Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gara we goýy reňkli awtoulaglar boýunça çäklendirmeler dowam edýär


Aşgabadyň uly köçeleriniň biri. Illýustrasiýa suraty
Aşgabadyň uly köçeleriniň biri. Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde we ýurduň beýleki käbir künjeklerinde gara we goýy reňkli awtoulaglara girizilen gadagançylyk öz güýjünde galýar. Ulaglaryny ak reňke boýatmadyk adamlara dürli çäreler görülýär.

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleriniň 27-nji fewralda habar bermegine görä, Aşgabat şäherinde gara we goýy reňkdäki awtoulaglaryň eýelerinden düşündiriş almak, dil hat almak, duýduryş bermek, olaryň ulaglaryny zor bilen Polisiýanyň Ýol Gözegçilik Gullugynyň (PÝGG) awtoduralgasyna salmak işleri dowam edýär.

Gara we goýy reňkdäki ulaglary mejbury ýagdaýda ak reňke boýatmak kampaniýasy Türkmenistanda şu ýylyň başyndan bäri has-da çynlakaý alnyp barylýar. Bu barada Azatlygyň ýurt içindäki habarçylary we çeşmeleri täzelikleri yzarlap, yzygiderli habar berip gelýärler.

Şeýle-de, paýtagtdaky çeşmeleriň bellemegine görä, ulagy gara ýa-da goýy reňkli adamlar özleriniň hususy awtomobilleriniň reňkini açyk reňke boýatmakda dürli kynçylyklary başdan geçirýärler.

Mysal üçin, “Toyota”we “Hyundai” kysymly ulaglaryň reňkini aga boýatmak üçin maşyn eýeleri ortaça 10-12 müň manat, “BMW” ýa-da “VW” (VolksWagen) kysymly ulaglary boýatmak üçin bolsa 16-25 müň manat aralygynda çykdajy etmeli bolýarlar.

Paýtagtly çeşmäniň maglumatyna görä, agzalýan mejbury çäklendirmeler baradaky oňaýsyz ýagdaýlar diňe onuň bahasy bilen çäklenmeýär, eýsem ulaglaryny ak reňke boýadýan adamlaryň nägileligi hem umumy howa täsir edýär.

“[Ulaglaryny] ak reňke boýadan raýatlar diýseň nägile, sebäbi gyş şertleri sowuk bolýandygy üçin boýag göwnejaý tutanok. Galyberse-de, maşynlaryny boýatmak üçin ýüz tutýan adamlaryň sanynyň köplügi sebäpli ussalar boýap ýetişenok, ýa-da gowşak boýaýarlar” diýip, Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmesi kynçylyklary başdan geçirýän adamlaryň sözlerine salgylanyp gürrüň berýär.

Şol bir wagtyň özünde, awtoserwislerde, ýagny ulaglara hyzmat ediş nokatlarynda nobatlarynyň döreýändigini, şol sebäpden boýagyň ýetmezçilik edýändigini adamlar gürrüň berýärler diýip, aşgabatly çeşme aýdýar.

Ol ak reňke boýalmadyk halatynda, awtomobil ulagyňy diňe gije PÝGG-niň işgärlerine “tutulaýmaýyn” diýen gorky bilen sürüp bolýandygyny, gündiz tutulan maşynlaryň gürrüňsiz PÝGG-niň awtoduralgasyna zor bilen äkidilýändigini aýdyp sözüniň üstüni ýetirýär.

“Käbir adamlaryň ulaglary saklanan halatynda olaryň PÝGG-niň işgärlerine açarlaryny zyňyp, protest bildirip gahar edýän wagtlary, ulaglaryny taşlap gidýän gezekleri hem bolýar” diýip, çeşmämiz gürrüňe dowam edýär.

Şeýle-de, welaýatlarda gara-goýy reňkli awtomobil ulaglaryna rugsat edilýändigini aýdan Azatlyk Radiosynyň gürrüňdeşi, bu ýagdaýyň Aşgabat şäherindäki ulag söwdasynyň bahalaryna täsir edýändigini öňe sürýär.

Çeşmäniň maglumatlarynda paýtagtda ak ulaglaryň bahasynyň tas iki esse diýen ýaly gymmatlap, gara reňkli awtomobilleriň bolsa arzanlandygy habar berilýär. Şol sebäpden welaýatlaryň ýaşaýjylarynyň paýtagta gelip gara reňkli ulaglary satyn alýandygy aýdylýar.

Mundan ozalky peýda bolan habarlarda, Lebap we Daşoguz welaýatlarynda-da ulaglar boýunça “ak reňk kampaniýasynyň” alnyp barylýandygy barada maglumatlar agzalyp geçilipdi.

Gara-goýy reňkli awtoulag eýeleriniň paýtagtda ýüzbe-ýüz bolýan ýagdaýlary barada maglumat beren Aşgabadyň ýaşaýjysy, ýazyjy hem synçy Amanmyrat Bugaýew esasan protokol köçelerde goýy reňkli awtoulaglar boýunça käbir çäklendirmelere duş gelse bolýandygyny nygtady.

“Edil häzir şäheriň içinde gezip ýören bolsaň, goýy gök reňkdäki, goýy gyzyl ýa-da goýy ýaşyl reňkdäki ulaglar üçin ýörite saklap azar berenoklar. Ýöne, käwagt protokol köçelerden barýan bolsaň saklap, “gadaganlyg-a ýok ýöne habardar bol, mümkin bolsa protokol köçelerinde şu reňkli awtoulag bilen çykmajak bol” diýip, aýdýarlar ýöne bir duýduryş hökmünde aýdýarlar” diýip, Bugaýew belledi.

Sözümiziň ahyrynda bellesek, awtoulaglar boýunça reňk çäklendirmeleriniň anyk we takyk sebäpleri barada resmi düşündiriş elýeterli däl.

XS
SM
MD
LG