Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda daşary ýurda çykarylýan walýuta mukdary azaldyldy, şertler agyrlaşdyryldy


Aşgabadyň aeroporty
Aşgabadyň aeroporty

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady krizisiň fonunda, finans taýdan raýatlara garşy girizilýän çäklendirmeleriň yzygiderli ýagdaýda agyrlaşdyrylýandygy habar berilýär. Bu çäkde söwda ýa-da başga sebäpler bilen barýan raýatlaryň daşary ýurda çykarýan walýutasynyň mukdary azaldyldy.

Читайте также на русском

Azatlyk Radiosyna anonim ýagdaýda maglumat beren bir raýatyň aýtmagyna görä, 16-njy iýuldan başlap, Türkmenistandan daşary ýurda çykarylýan walýutanyň mukdary 3000 amerikan dollarynyň gymmatyny geçmeli däl edilipdir. Başgaça aýdylanda, ýolagçylaryň Aşgabadyň halkara aeroportynda ýany bilen alyp barýan walýuta görnüşiniň mukdary 10 müň dollardan 3 müň dollara çenli azaldylypdyr. Şeýle-de raýatlar daşary ýurda ýany bilen alyp barýan walýutasy barada hökmany suratda gümrüge beýannama bermeli edilipdir.

Bu maglumaty Azatlyk Radiosynyň ýurduň içindäki çeşmeleri bilen bir hatarda, Stambula söwda gatnaýanlar, migrantlar we dürli saý-sebäp bilen daşary ýurda çykan raýatlar hem tassyklaýarlar.

"Häzir diňe walýuta mukdary azaldylmady, daşary ýurda söwda üçin walýuta çykarmagyň şertleri hem agyrlaşdyryldy. Türkmenistanda daşary ýurda walýuta çykarjak bolsaň, gara görgi. Gümrükde ilki bilen senden ýurduň içindäki ‘Daýhan bankda’ ýa-da ‘Senagat bankda’ näçe puluň bardygy hakynda hat soralýar. Ondan soň söwdegärdigiň barada şahadatnama talap edilýär. Yzyndan hem gümrükden berlen şahsy salgyt resminamaňy görkez diýýärler. Näçe ýyldan bäri söwda bilen meşgullanýan bolsaň, şu wagta çenli eden pul aýlanşygyňdan döwlete tölän salgyt mukdaryň barada jikme-jik maglumat görkezmeli” diýip, Stambul başda bolmak bilen dürli ýurtlara söwda gatnaýan türkmen söwdagärleri gürrüň berdi.

Olar mundan owal 3 ýyldan 5 ýyla çenli bolan möhletdäki salgyt tölegleriňi görkezmek talap edilen bolsa, indi aýlyk salgyt tölegleriňi soraýarlar diýip, sözlerini şeýle dowam etdirýärler:

“Ondan soň gümrük işgärlerine haýsy döwletlere söwda gatnaýandygyň we getirýän önümleriň hem haýsy ýurduň önümidigi barada jikme-jik beýannama bermeli. Şol söwda gatnaýan döwletleriň banklarynda puluň bolup bolmandygyny soraýarlar. Walýuta barada talap edilýän resminamalary döwlet edaralaryndan jemläp aljak bolsaň, şolara berilmeli para-peşgeşiň mukdary hem häzir 1500-2000 dollara barabar bolýar” diýip, türkmen söwdagärleri aýdýarlar.

“Mundan owal söwdadan gazanan girdejiň Türkmenistanda bank hasabyňda duran mahaly, oňa şol bank tarapyndan belli bir mukdarda göterim berilýärdi. Häzir bolsa banklar müşderilerine göterim tölemegi goýbolsun etdi we kämahal bir bahana tapyp ondan hem kesip galýan wagty bolýar. Ýöne muňa garamazdan, Türkmenistanda söwdagärleriň pulunyň hökmany suratda bankda durmalydygy barada görkezme berlen. Daşary ýurtlara gatnap söwda bilen meşgullanmagyň şertlerini ynha şeýle juda ýaramazlaşdyrdylar. Daşary ýurt bankynda puluň bolaýsa, kanuny jogapkärçilige çekiljekdigiňi duýdurýarlar” diýip, anonim ýagdaýda Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan Stambula gatnaýan zenan söwdagärler aýdýarlar.

Dürli sebäpler bilen daşary ýurtlara çykandan soň, Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan türkmenistanly raýatlaryň aýtmagyna görä, söwdadan daşaryn, dynç alyş, saglyk ýagdaýy, okuw ýa-da başga dürli saý-sebäpden daşary ýurda walýuta çykarjaklar Aşgabadyň aeroportyna barmazdan, ýaşaýan we işleýän ýerinden özüniň pul girdejisini görkezýän resminama almaly. Raýatyň finans ýagdaýy baradaky resminama 3 günden soň berilýär we şol bir wagtyň özünde onuň ýagdaýy Milli howpsuzlyk ministrliginiň maliýe bölümine bildirilýär. Ol resminamany soň Aşgabadyň aeroportynda Milli howpsuzlyk gullugynyň maliýe işgärine görkezmeli. Daşary ýurda barýan mahalyň ýanyňda äkidip barýan walýuta mukdaryňy soň olar şol girdeji ýagdaýyň baradaky hasabat bilen deňeşdirýärler.

Hemme maglumatlar dogry gelse-de, ýanyňdaky walýutaň we näme sebäpden şeýle pul bilen daşary ýurda barýandygyň hakynda berk soraga çekýärler.

Sözi jemlesek, söwdagärleriň we ýönekeý raýatlaryň daşary ýurda çykarýan walýutalary barada başdan geçirýän ýagdaýlary bilen baglanşykly degişli türkmen resmilerinden nähilidir bir maglumat ýa-da garaýyş almak Azatlyk Radiosyna başartmady.

XS
SM
MD
LG