Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Lebapda awtomobil ýaryşyna badalga berýär, aeroport açýar


Arhiwden alnan surat
Arhiwden alnan surat

26-njy fewralda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatynyň administratiw merkezi Türkmenabatda “Amul – Hazar 2018” halkara awtorallisine, şeýle-de welosiped we ylgaw ýaryşlaryna badalga bermek mynasybetli geçirilen çärelere gatnaşdy. Şol bir wagtyň özünde, türkmen prezidenti günüň ikinji ýarymynda Lebap welaýatynyň paýtagtynda gurlup ulanylmaga berilýän täze Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň döwlet mediasy habar berýär.

Eýýäm bir aý çemesi wagt bäri, prezidentiň Lebaba etmeli sapary we onuň çäginde görlen taýýarlyklaryň hysyrdylary barada Azatlyk Radiosy ýurduň içindäki öz çeşmelerine salgylanyp habar berip gelýär.

Mysal üçin, welaýatda prezidenti garşy aljak adamlara artykmaç gürlemezlik barada berlen tabşyryklar, hem-de prezidentiň welaýata edýän saparynyň dowamynda geçirilmeli çärelere gatnaşmaly edilen adamlaryň ak uniforma geýmelidigi hakyndaky görkezmeler dogrusynda habarlar berildi.

Çäreler

Şu gün welaýat merkezinde “Beýik Ýüpek ýoly” atlandyrylan köpçülikleýin sport çärelerine badalga beren prezident Berdimuhamedowyň hut özüniň çäräniň geçirilýän ýerinde, ýene-de “ulag sürmek” ýaly ukyplaryny görkezendigini türkmen media serişdeleri habar berýär.

Resmi metbugat “Amul – Hazar 2018” halkara awtorallisiniň, welosiped we ylgaw ýaryşlarynyň “ýurduň arheologik hem-de medeni-taryhy ýadygärliklerini ..., şeýle-de sporty we bedenterbiýäni wagyz etmek maksady bilen” geçirilýändigini habar berýär. Hatda, bu çäräniň welaýatlaryň çäginden geçýän böleklerinde ylgaw ýaryşlaryny geçirmeklik hem göz öňünde tutulypdy.

Ozalam şuňa meňzeş wagyz ediş çäreleriniň birinde, has takygy Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilmeginiň öňüsyrasynda 500 günläp atly ýöriş geçirilip, onuň her welaýatdan geçýän böleklerinde gurnalan çärelerde adam pidalarynyňam bolandygy habar berlipdi.

Türkmenistanda resmileriň “jemgyýetçilik aňyny kemala getirmekde möhüm rol oýnaýar” diýip düşündirýän şeýle “medeni” çäreleriň geçirilmegine aýratyn ähmiýet berilýäne çalym edýär.

Halkara howa menzili

Günüň ikinji ýarymynda prezident Berdimuhamedow Türkmenabadyň täze Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşýandygyny, TDH habar berýär.

Agzalýan aeroportuň gurluşygynyň dürli döwürlerde sägindirilmegi we onuň mümkin bolan sebäpleri barada mundan ozal käbir maglumatlar peýda bolupdy.

Türk dilinde habarlar çap edýan bir neşiriň maglumatlarynda, şol sanda iri halkara gurluşyk taslamalary barada maglumatlary toplaýan “Construction Intelligence Center” merkeziniň maglumatlarynda Türkmenabadyň Halkara howa menziliniň gurluşygynyň ilkibaşda Ukrainanyň “Altkom” kompaniýasyna berlendigi aýdylýar.

Gürrüňi gidýän maglumat serişdelerinde, bu firma 2013-nji ýylyň fewral aýynda aeroportuň gurluşygyna başlap, 2015-nji ýylyň awgust aýynda taslamanyň maliýeleşdirilmeginde dörän kynçylyklar sebäpli taslamany ýarym taşlaýar.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki media serişdelerinde Türkmenabatda ulanylmaga berilýän täze Halkara howa menziliniň ulag gatnawlaryny görnetin giňeltmäge, şeýle-de ýurduň Gündogar sebitiniň senagat taýdan ösüşine goşant goşjakdygy aýdylýar.

Täze halkara howa menzilinde sagatda 500 ýolagça hyzmat etmäge ukyply ýolagçy we beýleki degişli terminallaryň bina edilendigini resmi metbugat habar berýär. Ýöne, Türkmenabadyň halkara aeroportundan haýsy halkara reýsleriň amala aşyrylýandygy barada giňişleýin maglumat elýeterli däl.

Mundan ozal, türkmen hökümeti ýurduň paýtagtynda 1 ýylda 17 milliondan gowrak ýolagça hyzmat etmäge niýetlenilen 2.3 milliardlyk Aşgabat Halkara howa menzilini gurdurdy.

Döwlet mediasy gurulýan howa menzillerini, demirýollaryny, deňiz portlaryny we beýleki wajyp transport ulgamlaryny Türkmenistanyň Ýewraziýa giňişligindäki geoykdysady “möhüm” roly diýip düşündirmäge çemeleşýär.

Ýöne, Türkmenistany ýakyndan yzarlaýan synçylar ýurduň halkara transport ulgamlarynyň öz raýatlaryna sözüň doly manysynda elýeterliligine şübheli garaýarlar. Mysal üçin, paýtagtyň halkara howa menzilinden daşary ýurda sapar etmäge synanyşan raýatlaryň kähalatlarda ýurtdan goýberilmeýändigi barada maglumatlar wagtal-wagtal peýda bolup durýar.

Sözümiň başyndaky “Amul – Hazar 2018” awtorallisi baradaky gürrüňe dolanyp gelsek, Türkmenistanyň prezidenti geçen ýylyň aýagynda “Amuldan Hazara çenli” awtomobil ýaryşynyň guramaçylygyny Içeri işler ministrligine tabşyrypdy.

Şeýle çärelere ýurtda 2018-nji ýylyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilmeginiň çäginde seredilýär.

ÝUNESKO-nyň maglumatlarynda taryhda Merkezi Amyderýa regionynyň paýtagty bolan we häzirki Türkmenabat şäheriniň eteginde ýerleşendigine ynanylýan Amul şäheriniň Gadymy Ýüpek ýolunyň ugrunda aýratyn ähmiýetli söwda nokady bolandygy aýratyn bellenýär.

Prezidentiň açylyşlara gatnaşmak üçin 26-njy fewralda Lebaba sapar edýän wagty Azatlyk Radiosynyň welaýatdaky habarçylarynyň aýtmagyna görä, Türkmenabadyň merkezi köçeleriniň ugrunda ýaşaýan ilatyň öýlerinden çykmagyna rugsat berilmeýär.

XS
SM
MD
LG