Aşgabatda polisiýa ýene awtomobil eýelerini 'başagaý etdi'

Agartmaly edilen gara maşynlar. Arhiw suraty

Azatlygyň Aşgabatdaky çeşmesi paýtagtyň “Parahat” mikroraýonynda ýaşaýyş jaýlarynyň golaýynda goýlan maşynlaryň eýeleriniň ýene bir gezek başagaýlyga salnandygyny habar berýär.

Onuň sözlerine görä, 27-nji aprel güni maşyn eýeleri ulaglaryny ilki jaýlaryň ýanyndan aýyrmaly bolsa, soňra Moskwa prospektiniň ugrundan başga ýere sürmäge mejbur edildi.

“Düýnki bolan zatlar daşyndan seretseň örän gülkünç. Ili maşynlary ýaşaýyş jaýlarynyň golaýyndan kowdular. Olaryň bir bölegi soň açyk duralgalarda goýlup gaýdyldy. Emma soň polisiýa Andalyp we Moskwa prospektleriniň çüňkümdäki açyk awtoduralgalarda goýlan maşynlary hem ol ýerden aýyrmagy talap etdi” diýip, çeşme aýtdy.

Çeşmäniň ir sagat 6-da çörek bişirilýän kärhananyň ýanyndaky awtoduralgada düşüren fotosuratynda bu ýerde goýlan maşynlaryň az däldigi görünýär. Emma ol “Bellemek gerek, bu gezek galmagal azrak boldy, sagat 23-e çenli işlerini bitirdiler” diýip ýazýar.

Ir säherden Moskwa prospektiniň ugrundaky jaýlaryň girelgeleriniň ählisiniň agzynda polisiýa formasyndaky, sport eşikli adamlar goýuldy we ýaşaýjylaryň ýoly baglandy.

Işine, okuwa barýan adamlary Moskwa we Andalyp köçelerine goýbermediler we olar Türkmenbaşy şaýoluna tarap gitmeli boldy.

Sagat 6.45-de ýene Moskwa köçesindäki maşyn gatnawy dikeldildi we adamlaryň öňündäki” ýapyk” aýryldy diýip, çeşme habar berýär. Emma şondan soňam awtoduralgalara barýan maşynlar goýberilmedi.

Ir sagat 9-lara golaý ýene alňasaklyk başlandy. Ýene maşynlaryň hereketi togtadyldy we Moskwa prospektine adamlary goýbermegi bes etdiler. Soňra sakçylar ýene hereketi açdylar diýip, çeşme gürrüň berdi.

Adatça, türkmen paýtagtynda jaýlaryň golaýynda we açyk duralgalarda goýlan awtoulaglary prezident Berdimuhamedowyň ol ýa-da beýleki ýere geçmegi, Aşgabadyň üstünden dikuçarly gözegçilik etmegi bilen baglylykda goýlan ýerinden aýyrdýarlar.

Prezident Berdimuhamedow özüniň dikuçarly gözegçiliginden soň birnäçe gezek maşynlaryň çem gelen ýerde goýulmagyndan nägilelik bildirdi.

Azatlygyň ýerli habarçylary bilen anonim şertde gürleşýän ulag eýeleri häkimiýetleriň awtomobiller bilen bagly girizýän çäklendirmeleriniň soňunyň gelmeýändigini, şol bir wagtda olaryň kanuny düşündirişiniň hem aýdyň däldigini aýdyp zeýrenýärler.

Awtomobiller bilen bagly girizilen soňky gadaganlyk gara we goýy reňkli maşynlaryň eýelerine gymmat düşdi.

“Parahat” mikroraýonynda bolan waka, ýagny maşynlaryň kowalanmagy ýurduň içeri işler ministrine ýene bir gezek berk käýinjiň we soňky duýduryşyň berlen wagtyna gabat geldi. Emma onuň hakykatda näme bile baglydygy häzirlikçe belli däl.