Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatly ýolagçy: Aeroportda şol bir saz, şol bir heň


Aşgabadyň aeroporty
Aşgabadyň aeroporty

Golaýda Moskwadan Aşgabada syýahat eden bir türkmenistanly Aşgabadyň Halkara howa menzilindäki başdan geçirmelerini Azatlyga gürrüň berdi.

“Ýolagçylar entek Domodedowo aeroportunda wagty Aşgabadyň aeroportynda boljak gümrük barlagy barada alada edip başladylar” diýip, aşgabatly ýolagçy gürrüňe başlaýar. “Bir zenan ýany bilen ogluna we adamsyna sowgatlyk iki sany täze telefon alypdyr. Beýlekisi wannada ulanmak üçin, Orsýetde öndürilen suw garyjy (smesitel) alypdyr, Hytaýda öndürilýänler tiz hatardan çykansoň. Ýöne esasan derman getirýän adamlar [gümrükden geçmek] barada alada edýärdiler” diýip, gürrüňdeşimiz daşary ýurduň aeroportyndan Türkmenistana ugrajak bolýan ýolagçylaryň başdan geçirýän ünji-aladalaryny suratlandyrdy.

Öz uçarlarynyň Aşgabadyň Halkara howa menziline daňdan sagat 4:45-de gonandygyny aýdan aşgabadyň ýaşaýjysy Moskwadan gelenler bilen birwagtda Dubaýyň uçarynyň hem gonandygyny, ýöne aeroportda bagažlaryň haýsy lentadan alynmalydygy barada nyşanlaryň bolmandygyny aýtdy.

“Adamlar birden 3-nji lentanyň töweregine üýşüp başladylar. Moskwadan gelýänleriň käbirleri bagažlarynyň belli bir bölegini aldy, käbirleri ýarym sagada çenli ýüküne garaşdy. Ýöne aradan 45 minut töweregi geçensoň, ýolagçylar jogapkär adamlardan bagažlaryny talap edip başladylar. Olar “diňe bizde şeýle baş-başdaklyk”, “näme üçin kaşaň aeroport gurup, adamlary köseýäňiz?”, “her gezeginde şol bir saz, şol bir heň” diýşip, nägilelik bildirip başladylar” diýip, aşgabadyň ýaşaýjysy gürrüň berdi.

Özüniň çemodanyny ýarym sagat geçensoň, sumkasyny bolsa 1 sagat 15 minut garaşansoň alandygyny aýdan gürrüňdeşimiz, ýol ugra bagaž bölüminiň işgärleriniň birinden, öz goşlaryna uzak wagtlap garaşmaga mejbur edilmekleriniň sebäplerini sorap nägilelik bildirendigini, aeroportyň işgäriniň bolsa uzak garaşmagynyň sebäbini işgär ýetmezçiligi bilen düşündirendigini aýtdy.

“Ýolagçylar aeroportda goýlan awtomatlaşdyrylan registrasiýa ulgamyna haýran galýarlar. Awtomat ýolagçylaryň diňe bir biometriki pasportlaryny ýazga almaýar, eýsem ol ýerde haýsy ýurda barýanyň, näme sebäpden barýanyň, haçan dolanjagyň barada maglumat bermeli. Talyplar özleriniň haýsy kursda okaýandygyny aýtmaly. Şondan soň pasport barlagyndan geçilýär” diýip, gürrüňdeşimiz aýtdy.

“Bellemeli ýeri, bu sapar Migrasiýa gullugynyň işgärleriniň tijegi özlerinde ekeni. Ýene-de bir detal bar, ýagny gymmatbahaly kaşaň gurlan aeroportda ýüküňi daşamaga zerur bolan teležkalar tölegli ekeni. Olar üçin 1 manat tölemeli” diýip, Moskwadan Aşgabada dolanan Türkmenistanyň raýaty gürrüň berýär.

“Ýöne “tomaşa” gümrükde başlanýar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi. Ol gümrükden geçende ýolagçylaryň ýüzbe-ýüz bolýan tejribeleri barada gürrüň berip, jogapkär gullukçylaryň ýolagçylaryň sumkalaryny rentgen şöhlesinden geçirmek bilen bir hatarda, olary açyp hem barlaýandyklaryny aýtdy.

Gümrükçileriň sumkalarda esasan derman we çilim bilen gyzyklanýandygyny sözüniň üstüne goşan Aşgabadyň ýaşaýjysy goşlaryň içgin barlanýandygyny aýratyn nygtap aýtdy.

“Ynha, bu saparam barlag uzaga çekdi. Ol ýerde köpsanly daşary ýurtlaryň raýatlary bardy. Ýurt üçin abraý däl” diýip, gürrüňdeşimiz aýtdy.

“Ýogsa-da, men bat bilen gümrükçilere nägilelik bildirip, olary utandyrdym. Olar meniň diňe dermanlarymy barladylar” diýip, ol raýat sözüni jemledi.

Türkmenistanda raýatlaryň hereket mümkinçilikleriniň çäklendirilmegi barada, soňky wagtlarda peýda bolýan habarlar ýygylaşdy.

Bahasy 2 milliard dollara barabar bolandygy habar berilýän Aşgabadyň Halkara aeroportynyň ýylda 10 million ýolagça hyzmat etjekdigi aýdylypdy. Köplenç ýerli ýaşaýjylar kaşaň jemgyýetçilik binalarynda berilýän hyzmatlaryň hilinden nägile bolýarlar.

XS
SM
MD
LG