Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bir soraga üç jogap: Daşary ýurtdaky türkmen talyplary näme etmeli?


Talyp.
Talyp.

Bu ýyl daşary ýurtlarda okaýan türkmenistanlylaryň nobatdaky okuw ýyly ozal görülmedik pul kösençliklerinde tamamlanýar: olar Azatlyk Radiosyna ene-atalarynyň iberen pullaryny hem alyp bilmeýändiklerini, netijede okuw tölegleriniň tölenmän galýandygyny habar berýärler.

Eýsem, türkmenistanly studentler bu ýagdaýda nähili çykalga tapyp we okuwlaryny dowam etdirip bilerler?

Aslynda, türkmen häkimiýetleriniň häzirki alyp barýan maliýe syýasatlarynyň çäginde türkmen studentleri üçin oňyn çykalga mümkinmi?

Bir soraga üç jogap: Daşary ýurtdaky türkmen talyplary näme etmeli?
please wait

No media source currently available

0:00 0:05:58 0:00

Azatlyk Radiosy bu sorag bilen gyzyklanyp, häzir Russiýanyň ýokary okuw jaýlarynyň birinde bilim alýan Maral Öwezowa (ady üýtgedilen - red), "Türkmenistanyň Alternatiw Habarlary" neşiriniň redaktory Ruslan Mätiýew, "Türkmenistanyň Hronikasy" neşiriniň redaktory, hukuk goraýjy Farid Tuhbatullin bilen söhbetdeş boldy.

Maral Öwezowa:

Men “Daşary ýurtlardaky türkmen talyplary häzirki ýagdaýda näme etmeli?” diýen soraga bir agyzda häzir yzyna, Türkmenistana dolanmaly däl diýip jogap bererdim. By pikirimi öz mysalymda düşündireýin. Eger men häzir Türkmenistana dolanyp barsam, yzyma – okuwymy dowam etdirmäge gelip biljegime 100% ynanmaýaryn. Ýakyn tanyşlarymyň aýtmaklaryna görä, eger yzyma barsam, maňa pagta meýdany ýa-da başga iň az aýlykly, kemsidiji iş orunlary garaşýar. Sebäbi meniň enem-atamda müňlerçe dollar para berip, çagasyny okuwa ýa işe ýerleşdirmäge mümkinçilik ýok. Eger şeýle pul bolup, ol ýerde okuwa girsem-de, çäreler sebäpli döwrebap bilim almajagyny gowy bilýärin. Onsoň men häzir yzyma – ýurda dolanyp barsam, okuwly-bilimli, ýokary hünärli adam bolup ýetişmek arzuwymy jaýlamaly, özümi we gelejegimi häkimiýetleriň eden-etdiligine gurban bermeli bolaryn diýip pikir edýärin.

Emma enem-atamyň iberýänje puluny hem alyp bilmesem, men nädip daşary ýurtda ýaşaryn? Bu soraga men özümçe şeýle jogap tapdym: Häzirki okaýan ýokary okuw jaýymdan çykyp, has pesdäki okuw jaýyna geçmek kararyna geldim. Bu maňa pul tygşytlamaga hem-de okaýan ýurdumda kanuny esasda, student hökmünde galmaga şert döredýär.

Meniň ýaly pikir edýän studentler başga-da bar. Bir tanşym Türkmenistana yzyna gitmezlik üçin internetde kömek fonduny açyp, okuw üçin pul ýygnamagy karar etdi. Beýleki bir tanşym bolsa, karz pul almak bilen çykalga gözleýär.

Elbetde, okuw üçin pul – scholarship tapmaga synanmak hem bir çykalga. Sebäbi daşary ýurtly studentlere kömek üçin şeýle programmalar bar we bu barada türkmen studentleri öz tejribelerini paýlaşsalar, özlerine-de, biri-birine-de kömek edip bilerdiler.

Ahyrynda aýtjak zadym, eger biz bu kynçylykdan sag-aman geçip, okuwymyzy dowam etdirip bilsek, erteki gün öz ýurdumyza, döwletimize gerekli, ýokary hünärli adamlar bolup ýetişeris diýip umyt edýärin. Diýmek, biziň bilim almagymyz özümize-de, ene-atamyza-da, ýurdumyza-da juda gerek, sebäbi Türkmenistany bilimsiz adamlar şu günki ykdysady kynçylyklara saldy diýip ynanýaryn. Ol kynçylyklardan çykmak üçin ýurda bilimli adamlar gerek, bilimsizler şeýle-de kän.

