Türkmenistanda ‘uçara mündürerin’ wadasy bilen ýolagçylardan pul alýan ‘hilegär’ toparlar işjeňleşýär

Aşgabadyň aeroportunda uçara münüp bilmedik ýolagçylar. 2018-nji ýylyň maý aýy (Arhiwden alnan surat)

Türkmenistanda raýatlaryň daşary ýurda çykmagyna çäklendirilme girizilýändigi barada habarlaryň ýaýraýan wagty, ‘seni uçara mündürerin’ diýen wada bilen adamlary aldap, olardan pul alýan käbir ‘hilegär’ toparlar barada habarlar peýda bolýar.

“Aşgabadyň aeroportunda ‘hilegär toparlar’ Türkiýä çykmaga kömek etmek wadasy bilen Daşogzuň Boldumsaz, Gurbansoltan eje etraplaryndan hem-de Daşoguz şäherinden bolan 6 raýatyň 600 dollar puluny we pasportlaryny alyp ýitirim bolupdyr” diýip, Azatlygyň çeşmesi 30-njy iýulda habar berdi.

Onuň maglumatyna görä, waka iýun aýynda bolup geçipdir.

“Şondan bäri ne dokumentlerden, ne puldan ne-de ‘hilegär topardan’ habar bar. Puldan geçdik, pasportlary yzyna gaýtaryp alyp bilsek razy” diýip, şeýle ýagdaýlary başdan geçiren iki boldumsazly gyz Azatlygyň çeşmesine gürrüň berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, boldumsazly gyzlar ýurtdan çykmaga kömek etjekdigini wada berýän näbelli adamlara belli bir mukdardaky pul bilen dokumentlerini berýärler.

Gyzlar uçara münmeli güni ‘hilegär topardan habar alyp bilmeýär’ diýip, çeşme habar berdi.

“Pasportlaryny we pullaryny hilegär topara gapdyran gyzlar bu hadysa barada Aşgabadyň aeroportundaky polisiýa bölümine arz edýär. Polisiýanyň işgärleri gyzlaryň at-familiýalaryny ýazyp alyp, ‘tapsak habar ederis’” diýip jogap berýärler” diýip, çeşme sözüne goşdy.

“Gyzlar bu topary tanyşlarynyň üsti bilen tapandygyny gürrüň berdiler” diýip, çeşme gürrüňe dowam etdi.

Onuň söhbetdeşlerine salgylanyp berýän gürrüňine görä, gyzlar bu toparyň aeroportda we Migrasiýa gullugynda tanyşlarynyň bardygyna ynanýar. “Olar mundan ozal-da köp adamyň [daşary ýurda çykmagyna] kömek edipdir” diýip, çeşme söhbetdeşlerine salgylandy.

Golaýda Lebap we Mary welaýatlaryna sapar edendigini bellän çeşme, şol sebitlerde-de “hilegär toparlar” baradaky gürrüňleriň giň ýaýraýandygyny sözüne goşdy.

Şuňa meňzeş habarlar iýun aýynyň başynda-da peýda bolupdy. Şonda Azatlyk Radiosynyň redaksiýasy bilen habarlaşan okyjylarymyzyň biri Aşgabadyň aeroportynda bäş ýa-da alty adamdan ybarat toparyň bardygyny we olara Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabyndan bolan 35 ýaşyndaky bir adamyň ýolbaşçylyk edýändigini aýdypdy.

Azatlyk Radiosy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli gürrüňi edilýän toparyň ýolbaşçysydygy aýdylýan adamyň şahsyýetini köpçülige mälim etmekden saklanýar.

“Bu topar reýslerden düşürilen adamlara ‘sizi geçirip bereris, uçara mündüreris’ diýip, olardan aldaw ýoly bilen dollar alýar. Menden 1200 amerikan dollaryny alyp, gaçyp gitdiler. Menden öň hem bir giden adamy aldapdyrlar. Olar her kime başga nyrh aýdýarlar. Ol daýaw, saryýagyz adam, kömekçileriniň hem ählisi maryly. Olaryň arasynda bir aýal hem bar. Diňe bu topar däl, bu 'biznes' bilen meşgullanýan başga-da adam kän” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde atlandyrylmasyzlygyny soran okyjymyz iýunyň başynda gürrüň beripdi.

Onuň sözlerine görä, polisiýa işgärleri para berýäne-de, ony alýana-da deň çemeleşýär.

Şol sebäpden adamlaryň polisiýa barmaga çekinýändigini, şonuň üçin bu toparlaryň has-da arkaýyn hereket edýändigini aýdyp, okyjymyz Azatlyga gürrüň beripdi.

Türkmenistanda ilki apreliň ortasynda 30 ýaşyny doldurmadyk erkekleriň ýurtdan çykarylmaýandygy barada habarlar peýda boldy. Soňra iýunyň aýagynda bu ýaş çäklendirmesiniň 40-a ýetirilendigi aýdyldy. Şeýle habarlaryň giňden ýaýramagy bilen iýulyň başynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy Mergen Gurdow, edaranyň ýolbaşçylary bilen geçiren ýygnagynda olardan "Türkmenistandan daşary ýurda barýan we yzyna dolanýan raýatlara düzüw çemeleşmegi“ talap edipdi.

Ýöne bolandygy aýdylýan bu ýygnakdan öň-de soň-da migrantlara ýurda ne girende, ne-de çykanda "adamkärçilikli" daralýandygyny tassyklaýan maglumat ýaýramady.