Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Ýeri 30-40 gektardan, 50 ýyllyk bermeli we ekiljek ekini döwlet kesgitlemeli däl"


Lebaply daýhan
Lebaply daýhan

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Men Türkmenistan garaşsyz ýurt bolup, Moskwanyň berýän agyr pagta planlaryndan dynandan soň ýurtda gök önümler gyt bolar, sogany daşary ýurtdan getirip iýeris diýip hiç wagt pikir etmändim. Eger biri şunuň ýaly bolar diýse, “ýalan sözleme” diýip, onuň ýüzüni alardym. Emma indi bu ajy hakykaty sizem boýun alýarsyňyz.

Siz golaýda ýurduň welaýatlarynda ilaty gyşyn-ýazyn gök önümler bilen üpjün etmek maksady bilen gurulýan ýyladyşhanalaryňplanlaşdyrylanyndan has az gurlandygyny aýdyp,degişli ýolbaşçylary tankyt etdiňiz.Ýöne bu siziň degişli ýolbaşçylary ilkinji gezek tankyt edişiňiz däl.

Ýalňyşmasam, siz 2014-nji ýylda daşary ýurtlardan getirilýän gök önümleri azaldyp, ýerli bazarlary özümizde öndürilen gök önümler we miwe bilen üpjün etmegi welaýat ýolbaşçylarynyň öňünde wezipe edip goýduňyz. Şondan bäri sizimportyň ornuny tutýan önümleri barha köpeltmegitalap edýärsiňiz. Emma bu talap, näme üçindir, ýerine ýetirilmeýär.

Mysal üçin, şu günki günde Aşgabadyň bazarlarynda türkmen daýhanlarynyň öndüren hyýar-pomidorlaryna derek Türkiýeden getirilen hyýar-pomidor satylýar, sebäbi türkmen daýhanlarynyň öndüren hyýar-pomidorlary eýýäm gutardy. Üstesine, bazarlardaky gök önümleriň bahasy ýyl-ýyldan gymmatlaýar.

Pomidor, hyýar üçin ýyladyşhana gerek, ol bolsa ýeterlik gurulmady diýilmegi mümkin. Emma biziň bazarlarymyzda häzir diňe bular däl, sogan, kartoşka ýaly önümler hem Eýrandan getirilip satylýar. Elbetde, dollaryň döwlet kursunyň we “gara bazar” kursunyň arasyndaky tapawut, üstesine beýleki maliýe çäklendirmeleri daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň, şol sanda gök önümleriň barha gymmatlamagyna, adamlaryň saçagyna barýan gök-bakja, miwe önümleriniň barha azalmagyna sebäp bolýar.

Bu zatlary aýdyp oturmagam artykmaç, sebäbi olary tas hemmeler bilýär, ýöne size aýtmakçy bolýan pikirim üçin olaryň üstünden ätläp geçip bilmedim.

Siziň oba hojalyk syýasatyňyz düýpden ýalňyş. Sizden öň hem bu meselede köp ýalňyşlyk goýberildi. Hökümet daýhany bugdaý, pagta ekmäge mejbur edip, diňe daýhana maddy we fiziki zyýan ýetirmeýär, eýsem ýurtdaky azyk howpsuzlygynyň binýadyny, adamlaryň saglygyny gowşadýar.

Elbetde, dünýäde nebit-gazyň bahasy arzanlamadyk bolanlygynda, siz daşary ýurda gök önüm üçin gidýän altyn pullaryň gürrüňini etmezdiňiz we ýurduň bu günki agyr azyk krizisini gytaklaýyn boýun almazdyňyz.

Daýhan adamyň çagasy hökmünde, men siziň importyň ornuny tutýan önümleri köpeltmek, ýerli daýhanlary, telekeçileri goldamak pikiriňizi ikelläp goldaýaryn. Emma oba hojalygyndaky reforma ýa-da ýurtda azyk bolçulygyny döretmek diňe hökümet mejlislerini geçirip, häkimlere käýinç bermek bilen amala aşjak zat däl. Hakyky reforma, kapitalistik ýurtlaryň tejribesine seretseňiz, ýeri daýhana uzak möhletli kärendesine bermekden başlanmaly. Daýhan bazar talaplaryna görä işlemeli, häkimleriň berýän buýruklary bilen azyk bolçulygy döreýän bolsa, bireýýäm gök önüme, alma-nara, üzüme we gawuna çümüp galardyk. Emma buýruk köpeldigiçe, bu önümler azalýar.

Bu diňe meniň pikirim däl, ýa men täze bir zat aýtmaýaryn. Ýer bilen iş salyşýan adamlaryň hemmesi bilýär, 3-4 gektar ýere ekin ekip, uly girdeji almak kyn. Ýeri daýhanlara pesinden 30-40 gektardan, azyndan 50 ýyllyk möhlet bilen bermeli we adamlaryň ekjek ekinini döwlet kesgitlemeli däl.

Eger adamlara ýer we ygtyýar berilse, türkmen topragynda günebakar hem gögerýär, kädi hem, olardan daşary ýurt tehnologiýalarynda aýna ýaly dury ösümlik ýagyny hem öndürip bolýar. Beýleki önümler hem şonuň ýaly. Biziň topragymyzyda önýän pomidoryň tagamy bir başga, ony altmyşynjy ýyllarda iki kesip, güne serip kakadardylar. Häzir bolsa dünýäde ajaýyp tehnologiýalar bar, özümizde önüm öndürip, işläp bilsek, biz örän köp önümi eksport edip bileris diýip ynanýaryn. Emma munuň üçin iş bilen söz bir bolmaly, soňky 26 ýylda bizde sözde bir zat diýilýär, hakykatda bolsa diňe korrupsiýa, ýalançylyk köpelýär.

Hormat bilen, Garly A. Ahal welaýaty

Redaksiýadan: Okyjylaryň hatlary bolşy ýaly çap edilýär. Hatlarda aýdylanlar Azatlyk Radiosynyň resmi pozisiýasyny şöhlelendirmeýär.

XS
SM
MD
LG