Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan tussaglaryň sanyny azaldyp, işsizleri köpeltdi


Türkmenabat, polisiýa ofiserleri
Türkmenabat, polisiýa ofiserleri

2002-nji ýylyň Gadyr gijesine gabat yglan edilen günä geçişde 16 müňden gowrak tussag azatlyga çykan bolsa, bu gezek, 2017-nji ýylyň Gadyr gijesine gabat yglan edilen günä geçişde türkmen türmesinde 1029 tussagyň sany kemeldildi.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 16-njy iýunda geçiren hökümet maslahatynda, Gadyr gijesi mynasybetli, nobatdaky günä geçiş kararyna gol çekdi diýip, TDH habar berýär.

Geçen ýylyň dekabrynda, Bitaraplyk güni mynasybetli bolan günä geçişde 561 türkmen raýaty azatlyga goýberilipdi. Emma Berdimuhamedow 2016-njy ýylyň oktýabrynda, Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk baýramy mynasybetli, iş kesilen raýatlaryň 1523-siniň günäsini geçipdi.

Türkmen metbugaty ýurtda jenaýatçylygyň ösüşi ýa tesişi hakynda kän maglumat bermeýär. Şol bir wagtda, günäsi geçilýän adamlaryň gaýtadan jenaýata baş goşuşy ýa goşmaýşy, bu meseldäki sanlar we görkezijiler barada hem maglumat berilmeýär.

Azatlygyň ýurt içindäki çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, soňky 20 ýylda türmä basylýan ýa garşysyna jenaýat işi gozgalyp, para berip gutulmaga mejbur bolýan adamlaryň sany azalmaýar. Mundanam başga, günä geçişlere düşmekde hem paranyň az rol oýnamaýandygy aýdylýar.

Saparmyrat Nyazowyň ýurdy dolandyran ýyllarynda, az hem bolsa, jenaýatyň azalýandygy barada gürrüň edilerdi, ýagny prezident bu barada şol wagtky baş prokuror Gurbanbibi Atajanowa sorag bererdi we ol jenaýatyň barha azalýandygyny tassyklardy.

Şol bir wagtda, S.Nyýazow hyryn-dykyn bolan türmeleri ýeňletmek üçin ýylda müňläp adamy, şol sanda neşe söwdagärlerini hem azatlyga goýbererdi.

Aýdaly, metbugat maglumatlaryna görä, 2002-nji ýylyň noýabrynda, Gadyr gijesine gabatlanyp geçirilen günä geçişde 16 müňden gowrak tussag azatlyga goýberildi.

G.Berdimuhamedowyň bu gezekki Gadyr gijesine gabat gol çeken kararyna laýyklykda, iş kesilen türkmenistanlylaryň 1029-sy mundan beýläk jeza çäresini çekmekden boşadylýar. Şol bir wagtda, günäsi geçilen tussaglaryň Jenaýat kodeksiniň haýsy maddalary esasynda günäli tapylandygy we jeza möhletleriniň näçe bölegini türmede geçirendigi, şeýle-de günäsi geçilýän tussaglaryň haýsy ýaşlardaky raýatlardygy barada hiç hili maglumat berilmeýär.

Emma muňa derek, ozalky günä geçişlerde bolşy ýaly, prezident Berdimuhamedow kanun goraýjy gurluşlaryň ýolbaşçylaryna günäsi geçilenleriň ýakyn wagtda maşgalalaryny gowuşmagy üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şeýle-de ol, eden jenaýatyna ak ýürekden toba eden adamlaryň yhlasly zähmet çekip, günälerini ýuwmaklary we ýurtda alnyp barylýan gerimli işlere goşant goşmaklary üçin, işe ýerleşdirilmegini tabşyrdy.

Welaýat, şäher we etrap häkimlerine mundan öňki günä geçişlerde hem şeýle tabşyryklar berlerdi. Ýöne türkmen hökümeti ozalky tussaglaryň işe ýerleşdirilişi, olaryň näçesiniň soň işsizlik zerarly gaýatdan jenaýata baş goşuşy we beýlekiler hakynda maglumat bermeýär.

Azatlygyň ýerli çeşmeleriniň berýän maglumatlaryna görä, ýurtda sud edilmedik, türmä düşmedik adamlaryň arasynda hem işsiz kän we işe ýerleşmek üçin talap edilýän paranyň möçberi ykdysady kynçylyklar agyrlaşdygyça köpelýär.

Adynyň aýdylmazlygyny soran ynamdar çeşmäniň sözlerine görä, “türme ilatynyň günä geçişler esasynda yzygiderli azaldylmagy bir tarapdan, olaryň maşgalasy üçin begençli, emma ikinji tarapdan, işsizler ilatynyň yzygiderli köpeldilmegi bolup durýar”.

Şeýle-de çeşme azat edilen tussaglaryň türmedäki orunlarynyň bir-iki aýa ýetmän tussagdan doldurylýandygyny aýtdy, emma Azatlyk bu diýilýäni resmi çeşmeler arkaly tassykladyp ýa inkär etdirip bilmedi.

ABŞ-nyň "Türme syýasaty inisiatiwasy" toparynyň maglumatlaryna görä, Türkmenistan ilatynyň jan başyna düşýän tussaglarynyň sany boýunça, Birleşen Ştatlardan soň, dünýäniň 170 ýurdunyň arasynda ikinji ýerde durýar.

Eger Birleşen Ştatlarda her 100 müň adama 693 tussag düşýän bolsa, Türkmenistanda her 100 müň adama 583 tussag düşýär.

Mundan öň Türkmenistanyň sebitde ilat sany boýunça iň kän tussagly ýurtdygy barada habarlar çykypdy. Şol bir wagtda Türkmenistan iň kän günä geçiş yglan edýän ýurtlaryň biri hökmünde tanalýar we türkmen türmelerine garaşsyz synçylaryň baryp görmegine rugsat berilmeýär.

Halkara hukuk toparlary Türkmenistany, halkara borçnamalaryna eýerip, wyjdan bendileri we syýasy tussag hasaplanýan adamlary azat etmäge ýa olaryň işlerine gaýtadan, açyk sudda seretmäge, şeýle-de ýiten hasaplanylaýn tussaglar barada maglumat bermäge çagyrýarlar.

XS
SM
MD
LG