatnaşypdy. Bu garaşsyz hukuk topary sürgünlikde Bolgariýadan Türkmenistan bilen bagly meseleleriň üstünde işleýärdi. Ol Nyýazowyň hökümetiniň tussag eden birnäçe ýüz dissidenti diýip anyklan adamlary barada raport beripdi. Bu Merkezi Aziýa döwleti adam hukuklary bilen bagly meseleler sebäpli ýiti halkara tankyda uçrap gelýär.

Muradowa 2006-njy ýylyň iýun aýynda türkmen paýtagty Aşgabadyň polisiýasy tarapyndan tussag edildi. Soňra ol başga-da iki aktiwist, şol sanda erkek dogany Annadurdy Hajyýew bilen bilelikde bary-ýogy iki sagada çeken ýapyk sud diňlenişiginde türme tussaglygyna höküm edildi. Hukuk goraýjy toparlar bu hökümiň “toslama aýyplamalar” esasynda çykarylandygyny aýdýar.

Muradowa alty ýyl möhlet bilen türme tussaglygyna höküm edildi. Ýöne 2006-njy ýylyň 13-nji sentýabrynda onuň maşgalasyna Muradowanyň tussaglykdaky ölüm habary gelip gowuşdy.

Aýdylmagyna görä, jesediň netijesi asla äşgär edimedik hökümet barlagynda Muradowanyň kellesiniň arkasyna urlan zarbadan aradan çykandygy habar berildi.

Diplomatiki kanallaryň ara goşulmagy bilen Muradowanyň maşgalasyna onuň jesedini görmäge rugsat berildi. Ony gören maşgala agzasy jesediň maňlaýynda çuň kesigiň, boýnunyň töwereginde boglan bolmagynyň ahmaldygyny alamatlandyrýan gara tegmilleriň, elinde açyk ýaralaryň, hem-de aýaklarynda agyr sypjyryk ýaralarynyň bardygyny habar berdi.

Hukuk toparlary bir kanun goraýjy resminiň Muradowanyň soraga çekilende gynalyp öldürilendigini aýdan tassyklanmadyk maglumatlaryny agzady. Başga bir adam aktiwistlere beren gürrüňinde hakykaty gizlemek üçin, Muradowanyň öz janyna kast eden ýaly edip görkezilendigini aýtdy.

Hökümet Muradowanyň tebigy sebäplerden aradan çykandygyny öňe sürüp, onuň ölümini derňemedi.

Türkmenistanyň kartasy
Türkmenistanyň kartasy

2013-nji ýylda Açyk Jemgyýetde Adalat inisiatiwasynyň ýuristleri Hajyýewiň adyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary komitetine arza-şikaýat bilen ýüz tutdy. Arzada Muradowanyň žurnalistiki işlerinden ar almak üçin onuň gynalandygy we tussaglykda ölendigi, hem-de şu ýagdaýlar bilen bagly türkmen hökümetiniň Syýasy we raýat hukuklary boýunça Halkara ylalaşygyň borçnamalaryny bozandygyny alamatlandyrýan beýleki hereketleri öňe sürülýär.

Bu şikaýata 24-nji maýda beren jogabynda Komitet hökümetiň özüni alyp barşyny ýazgarýar, saklanan ýa-da tussag edilen adamlaryň “durmuşyny alada etmekde” onuň jogapkärçiliklerine ünsi çekýär. Şeýle-de onda hökümetiň gynamalar we tussaglykdaky ölümiň sebäpleri barada aýdylýan gürrüňleri dürs derňäp bilmändigine, jesediň barlag netijeleriniň äşgär edilmezligine, hem-de Muradowanyň sud prosesi bilen bagly ençeme kanun bozmalara üns çekilýär.

Şeýle-de, Komitet Gurbanguly Berdimuhamedowyň hökümetini “şuňa meňzeş kanun bozmalaryň geljekde gaýtalanmazlygy üçin, ähli zerur çäreleri görmäge” çagyrdy.

Türkmenistanda AÝ/AR bilen ilteşikli žurnalistler we olaryň maşgala agzalary onýyllyklaryň dowamynda hüjümlere, zorluklara we tussag edilmelere sezewar boldy. Freedom House guramasynyň 2017-nji ýyl üçin Metbugat azatlygy boýunça çap eden hasabatynda Türkmenistan metbugat azatlygynda dünýäde iň ýaramazlykda Demirgazyk Koreýa bilen deňleşdirilýär.

2014 – 2015-nji ýyllar aralygynda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugy hökümetiň howandarlygynda amala aşyrylan yzygiderli hem-de sistematiki gorkuzma kampaniýalary sebäpli özüniň habarçylarynyň ýarysyny ýitirdi diýip, AÝ/AR-yň resmileri aýdýar.

Maksatly kampaniýalar 2018-nji ýyla çenli çenli dowam etdi; gullugyň baýry korrespondenti Soltan Açylowa soňky 15 aýyň dowamynda azyndan sekiz gezek fiziki hüjüme sezewar boldy diýip, resmiler aýdýar.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň halk arasynda Azatlyk Radiosy diýlip tanalýan Türkmen gullugy 65 ýyl bäri döwletiň monopoliýasyna alternatiwa hödürläp, diňleýjilerini senzurasyz dogry maglumatlar bilen üpjün edip gelýär.

XS
SM
MD
LG