Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ak reňkde bolmadyk ulaglara guratlyk şahadatnamasy berilmeýär


Goýy reňkli ulaglara her iki ýyldan guratlyk şahadatnamasyna hökmany goýulmaly möhür basylmaýar.
Goýy reňkli ulaglara her iki ýyldan guratlyk şahadatnamasyna hökmany goýulmaly möhür basylmaýar.

Daşoguzda polisiýa goýy reňkli ulaglary tehniki barlagdan geçirmeýär, şeýle-de ulagyň guratlygy baradaky şahadatnamany bermeýär.

Ýatlatsak, mundan bir aý ozal türkmen häkimiýetleri tutuş ýurt boýunça goýy reňkli ulaglara gadagançylyk girizipdi. Munuň yz ýany, polisiýa ak reňkli bolmadyk ulaglaryň ählisini jerime duralgasyna ýygnap, olary açyk reňke boýamagy talap edip başlapdy.

Indi bolsa, goýy reňkli ulaglara her iki ýyldan guratlyk şahadatnamasyna hökmany goýulmaly möhür basylmaýar.

Azatlyk Radiosynyň daşoguzly habarçysy bilen söhbetdeş bolan polisiýa işgärleri Içeri işler ministrligiden ak reňkli bolmadyk ulaglary tehniki barlagyndan geçirmezlik hakynda ýörite buýrugyň gelendigini aýdypdyr.

Gepiň gerdişine ýatlatsak, geçen ýylyň aýagynda we şu ýylyň başynda, Aşgabatda başlanan gara maşyn gadaganlygy ýerli ussahanalaryň agzynda uzyn nobatlaryň döremegine we maşyn reňkletmegiň bahasynyň birden ençeme esse ýokary galmagyna getirdi. Ýörite lisenziýasy bolan ussahanalarda ulagy ak reňke boýatmak, ýurduň regionyna görä, 8 müň – 11 müň manat aralygynda durýar.

Türkmenistanda bir aýlap gara ulaglar 'awlanýar'
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:04 0:00

“[Goýy reňkli] ulag eýeleri bize pullarynyň ýokdugyny, özleriniň agyr ýagdaýa düşjekdigini, ýeke-täk eklenç çeşmesinden mahrum bolýandyklaryny düşündirýärler. Emma bu zatlar biziň elimizde däl ahbetin, ählisi ýokardan edilýär. Biz hem düşünýäris. Bize-de mundan birnäçe aý ozal ulaglarymyzy ak reňke boýamak tabşyryldy” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran daşoguzly polisiýa işgäri gürrüň berdi.

Häzirki wagtda Lebapdan, Marydan Aşgabada gelýän awtomobilleriň eýeleri hem eger maşynlary ak bolmasa, döwlet awtoinspeksiýasynyň uly ýoldaky barlag nokatlarynda saklanylýar we şol ýerden, 100 manat möçberinde jerime salnyp, yzlaryna ugradylýar.

Şol bir wagtda, metbugatda gara reňkli maşynlara girizilen gadaganlyk, bu gadaganlygy bozan adamlara görüljek çäreler hakynda hiç bir resmi maglumat berilmeýär.

Emma bu soňky ýagdaýlary türkmen prezidentiniň ak reňke bolan “söýgüsi” bilen baglanyşdyrylýar. Gurbanguly Berdimuhamedowyň häkimiýet başyna gelmegi bilen ýurtda ak reňkiň kulty emele gelip, ol gitdigiçe güýçlendi.

Türkmenistanda gara ýa ak däl maşynlary jowur ak reňke boýatmak talaby sosial ýeňillikleriň ýatyrylan; azyk önümleriniň ençeme esse gymmatlan we dollaryň “gara bazar” nyrhynyň resmi kursdan üç esseden hem aşa gymmatlap, 14 manada ýeten; iş orunlarynyň köpçülikleýin gysgaldylýan wagtyna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG