HRW, AHTI: Repressiýa Aziýa oýunlaryna kölege salýar

Çäreçiler

Adam hukuklaryny goraýan “Hýuman Raýts Wotçh” we “Türkmen inisiatiwasy” guramalary Aşgabatda geçirilýän V Aziýa oýunlarynyň öňünden beýanat çap edip, Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň öz düzgünnamasyny berjaý edip bilmändigini, Türkmenistandaky repressiýalaryň Aziýa oýunlaryna kölege salýandygyny aýtdy.

Türkmenistan 2017-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda, adam hukuklarynyň elhenç bozulýan şertlerinde Ýapyk binalarda söweş sungaty boýunça 5-nji Aziýa oýunlaryny geçirmäge başlaýar diýip, “Human Rights Watch” we “Türkmen inisiatiwasy” guramalary 13-nji sentýabrda Berlinden ýaýradan beýanatynda aýtdy.

Aziýa Olimpiýa geňeşiniň (AOG) we Milli Olimpiýa komitetleriniň Birleşiginiň (MOKB) ýolbaşçylary türkmen hökümetini adam hukuklary babatdaky bir meseläni çözmäge çagyrmak üçinem görnüp duran tagalla etmediler.

“AOG-nyň Türkmenistanda adam hukuklarynyň bozulmalary baradaky sessizligi aňk ediji” diýip, HRW guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça direktorynyň orunbasary Reýçel Denber aýtdy. “AOG Olimpiýa düzgünnamasynyň eýermeli ideallaryna düýpden tap getirip bilmedi” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

AOG Halkara Olimpiýa komitetiniň ykrar etmeginde bäş kontinentiň birleşikleriniň biri hökmünde, bu oýunlaryň eýesi we guramaçysy bolup durýar. Ol “Olimpiýa düzgünnamasy tarapyndan kesgitlenen olimpiýa prinsiplerine eýermeli”, ýagny, Olimpiýa hereketiniň gymmatlyklary hökmünde, ähli sport federasiýalarynda metbugat azatlygyna we adam mertebesine gol ýapmaly.

"Türkmenistanlylar baýramçylyk sözüniň asyl manysyny bireýýäm unutdylar"

Türkmenistan dünýäde iň bir ýapyk ýurtlaryň biri bolup durýar diýip, beýanatda aýdylýar. Türkmen hökümeti hakykatda jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugruna kontrollyk edýär we hökümet syýasatyny çalaja tankyt edenlere hem berk jeza berýär. Türkmen häkimiýetleriniň Oýunlara taýýarlyk döwründe bu oýunlar hökümete at-abraý getirer öýdüp gören çäreleriýurt raýatlarynyň adam hukuklarynyň bozulmagynyň we çäklendirmeleriniň öňküden hem beter güýçlenmegine getirdi.

Hökümet raýatlaryň daşary ýurtlara syýahatlaryny hem, ýurt içindäki hereketlerini hem ýowuz çäklendirdi, ýurt içindäki az sanly garaşsyz habarçylaryň birini gazaply ýanady diýip, beýanatda bellenilýär.

Şeýle-de häkimiýetler bu oýunlaryň geçýän döwründe Aşgabatdaky mekdepleriň işini togtatdy.

Türkmen hökümeti öz raýatlaryny daşary ýurtlylardan üzňeleşdirmek üçin uly tagalla edýär. Häkimiýetler soňky hepdelerde, belki-de howpsuzlyk aladalary sebäpli, Oýunlaryň geçmeli ýeriniň daşyny hem bagladylar, ýöne bu daşardan gelýän myhmanlaryň ýerli ilatdan has-da üzňeleşdirilmegine getirer.

Türkmen hökümeti metbugat azatlygyna ýol bermeýär. Häkimiýetler garaşsyz habar bermek ýa daşary ýurt neşirlerine Türkmenistan hakynda maglumat bermek işine baş goşan žurnalistleriýyllarboýy tussag edip, gorkuzyp, azar berip ýa-da daşary ýurtlara bosgunlyga çykmaga mejbur edip geldi.

Metbugat azatlygy Olimiýa düzgünnamasynyň esasy daýançlarynyň biri bolup durýar. “Human Rights Watch” we AHTI guramalary AOG-ä birnäçe gezek hat ýazyp, oýunlar döwründe metbugat azatlygynyň üpjün edilmegine çagyrdy. Emma AOG bu hatlara hiç hili jogap bermedi. Şeýle-de AOG bu guramalaryň türkmen hökümeti bilen ölüm haýbaty atylýan garaşsyz žurnalistiň meselesini gozgamak hakynda ýazan hatyna jogap bermedi.

“Biz HRW bilen bilen bilelikde AOG-e ýazan hatlarymyzda türkmenistanlylaryň indi köp wagt bäri baýramçylyk diýen sözüň asyl manysyny unudandyklaryny, munuň şatlyk, gowy hal-ahwal däldigini, eýsem şeýle borçdygyny we ilat üçin ahlakhem maddy ýitgi bolup durýandygyny aýdyk” diýip, adam hukuklaryny goraýan “Türkmen inisiatiwasy” toparynyň başlygy Farid Tuhbatullin Azatlyk radiosyna aýtdy.

Beýanatda türkmen hökümetiniň birleşmek, pikir aýtmak we din azatlyklaryny yzygiderli çäklendirýändigi, ýurduň garaşsyz derňewler üçin ýapykdygy we az sanly garaşsyz aktiwistleriň berk gözegçilik astynda, öç alynmak gorkusynda saklanylandygy bellenilýär.

Türkmen häkimiýetleri aktiwistleri we bosgunlykdaky dissidentleriň garyndaşlaryny syýahat gadaganlygyna salýarlar, daşary ýurt žurnalistleriniň, adam hukuklaryny goraýjylaryň, hukuk gözegçileriniň ýurda girmegine ýol bermeýärler.

Şeýle-de beýanatda Oýunlaryň öňünden, şäheri abadanlaşdyrmak işleriniň çäginde, müňlerçe jaýyň ýykylandygy aýdylýar.

“AHTI we “Human Rights Watch” öz öýleri üçin adalatly kompensasiýa berilmedik, häkimiýetler tarapyndan aldanan jaý eýeleriniňköpüsiniň işini dokumentleşdirdi. Ne türkmen hökümeti, ne-de AOG AHTI bilen HRW-yň adalatsyz kompensasiýalar barada alada bildirilýän hatyna jogap berdi” diýip, beýanatda aýdylýar.

Oýunlaryň geçiriljek Olimpiýa şäherçesiniň bahasy 5 milliard ABŞ dollaryna barabar, Oýunlara gabat gurlan täze halkara aeroportyň bahasy 2.3 milliard ABŞ dollaryna barabar. Türkmenistandan bir ynamdar çeşme bu Oýunlara çykarylanharajatlaryňhakykatda ýene millionlap dollar köp bolandygyny aýdýar. Türkmenistan gazaply ykdysady krizisi başdan geçirýär diýip, beýanatda aýdylýar.

“Türkmen hökümeti diňe dünýä öz halkyna nähili elhenç daraýandygyny görkezýär. Her näçe kän oýun, dabara-şowhun geçirilse-de, munuň üstüni örtüp bilmeýär” diýip, Denber aýtdy. “AOG-niň Olimpiýa gymmatlyklarynyň şeýle basgylanmagyna ýol bermegi aýylganç” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.