Türkmenistanda meşhur aýdymçy Pälwan Halmyradow uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edildi.
Azatlyk Radiosyna mälim bolşuna görä, Halmyradowa noýabr aýynda iş kesilipdir. Soňky ýyllarda öz döredijiligini dini temalara bagyşlan Halmyradow birnäçe aýyň dowamynda tussag edilen ýeke-täk aýdymçy däl. Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri Halmyradowyň bikanun walýuta operasiýalarynda aýyplanandygyny aýdýarlar.
Ýatladyp geçsek, mundan öň meşhur türkmen aýdymçylaryndan Nazir Habibowyň tussag edilendigi habar berlipdi.
Pälwan Halmyradowyň problemalar bilen ýüzbe-ýüz bolandygy baradaky çaklamalar geçen ýylyň güýzünde, aýdymçynyň birden ýitmeginden soň peýda bolup başlapdy. Emma bu çaklamalary tassyklap bolmandy. Üstesine, bu meşhur aýdymçy birnäçe ýyl bäri telewideniýede çykyş etmedi, şeýle-de oňa ýurduň sahnalarynda aýdym aýtmaga rugsat berilmändi. Aýdymçy babatyndaky bu gadagançylyklar onuň soňky ýyllarda dini mazmunly aýdymlary aýtmagy sebäp bolupdy. Şu sebäpden aýdymçynyň tussag edilmeginiň-de onuň aýdymlarynyň mazmunynyň din bilen aşa bagly bolmagy çak edilipdi.
Emma Azatlyk Radiosyna mälim bolşuna görä, Halmyradowa ýöňkelen aýyplamalar onuň döredijiligine degişli däl. Bir-birinden garaşsyz iki çeşme Halmyradowyň ýedi ýyl türme tussaglygyna höküm edilendigini habar berip, munuň Türkmenistanda din bilen bagly aýyplamalar üçin belli bir derejede gysga möhletdigini aýtdylar.
«Başda onuň tussag edilmeginiň neşe bilen baglydygy barada çaklamalar ýaýrady. Emma kanun goraýjy edaralardaky tanyşymyň gürrüň bermegine görä, ony bikanun walýuta operasiýalarynda aýyplapdylar. Onuň aýdyşy ýaly, aeroportda bir adam uly möçberdäki pul bilen ele salnypdyr. Onuň ýanyndan 70 müň amerikan dollary tapylypdyr. Türkmenistandan, bolsa diňe 10 müň dollardan artyk pul çykarmaga rugsat berilmeýär. Soragda tussag edilen adam puluň Halmyradowa degişlidigini boýun alypdyr. Emma muňa neşäniň-de, diniň-de gatnaşygy ýok, sebäbi şol aýyplamalar esasynda ony azyndan 15 ýyla höküm ederdiler” diýip, Azatlyk Radiosynyň gürrüňdeşi habar berdi.
Azatlyk Radiosynyň ýene bir çeşmesi Halmyradowa 7 ýyl türme tussaglygynyň kesilendigini tassyklap, bu möhletiň aýyplamalaryň neşe we din bilen bagly jenaýatçylyklara degişli däldigini gökezýändigini belledi.
“Tussag edilensoň Pälwan Halmyradowy deslapky tussaghanada minimal howpsuzlyk şertlerinde sakladylar. Eger ony agyr jenaýatçylyklarda aýyplan bolsalar, oňa şeýle ýeňillik bilen çemeleşmezdiler” diýip, Azatlyk Radiosynyň çeşmesi aýtdy.
Türkmenistanyň sud sistemasynyň çykarýan kararlary barada maglumat bermeýär. Azatlyk Radiosyna Pälwan Halmyradowyň garyndaşlary bilen gepleşmek hem başartmady. Şeýle ýagdaýda aýdymça nähili günäniň ýöňkelendigini takyklaşdyryp bolmady.
Türkmenistanda soňky aýlarda jenaýatda aýyplanyp, jogapkärçilige çekilen beýleki aýdymçylar hem bar.
Türkmenistanda meşhur aýdymçylaryň ýene biri Nazir Habibow geçen ýylyň oktýabr aýynda bikanun neşe serişdeleriniň dolanyşygynda aýyplanyp, 15 ýyl (beýleki maglumatlara görä, 12 ýyl) türme tussaglygyna höküm edilipdi. Şonda döwlet telewideniýesinde birnäçe adamdan ybarat toparyň, şol sanda meşhur aýdymçynyň boýun alyş çykyşlary we Habibowyň eden etmişini boýun alýan pursatlary görkezilipdi.
Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri Nazir Habibowyň belli bir ýagdaýlaryň pidasy bolandygyny habar beripdi.
“Ony örän täsirli bir adam toýa çagyrdy. Emma Nazir oňa ýok diýmeli boldy, sebäbi ol eýýäm başga bir täsirli adamyň toýuna çagyrylypdy. Birnäçe wagtdan soň ony tussag etdiler” diýip, Azatlyk Radiosynyň çeşmeleriniň biri habar beripdi.
Şu ýylyň 20-nji ýanwarynda You Tube sahypasynda ýerleşdirilen wideoda Nazir Habibowyň azatlyga çykan bomagynyň mümkindigi aýdylypdy. Wideo ýazgysynda aýdymçynyň özi we onuň daşynda täze ýyl bilen gutlaýan adamlar görkezildi. Aýdymçynyň tussaglykdan boşadylandygyny soňra “Türkmenistanyň alternatiw täzelikleri” neşri ret etdi.
Şeýle-de, Azatlyk Radiosy geçen ýylyň noýabr aýynda, öz çeşmelerine salgylanyp, Türkmenistanda ýene bir meşhur aýdymçy Hajy Ýazmämedowyň tussag edilendigi barada habar beripdi. Çeşmeleriň sözlerine görä, Ýazmämmedow geçen ýylyň awgust aýynda tussag edilipdi, emma täsirli bir adam aýdymçynyň goragyna çykypdy. “Ýazmämmedowyň täsirli tanşynyň basyşy astynda onuň birnäçe günden azatlyga çykandygy” habar berlipdi. Aýdymçynyň tussag edilmeginiň sebäpleri anyk bolman galýar.