Daşary ýurtlarda ýokary bilim alan ýaşlar öz diplomlaryny Türkmenistanda ykrar etdirmekde we soň bu diplom bilen işe ýerleşmekde dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolup gelýärler.
Azatlyk Radiosynyň çeşmesi häzirki wagtda Daşoguzda ýaşlaryň ýüzlerçesiniň daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlaryny tamamlap alan diplomlaryny tassyklatmak üçin okan ýyllaryna degişli howpsuzlyk we maliýe hasabatlaryny bermeli bolýandygyny habar berdi.
"Diplomy tassyklatmak üçin indi okan döwletlerindäki bankomatlardan çekilen pullaryň çek kagyzlary we dükanlarda sowulan pullaryň, ýagny satyn alnan azyk we beýleki harytlarynyň kwitansiýalary talap edilýär. Şeýle-de, howpsuzlyk işgärleriniň geçirýän derňewinden geçmeli. Okan döwletleriňde dini we syýasy guramalara gatnaşyp-gatnaşmandygyň berk derňelip, dürli ownuk soraglar berilýär. Howpsuzlyk işgärleri derňänden soňra diplomyňy tassyklatmaga rugsadyň berlip-berilmejegini belli edýärler" diýip, Azatlyk Radiosynyň çeşmesi aýtdy. Onuň sözlerine görä, howpsuzlyk işgärleriniň barlagyndan geçmek üçin daşoguzlylar Aşgabada azyndan on gezek barmaly bolýarlar, ýa-da ýene bir çykalga hökmünde tanyş tapyp gowy harakteristika almaga synanyşýarlar.
Çeşmämiziň aýtmagyna görä, howpsuzlyk we maliýe barlaglaryndan geçen raýatlar diplomyny tassyklatmak üçin synagdan geçmäge rugsat alýarlar. Emma diplomy tassyklatmak üçin geçirilýän synaglaryň maliýe çykdajysy hem bar.
Türkmenistanda daşary ýurt diplomlaryny ykrar etmek prosesi ilkinji gezek 2014-nji ýylda başlanyp, togtapdy we bir ýyllyk arakesmeden soň 2015-nji ýylda dowam etdirilipdi. Şonda diplomy tassyklatmak üçin resmi talaplaryň sanawy kesgitlenipdi. Emma şonda howpsuzlyk we maliýe synagyndan geçmek talabyna degişli düzgün agzalmandy.
Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanda ýaşlaryň daşary ýurtlarda okap alan diplomlaryny tassyklatmagyna kynçylyk döredýän bu goşmaça barlaglar barada resmi çeşmelerden we döwlet edaralaryndan düşündiriş almak synanyşygy häzirlikçe başa barmady.
Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda bilim alanlaryň öz diplomlaryny tassykladyp işe ýerleşen ýagdaýynda zähmet hakynyň kem tölenýändigini aýdýarlar.
"Indi daşary ýurt döwletleriniň okuw jaýlaryny tamamlan ýaşlar mekdeplere ýa-da keselhanalara işe giren ýagdaýynda azyndan 5 ýyl işlän işiniň hakynyň diňe 50 göterimini alýarlar. Galan ýarysy döwletiň haýryna geçýär. Öň beýle ýagdaý döwlet tarapyndan okuwa ugradylmadyk, emma öz güýji bilen daşary ýurtlarda okap gelen ýaşlara degişlidi, indi daşary ýurtlarda diplom alnanlaryň ählisine degişli, sebäbi hökümet dollaryň çalyşyk kursuny 3.5 manatdan hasaplap, ýaşlary döwletiň hasabyna okuwa iberipdir" diýip, daşoguzly söhbetdeşlerimiziň biri aýtdy.
Türkmenistan ýylda 6 müňden gowrak raýatyny daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlaryna döwletiň hasabyna ugradýar.
Türkmenistanyň daşynda öz hasabyna okaýan türkmenistanly ýaşlaryň sany barada resmi maglumat ýok. Garaşsyz habar çeşmelere görä, daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan türkmenistanlylaryň sany ýüzlerçe müň adama ýetýär. Türkmen ýaşlary köplenç Türkiýä we post sowet ýurtlaryndan Orsýete, Belarusa, Ukraina we Täjigistana barýarlar.
Maglumat üçin, Türkmenistanyň öz ýokary okuw jaýlaryna ýylda jemi 8 müňden gowrak adam kabul edilýär, orta hünär okuw mekdeplerine kabul edilýänleriň sany hem 8 müňden sähel gowrak. Orta mekdeplerini tamamlanlaryň sany bolsa ozalky ýyllarda 100 müň çemesidi. Resmi maglumata görä, 2017-nji ýylda Türkmenistanyň orta mekdeplerine birinji klasa 142 müň çaga alnypdyr.