Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan gynaglar baradaky soraglara "jogap bermedi"


"Olaryň hakykatda nähili ýagdaýdadygyny hiç kim bilmeýär" diýip, Körliý aýtdy.
"Olaryň hakykatda nähili ýagdaýdadygyny hiç kim bilmeýär" diýip, Körliý aýtdy.

Dini habarlary çap edýän «Forum-18» habarlar gullugy Türkmenistanyň delegasiýasynyň noýabryň aýagynda BMG-niň adam gynamalaryna garşy komitetinde beren hasabatynda türkmen häkimiýetleri tarapyndan gynalandygy aýdylýan wyždan ýesirleri, bikanun ýanalýan musulmanlar, Ýehowa şaýatlary baradaky soraglara jogap bermändiklerini, emma üç sany tussag barada maglumat berendiklerini aýdýar.

«Forum-18» guramasynyň baş redaktory Feliks Körliniň Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtmagyna görä, türkmen delegasiýasy adam gynamalary baradaky soraglara jogap bermegi asla başarmady. Şeýle-de ol gynamalaryň köpüsiniň «ýarag çenemek bilen» edilendigini aýdýar.

Habarlardan mälim bolşuna görä, türkmen delegasiýasy ýaş musulman lideri Bahram Saparow barada ozal anyk bilinmeýän maglumatlary mälim etdi. Ol 15 ýyl iş kesilip, Aşgabadyň demirgazygyndaky «Owadandepe türmesinde saklanylýar.

Türkmen resmileriniň tassyklamagyna görä, türkmenabatly Bahram Saparow üç gezek sud edilip, üç gezek hem türme tussaglygyna höküm edilipdir. Onuň soňky sudunyň iýun aýynda bolupdyr.

Ol ilki 2013-nji ýylda, häkimiýeti güýç bilen agdarmagy niýet edinmekde aýyplanyp, türme tussaglygyna höküm edilipdir.

22-nji maýdaky höküme görä, Saparow häkimiýeti eýelemek üçin dil düwüşmekde, konstitusion gurluşy güýç bilen agdarmaga çagyrmakda, sosial, milli we dini duşmançylygy öjükdirmekde, jenaýatçylykly toparlary döretmekde weolaryň işine gatnaşmakda, ok-ýarag, partlaýjy enjamlary ogurlamak ýa ele geçirmek synanyşygynda günäli tapylypdyr.

Feliks Körliý hökümet aýyplamalary barada örän az zat bilýändiklerini aýdyp, Saparowyň näme üçin daşarky dünýäden doly üzňelikde saklanylýandygyny soraýar.

«Emma olar beýleki soraglaryň hiç birine jogap bermediler. Näme üçin ol we beýleki tussaglar daşarky dünýä bilen doly gatnaşyksyz ýagdaýda saklanylýar? Olaryň hakykatda nähili ýagdaýdadygyny hiç kim bilmeýär» diýip, Körliý bu ýagdaýyňolaryň gynalandygy baradaky gümany güýçlendirýändigini öňe sürýär.

Halkara hukuk toparlarynyň ýyllyk hasabatlarynda türkmen türmelerinde, ýüklenýän günäni boýun aldyrmak we islenilýän görkezmeleri almak üçin, adam gynamagyň giň ýaýrandygy aýdylýar.

Beýleki tussaglar barada dymylýar

«Forum-18» habarlar gullugynyň ýaýradan beýanatynda türkmen delegasiýasynyň wyždan ýesiri Saparow bilen bilelikde türmä basylan 20 çemesi beýleki tussag barada hiç zat aýtmandygy bellenilýär.

Gurama türkmen delegasiýasynyň Adam gynamalaryna garşy komitetde Ýehowa şaýady Mansur Maşeripowyňerbet gynalandygy, urlup-enijilmelerden başga, oňa düzümi näbelli sanjymlaryň hem edilendigi, Ýehowa şaýatlary Bahram Hemdemowyň, Mahmyt we Ahmet Hudaýbergenowlaryň işleri barada berlen soraglary hem jogapsyz galdyrandygyny aýdýar.

Bulardan başga, gynamalara garşy komitetiň gynamalar baradaky şikaýatlar boýunça garaşsyz derňewleriň geçirilip-geçirilmändigi baradaky soraglary hem jogapsyz galdyryldy diýip, Feliks Körliý aýdýar.

Dini habarlary çap edýän guramanyň maglumatyna görä, Türkmenistanyň 21-nji noýabrda Ženewada beren hasabatynda wyždan ýesirleri diýip bilinýän Saparowyň, Maşeripowyň we Hemdemowyň işlerinden başga, hökümet delegasiýasyna beýleki işler, ýagny hökümetiň 22-nji awgustda, diňlenişikden öň beren ýazmaça hasabatynda jogapsyz galdyrylan soraglar barada hem sorag berildi.

«Forum-18» 5-nji dekabrda Ženewada türkmen delegasiýasy, hususan-da ilçi Haljanow bilen habarlaşmaga synanyşdy, emma telefony alan aýal adam Feliks Körlä «men sizi tanamok» diýip jogap berdi we soraglaryny ýazmaça ibermegini sorady.

XS
SM
MD
LG