Ruslan Mätiýew:

Näme aýdyp bilerin? Biziň okan döwrümizde ýurtda beýle ykdysady problemalar we çylşyrymlylyklar ýokdy. Bu birinjiden. Ikinjiden, studentleriň köpüsi okaýan ýurtlarynyň okuw jaýlaryndan stipendiýa alýardylar, sebäbi esas bardy we olar okuwlaryna gowy ýetişýärdiler.

Häzir, elbetde, studentleriň ýagdaýy çylşyrymly, Türkmenistanyň banklary pul geçirmeklige, walýuta konwertasiýany uly çäklendirmeleri girizdi we mundan hem studentler, hem olaryň ene-atalary ejir çekýär.

Şol bir wagtda, meniň pikirimçe, häzir daşary ýurtlarda okaýan oglan-gyzlar 20-22 ýaşlarynda. Bu olaryň bolmanda bölekleýin okuw tölegini etmek, özlerini eklemek üçin özbaşdak alada edip biljek ýaşdaky adamlardygyny görkezýär. Meniň bilşimçe, Orsýet Federasiýasynyň we Belarus respublikasynyň berýän okuw wizalary biziň oglan-gyzlarymyza kanuny işlemek mümkinçiligini berýär. Onsoň prinsipde studentiň gündizlerine okap, agşamlaryna işlemegi kadaly bir zat.

Biziň studentlerimiziň okuwa ýetişigi başga bir mesele bolup durýar. Olaryň hemmesiniň okuwa ýetişigi gowy diýip aýdyp bolmaz. Olaryň okuwlaryna gowy ýetişmeýändikleri aýdylýar. Ýadyňyzda bolsa, şu ýylyň mart aýynyň başynda uly makala çap edildi, onda Belarusyň Ýokary okuw jaýlarynyň ýolbaşçylarynyň biri türkmen studentleriniň okuw ýetişikleriniň pesdigini aýdyp zeýrendi. Ol türkmen studentlerine üçlük goýmak üçinem bahany ösdürmeli bolýandyklaryny, ýogsa olaryň okuwdan çykarylmalydygyny aýtdy.

Meniň aýtmak isleýän zadym, biziň oglanlarymyzyň bilim derejesi örän pes, okamak höwesleri ýok. Onsoň olar şu hili ýagdaýda, bahalay üçlüge hem ýetmeýän bolsa, näme üçin olar galan wagtlarynda işlemeli we özlerini eklemeli däl?

Farid Tuhbatullin:

Hakykatda Türkmenistandan daşary ýurtlara walýuta ibermegiň tasdan mümkin däldigini, ýagny munuň örän çäklendirilmegini we kynlygyny nazara alanyňda, bu ýerde ýeke-täk çykalga studentleriň öz okaýan ýerlerinde nähilidir bir iş gözlemeklerinde, özleriniň gazanç etmeklerinde bolsa gerek. Men häzirki ýagdaýda başgaça çykalga görmeýärin.

Elbetde, döwlet ilkinji nobatda ösüp gelýän nesil, aýratynam ýokary bilim alyp, soňra Türkmenistana peýda getirmekçi bolýan adamlar barada alada etmeli.

Emma gynansak-da, biziň häkimiýetlerimiz maliýe ýagdaýyny gowulandyrmagy, ýurda ýolbaşçylyk etmegi, umuman alnanda bolsa ykdysadyýeti dolandyrmagy başarmaýarlar. Şu sebäpden her kim öz meselesini özi çözmeli bolýar.

Ýene bir bellemeli zat bar, ykdysady krizisiň we walýuta konwertasiýasyna ýol berilmezliginiň örän uzak dowam etmegi mümkin. Onsoň, bu hili problemalaryň dowam edýän wagtynda daşary ýurt okuw jaýlarynda bilim alýan studentler, belki-de, häzir yzyna, watana dolanmagy manysyz hasaplar. Netijede olar diňe häzir okaýan hem ýaşaýan ýerlerinde iş, gazanç gözlemeli bolarlar, belki-de okuwlaryny gutaryp, bilim alan ýerlerinde işe ýerleşip, nähilem bolsa şol ýerde, daşary ýurtda öz durmuşlaryny gurjak bolarlar.

Siz bu mesele barada näme pikir edýärsiňiz?

XS
SM
MD
LG