Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

TAH: Nazir Habibow azatlyga çykmady 


 Nazir Habibow
Nazir Habibow

Nazir Habibow türmeden boşadylmady. Bu habary, öz çeşmelerine salgylanyp, Türkmenistanyň Alternatiw habarlary guramasy ýaýratdy.

TAH-yň maglumatyna görä, çeşmeler we aýdymçynyň ýakyn garyndaşlary 20-nji ýanwarda YouTube portalynda peýda bolan wideonyň bäş ýyl mundan ozal ýazgy edilendigini tassyklaýarlar.

Emma çeşmeler bagşynyň azatlyga çykandygy baradaky çaklamalaryň döremegine sebäp bolan wideonyň anyk nirede we nähili ýagdaýlarda ýazgy edilendigini anyklaşdyrmadylar.

Ýatladýarys, Azatlyk radiosy 24-nji ýanwarda meşhur türkmen aýdymçysy Nazir Habibowyň azatlyga çykan bolmagynyň mümkindigini habar beripdi.

Emma bize bu maglumaty tassyklatmak başartmandy. Şol bir wagtda, ony inkär etmek hem mümkin däl bolup görünýär.

20-nji ýanwarda "Turkmen TW" kanalynda çap edilen wideoda Nazir Habibow görkezilýär we aýdymçy öz daş-töweregindäki admlary Täze ýyl bilen gutlaýar. Ol adamlar aýdymçydan, «Angar köçesiniň erkekleriniň adyndan» aýdym aýtmagyny soraýarlar.

Aşgabatdaky Angar köçesinde, Türkmenistanda Hitrowka diýlip bilinýän ýerde türme edarasy ýerleşýär.

Habibow aýdym aýtmagy baradaky haýyşa «Alla ýol berse, aýdarys, häzir bolsa siziň hemmäňizi, erkekleri we Hitrowkanyň ähli ýaşaýjylaryny gutlaýaryn, saglyk arzuw edýärin» diýip, hoşamaý jogap berýär.

Şeýle-de wideoda türme gözegçileriniň ýuniformasyna çalymdaş harby eşik geýen adamlar, görnüşinden, azatlyga çykan bagşyny garşylamaga gelen awtomobil görünýär. Emma widioýazgynyň arasy kesilýär, Habibowyň maşyna münendigi görünmeýär.

Azatlyk Türkmenistanda iň meşhur bagşylaryň biriniň geçen ýylyň awgustynda, neşe saklamak aýyplamasy bilen tussag edilendigini habar berdi.

Oktýabrda Habibowyň sudda günäli tapylandygy we oňa 12 ýyl türme tussaglygynynyň berlendigi barada habarlar çykdy. Şeýle-de aýdymçynyň 15 ýyl türme tussaglygyna höküm edilendigi barada habar çykdy.

Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi geçen oktýabrda ele salnan neşe söwdagärleri barada telereportaž taýýarlap, efire berdi. Olaryň arasynda Nazir Habibow hem görkezildi.

Nazir Habibow bu gepleşikde öz hereketlerini ýazgaryp çykyş etdi we «neşe maddalaryny ençeme gezek ulanandygyny» aýtdy

Emma Azatlygyň iki çeşmesi bagşynyň bir täsirli adamyň toýa çakylygyny kabul edip bilmändigi, ýagny şol senede başga bir täsirli maşgalanyň toýunda aýdym aýtmaly bolandygy üçin ejir çekendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG