Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurtlarda bilim alan ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmek meselelerini içgin öwrenmegi tabşyrdy.
Türkmen döwlet habarlar gullugynyň maglumatyna görä, Berdimuhamedow bu baradaky meseläni 4-nji awgustda geçiren hökümet maslahatynda, ýurduň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň hem-de Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň öňünde goýdy.
Şeýle-de, türkmen lideri wise-premýerler B. Hojamämmedowa we S. Toýlyýewe hünärmenleri işe ýerleşdirmek boýunça pudagara toparyny döretmek hem-de bu ugurda edilen işleriň netijeleri barada Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat bermäge tabşyryklar berdi diýlip, habarda bellenilýär.
Emma şol bir wagtda, daşary ýurtlarda bilim alan ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmek meselelerini içgin öwrenmek boýunça anyk nähili işleriň ediljekdigi, onuň tertibi, şeýle-de hünärmenleri işe ýerleşdirmek boýunça pudagara toparyň haçan dörediljekdigi we onuň ýerine ýetirjek anyk işleri hakda maglumat berilmedi.
Ýatladyp geçsek, şu ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň döwlet mediasy daşary ýurtlaryň ýokary we orta hünärmentlik okuw jaýlarynyň diplomlaryny ykrar etmek boýunça täze tertibiniň kesgitlenendigini habar berdi.
Şonda prezident Berdimuhamedowyň gol çeken karary bilen kesgitlenen tertibe laýyklykda, ýurduň Bilim ministrligine daşary ýurt okuw jaýlarynyň diplomlaryny ykrar etmek tabşyryldy, emma agzalan düzgüniň jikme-jikleri anyklaşdyrylmady.
Şu ýylyň mart aýynyň aýagynda bolsa, türkmen prezidenti daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda gaýybana bilim alýan raýatlaryň diplomlaryny tassyklamak boýunça işleri aktiwleşdirmegi tabşyrdy diýip, resmi mediada habar berlipdi. Ýöne maý aýynda yglan edilen täze tertipde daşary ýurtlarda gaýybana bilim alan ýaşlaryň diplomlarynyň hem tassyklanmagynyň göz öňünde tutulyp-tutulmaýandygy barada habar berilmedi.
Soňky ýyllarda ýurduň ýokary okuw jaýlarynda ýeterlik orun bolmansoň, daşary ýurtlarda bilim almaga synanyşýanlaryň barha köpelýändigi aýdylýar. Ýöne daşary ýurtlarda bilim alan türkmenistanly ýaşlaryň soň ýurtda öz diplomlaryny tassyklatmakda we işe ýerleşmekde kynçylyk çekýändigi hem habar berilýär.
Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan türkmen ýaşlarynyň onlarçasy daşary ýurtlarda ýokary bilim alyp gelensoň, öz diplomlaryny ykrar etdirmek boýunça Türkmenistanyň Bilim ministrligine degişli resmi edara ençeme günläp gatnamaly bolandyklaryny, käte bu prosesiň iki hepdä çenli wagta çekýändigini gürrüň beripdiler.
Şol bir wagtda, olar daşary ýurtlarda ýokary bilim alanlaryň ählisiniň diplomlarynyň hem tassyklanmaýandygyny, bu babatda daşary ýurt ýokary okuw jaýlarynyň ýörite sanawynyň bardygyny, diňe şol sanawda bolan okuw jaýlarynyň diplomlarynyň kabul edilýändigini aýdypdylar.
Galyberse-de, daşary ýurtda okap alan diplomlaryny Türkmenistanda tassykladan ýaşlaryň-da ýurtda işe ýerleşmekde juda kynçylyk çekýändigi, işe alnanda ýurduň içindäki ýokary okuw jaýlary tamamlanlara ähmiýet berilýändigini, türkmenistanly ýaşlaryň ençemesi gürrüň berdi.
Ýatladyp geçsek, Türkmenistanda daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynyň gündizki bölümlerinde okanlaryň diplomlarynyň ykrar edilmek meselesi ençeme gezek togtadylyp, soň ýene dowam etdirildi.
Soňky gezek daşary ýurt diplomlarynyň ykrar edilmeginiň düzgüni 2015-nji ýylyň fewral aýynda kesgitlenipdi. Şonda prezidentiň karary bilen kesgitlenen düzgünnamada, daşary ýurt okuw jaýlarynyň diňe gündizki bölümlerinde okanlaryň diplomlarynyň ykrar ediljekdigi aýdylypdy.
Sözümiziň ahyrynda ýatlatsak, Azatlyk Radiosy daşary ýurtlarda bilim alan ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmek meselelerini içgin öwrenmek boýunça anyk nähili işleriň ediljekdigi we onuň tertibi, düzgünleri boýunça maglumat almak üçin Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen habarlaşanda, haýsydyr bir düşündiriş almak başartmady. Bu barada türkmen media serişdelerinde hem häzirlikçe maglumat berilmeýär.