Türkmenistanda nobatdaky 'ýumurtga krizisi' başlandy

Türkmenistan. Ýumurtganyň köçe söwdasy. Arhiw suraty

Türkmenistanyň paýtagtynda ýene towuk ýumurtgasynyň gytçylygy başlandy we bu gytçylyk prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurtda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek üçin döwlet komissiýasyny döreden wagtyna gabat geldi.

Prezident bu komissiýany ýurduň regionlarynda un gytçylygynyň başlanandygy baradaky habaryň yz ýanynda döretdi.

Ýerli çeşmeler häzirki ýumurtga gytçylygynyň esasy sebäbini beýleki azyk önümleriniň bahalarynyň gün-günden gymmatlamagy, üstesine gyş paslynda towuklaryň az ýumurtga bermegi bilen baglanyşdyrýarlar.

Bazardaky azyk önümleri gün-günden gymmatlaýar, munuň üstesine ozal ýeňillikli bahadan berlen gaz, tok we suw hyzmatlary hem gymmatlady, netijede adamlar mekdebe gitjek çagalaryna bolmanda bir ýumurtga çakyp berjek bolýarlar, sebäbi ýumurtga olar üçin iň elýeterli azyga öwrüldi” diýip, aşgabatly ýaşaýjylaryň biri anonim şertde pikirini aýtdy.

“Et satyn alanyňdan, ýa-da bahasy galyp barýan kartoşka satyn alanyňdan ýumurtga satyn alanyň dogrudanam amatly” diýip, bu pikiri ýene bir aşgabatly tassyklady.

Azatlygyň dürli çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, ýumurtga gytçylygy soňky bir hepdäniň dowamynda has ýiti duýulýar we bu ýagdaý ýumurtga nyrhlarynyň birden ýokary galmagyna alyp geldi.

Mysal üçin, mundan iki hepde çemesi ozal bazarlarda bir ýumurtganyň bahasy 33 teňňe diýen ýazgylary görmek bolýardy, emma şol 33 teňňelik ýumurtgalar satylanda 40 teňňeden satylýardy. Indi ozal 40 teňňeden satylan adaty towuk ýumurtgalaryny60-65 teňňeden satýarlar.

Şeýle-de ýerli çeşmeler adaty towuk ýumutgasyndan kiçi,edil şu wagt ýumurtga berip başlan tomusky jüýjelerden alnan ýumurtgalaryň hem her biriniň 50-55 teňňeden satylýandygyny habar berýärler. Göz öňüne getirmek üçin aýdylsa, jüýje mäkiýanlaryň ýumurtgalarynyň üçüsiniň agramy adaty ýumurtgalaryň ikisiniň agramyna deňeçer.

Mundan başga, Türkmenistanda içinde iki sarysy bolan ýumurtgalar hem satylýar. Bu ýumurtgalar adaty towuk ýumurtgasyndan biraz uly we, aýdylmagyna görä, ýerli towuklardan alynýar. Iki saryly ýumurtgalaryň biriniň bahasy iki hepde ozal 80 teňňe bolan bolsa, häzir olar Aşgabadyň bazarlarynda 1 manat 10, 1 manat 20 teňňeden satylýar.

Türkmenistanda Täze ýyl baýramçylygynyň öň ýanynda dörän ýumurtga gytçylygynyň ýene bir sebäbi, Içeri işler ministrligindäki ynamdar çeşmäniň tassyklamagyna görä, welaýatlardan gelýän awtoulaglaryňAşgabada girmeginiň kynlaşdyrylmagy bilen bagly.

Aziada geçenden soň, polisiýa işgärleri aralykda sähel wagt regionlardanýük getirýän awtoulaglara biraz göz ýumdylar, käsine pylan ýerden git, şol ýerde polisiýa ýok, ýöne meni gören dälsiň’ diýip, ele düşmezligiň ýoluny öwretdiler. Emma indi ýene gözegçilik güýçlendirildi, netijede Aşgabada gelýän ýumurtga-da, beýleki azyk önümleri hem üzül- kesil azaldy” diýip, Azatlygyň çeşmesi gürrüň berdi.

Emma muňa garamazdan, türkmen telewideniýesi ýurduň bazarlarynda azyk bolçulygynyň döredilendigini habar berýär. Towuk ýumurtgasy barada aýdylanda bolsa,ýurtda uly-uly guş toplumlarynyň döredilendigi, olarda ýeterlik mukdarda önüm öndürilýändigi tassyklanylýar.

Mysal üçin, Gazanjyk, häzirki Bereket etrabynyň Uzynsuw obasynda mundan birnäçe ýyl ozal uly guşçulyk toplumy açyldy. Bu toplumda her ýylda 10 million ýumurtgamyň öndürilýändigi habar berilýär. Ýurtda şular ýaly guşçulyk toplumy onlarça, emma ýumurtga diňe paýtagtda däl, welaýat, etrap merkezlerinde hem bol haryt däl diýip, Azatlygyň çeşmeleri habar berýär.

Resmi habarlardan mälim bolşy ýaly, şu ýyl Türkmenistan bugdaý öndürmek boýunça nazarda tutan planyny dolduryp bilmedi we munuň üçin ilki käýinç paýlandy, soň welaýat häkimleriniň birnäçesi wezipesinden boşadyldy. Bugdaý, arpa ekinleriniň ýeterlik hasylygynyň ýetişdirilmezligi iým ýetmezçiligine hem alyp gelýär.

Şonuň bilen birlikde, Türkmenistanda ýumurtga ýa un gytçylygy täzelik däl we adamlar öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň 1990-njy ýyllaryň başynda şol wagtky oba hojalyk ýolbaşçylaryna “Hany ýumurtga? Ýumurtgaňyz ýog-a!” diýip gygyryşyny şindi hem ýatlaýarlar.

Eger-de ondan has bärki döwre gelsek, Aşgabatda ýumurtga geçen ýylyň dekabrynda hem gyt boldy we dşary ýurtlardan ýumurtga import edilýänçä uzyn nobatlar döredi.