Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nazir Habibowyň azatlyga çykandygy aýdylýar


“Nazir Habibow türmeden çykdy” ady bilen ýaýradylan wideoda, Nazir Habibowyň täze ýyl bilen gutlaýan şekilleri görkezilýär.
“Nazir Habibow türmeden çykdy” ady bilen ýaýradylan wideoda, Nazir Habibowyň täze ýyl bilen gutlaýan şekilleri görkezilýär.

Türkmenistanda neşe aýyplamalary bilen türmä basylan belli aýdymçy Nazir Habibowyň azatlyga goýberilendigini öňe sürýän wideo ýazgy peýda boldy.

“Nazir Habibow türmeden çykdy” ady bilen ýaýradylan wideoda, Nazir Habibowyň näbelli, şol sanda harby buşlatdaky bir adamyň arasynda, täze ýyl bilen gutlaýan şekilleri görkezilýär.

Ýatladyp geçsek, geçen ýylyň oktýabrynyň başynda türkmen telewideniýesinde 28 ýaşly Nazir Habibowyň “neşe serişdelerini ulanandygyny” boýun alyp, öz-özüni ýazgaryp çykyş edýän pursatlary görkezilipdi. Mundan soň Habibowyň 12 ýyl türme tussaglygyna höküm edilendigi dogrusynda maglumatlar gowşupdy.

20-nji ýanwarda ýaýradylan wideonyň soňunda adamlaryň Nazir Habibowy garaşyp duran bir ulagda ugradýandygy görkezilýär.

Azatlyk Radiosyna Nazir Habibowyň hakykatdan hem türkmen türmesinden azatlyga goýberilip-goýberilmändigini häzirlikçe garaşsyz çeşmelere tassyklatmak başartmady.

Nazir Habibowyň tussag edilmeginiň yzy bilen, hamana, aýdymçynyň aýaly – Ritanyň adyndan ýaýradylandygy aýdylýan bir beýannama köpçülige ýaýradyldy.

Onda Habibowyň “düýbünden başga aýyplamalar esasynda saklanandygy” we munuň “ýörite matlap bilen gurnalandygy” öňe sürülýär. Bu wideo YouTube saýtyna goýlanyndan birnäçe gün soň pozulyp aýryldy. Nazir Habibowyň maşgalasyna ýakyn çeşmeler-de, bu beýanatyň aýdymçynyň aýaly – Rita tarapyndan ýaýradylandygyny inkär etdiler.

XS
SM
MD
LG