Daşoguz-Aşgabat awtomobil ýolunda, “Amul-Hazar” awtorallisine görülýän taýýarlyk işleri bilen baglylykda, geçen hepdäniň duşenbe gününden bäri ulag gatnawy togtadyldy diýip, Azatlygyň Daşoguzdaky çeşmesi habar berýär.
Resmi bolmadyk maglumatlara görä, awtomobil gatnawynyň togtadylmagy Daşoguzdan gyssagly Aşgabada gitmek zerurlygy ýüze çykan adamlar, hususan-da näsaglar, ýokary okuw jaýlaryna girmek üçin Aşgabatda ekzamen tabşyrmaly ýaşlar üçin uly kynçylyklary döredýär, şol sanda goşmaça çykdajylara sebäp bolýar.
Şu aralykda otla hem uçara bilet almagyň hem aşa kynlaşandygy, gyssaga düşen adamlaryň bilet almak üçin barha kän araçylara ýüz tutmaly bolýandygy we netijede, bagty gelip, bilet alan adamlara otly biletleriniň 10 esse, uçar biletleriniň bolsa 5 esse gymmat düşýändigi aýdylýar.
Azatlygyň bir okyjysynyň 4-nji awgustda iberen maglumatyna görä,häzir Türkmenistanda welaýatlar arasynda uçýan uçarlarda uçuş biletiniň bahasy ortaça 85 manat.
“Ýöne adamlar uçar biletlerini bir hepde öňünden hem 85 ýa-da 90 manda hem alyp bilenoklar. Barsaň eşitjek zadyň - "Bilet ýok!" diýip, okyjymyz habar berdi.
Onuň sözlerine görä, eger tanşyň bolsa ýa-da köpräk pul berseň, bilet taýýar,ýagny ýap-ýaňy ýok diýlenzat hem bar bolýar.
“Özümizde bolan zat, 6-njy iýulda uçara bilet tapman, soňundan wokzala baryp, nobata durduk” diýip, Azatlygyň okyjysy öz başyndan geçenlerden söz açdy.
“Her kassanyň öňünde düzülip, bilet üçin nobata duran adamlaryň sany50-60-dan az däldi. Gapdalymyzdaky hatarda üç-dört sany harby eşikli adam hem nobata durdy. Birdenem gapdaldaky hatarda duran adamlar bir-biregi itekläp, çekeleşmäge başladylar we bir aýal gorkup gygyrdy. Ýaňky harby eşikli adamlaryň biri, topalaňyň arasyndan çykman, öňündäki adamlaryň köýneginden ýapyşyp, öňe geçjek boldy. Wokzalyň içindäki garawullar ýetişip, adamlary zordan köşeşdirdiler” diýip, okyjymyz aýtdy.
Aýdylmagyna görä, şunuň ýaly bilet nobatlarynda adamlaryň urşup, kassanyň aýnalaryny döwýän halatlary hem bolýar. Munuň üstesine, ýolagaçylaryň kynçylygy bilet almak bilen hem gutarmaýar.
“Otly gelip, indi münmeli diýlende, prowodnik wagondan çykyp: - Öňünden aýdaýyn - kondisioner işleýän däldir! - diýip gygyrdy. Onda-da alaç ýok, mündük. Ýöne wagonyň içiniň ýakymsyz ysy şobada ýüregimizi bulady” diýip, okyjy derrew aýnalary açyp, zordan oňşuk edendiklerini gürrüň berdi.
Şeýle-de, Türkmenistanda otla münýän ýolagçylar ýolda çaý içmegiň uly arzuwa öwrülýändigini, sebäbi ol ýerde gaýnag suwuň hem ýokdugyny habar berýärler.
“Düşek bilen ýassyk bir wagytlar ak reňkde bolan bolmaly. Saralyp, şorlap gidipdir” diýip, Azatlygyň okyjysy ýazýar.
Şeýle-de ol wezipesi boýunça otluda adamlara hyzmat etmeli prowodnigiň, öz münen wagonlarynda gaty yzgytsyz bolup çykandygyny aýtdy.
“Bir garry aýal biletdäki nomerlere seredip, ýerini tapjak bolup, adamlaryň öňünde azajyk sägindi welin, prowodnik gördi-de: - Eý, heleý! Aýryl adamlaryň öňünden - diýip gygyrdy. Emma ol ýaş oglanlara başgaça çemeleşýär, ýuwaşlyk bilen ýanyňa gelýär-de: - Çilim ýa-da nas atýan bolsaň, çekinmän ýanyma geläý - diýýär” diýip, Azatlygyň okyjysy aýdýar.
Onuň sözlerine görä, otluda bir çilim çekmäge rugsat aljak bolsaň, prowodnige azyndan 5 manat tölemeli; telefony zarýada goýmak üçin hem 5 manat tölemeli.
"Hiç kimiň bu zatlar bilen işi ýok. Eger şul zatlara jogap berýän adamlar muny bilip durup hiç zat etmeýän ýa-da bilmeýän bolsalar, Azatlyk radiosyndan şu temany açyp görkezmegini haýyş edýärin" diýip, okyjy ýazýar.