Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda ygtyýarnamasyz kireý edýän hususy taksilere gözegçilik güýçlenýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Aşgabatda şahsy awtoulaglarynda lisenziýasyz, ýagny rugsat haty bolmazdan kireý edýän raýatlar barada gözegçilik güýçlendi. Bu barada “Hronika Türkmenistan” neşiri habar berýär.

Şu günler Aşgabatda ýol gözegçiligi polisiýasynyň we Salgyt gullugynyň işgärleri bilelikde çäre geçirip, bikanun (degişli patenti bolmazdan) adam gatnatmak bilen meşgullanýan taksiçileri tutýarlar, diýip neşir 4-nji maýda habar berdi.

“Hronika Türkmenistan” öz habarçylaryna salgylanyp beren habarynda, ýurduň paýtagtynda şahsy ulagy bilen adam gatnadyp kireý edýän adamlara Salgyt gullugynyň wekilleriniň ýolagçy bolan bolup münýändigi, gullugyň işgärleriniň polisiýa bilen hyzmatdaşlyk edip sürüjilere jerime salýandygy habar berilýär.

Bu ýagdaýlar barada Azatlygyň paýtagtly habarçysy Kemal atly aşgabatly bir sürüjä salgylanyp taýýarlan maglumatlarynda:

“Her köçäniň ugrunda, aýratyn-da, bukurak ýerlerde salgyt gullugynyň işgärleri ýolagçy bolan bolup, hususy awtoulaglara el galdyrýarlar. Kireý edip ýören sürüji, elbetde, ýolagçy elini galdyrsa durmaly bolýar. “Ýolagçy” awtoulaga münüp, barjak ýerini aýdandan soňra, hususy awtoulag eýesi 100 metr çemesi ýol geçmänkä, bir ýerden eli taýakly awtoinspektor peýda bolup, ulagy saklaýar.

“Men kireý edemok” diýip, sypjak gümanyň ýok. Saňa ýolagçy bolan adam salgyt gullugynyň işgäri bolup çykýar. Onsoň hem salgyt gullugynyň işgärine, hem awtoinspektora ýalbaryp başlaýarsyň. Salgyt gullugynyň işgäri bilen ylalaşsaň, sürüjä düşýän jerimäniň 100 manatdygyny, ylalaşmadyk sürüjiniň bolsa banka gidip tölemeli jerimesiniň 300 manatdygyny aýdýarlar. Sürüji görgüli 100 manat berip sypsa razy bolýar diýip, Kemal sözüne goşýar” diýip, martyň aýagynda habar beripdi.

“Hronika Türkmenistanyň” habarynda ýolagçy gatnatmaga ygtyýarsyz sürüjilere salynýan jerime tölegleri barada-da maglumat berlip, bikanun ýolagçy gatnadýan awtoulag eýelerine birinji gezek tutulanda 300 manat, ikinji saparda 500 manat pul jerimesiniň salynýandygy, üçünji gezekde olaryň sürüjilik şahadatnamalaryndan mahrum edilýändigi bellenip geçilýär.

Mundan ozal Azatlygyň taýýarlan maglumatlarynda, indi adamlaryň ýekebara öz şahsy awtoulaglarynda gazanç etmek ygtyýarlyklarynyň ýatyrlandygy, hususy awtoulagy bilen kireý etmekçi bolýan raýatlaryň azyndan 12 adam bolup birleşip, hojalyk jemgyýeti diýilýän ýörite firma şekilli edara döretmelidigi habar berlipdi.

“Bu jemgyýeti döretmek üçin resminamalaryň onlarçasy, belkem, ýüzlerçesi talap edilýär. Her bir awtoulagy tehniki taýdan guratlygy boýunça barlagdan geçirmeli. Ýolagçyny alyp barýan mahaly, ýol hadysasy bolsa, ýolagçylara maliýe ýardamyny etmek barada, degişli edaralar bilen şertnama baglaşylmaly. Ýörite kesgitlenen möçberdäki salgydy Salgyt gullugyna her üç aýda bir gezek tölemeli. Ine, şondan soň, rugsatnama berilýär. Ýöne bu şertleri ýerine ýetirmek örän kyn. Sebäbi talap edilýän resminamalary ýygnamak mümkin däl diýen ýaly” diýip, adynyň agzalmazlygyny soran, hususy taksi eýeleriniň biri şonda gürrüň beripdi.

Aşgabatda öz hususy awtoulaglary bilen kireý edýän raýatlaryň ençemesiniň Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmelerine gürrüň bermegine görä, mundan öň lisenziýany bir ýyl möhlet bilen belli derejede alyp bolan bolsa, soňky wagtlarda ony almak düzgünleri juda çylşyrymlaşdy we kynlaşdy.

“Hronika Türkmenistanyň” habarynda “Aşgabadyň degişli gurluşlary indi iki ýyl bäri hususy maşynda adam gatnatjaklara patent bermeýär. Onsoň bu iş bilen meşgullanyp, maşgala eklemäge çalyşýan adam kanuny bozmaga mejbur bolýar” diýilýär.

XS
SM
MD
LG