"Käbirleri ýeke gezek ör turdy"

Daniel Berrigan, 85 ýaşynda alnan suraty.

Tanymal amerikan şahyry we ruhanysy Daniel Berrigan 30-njy aprelde, 94 ýaşynda aradan çykdy.

«Amerika» žurnaly ony «Şahyr we pygamber» diýip atlandyrmak bilen, Berriganyň onlarça ýyllap amerikan katoliklerine urşy we ýadro ýaraglaryny ret etmegi wagyz edendigini ýatlatdy.

Ol 76 ýyllap Isa jemgyýetiniň agzasy boldy, 63 ýyllap ruhanylyk etdi.

Daniel Berrigan ruhany, şahyr, parahatçylyk aktiwisti, halypa hökmünde 50-den gowrak kitap çap etdi.

Azatlyk radiosynyň okyjylaryna meşhur amerikan şahyrynyň iň halanan goşgularynyň biriniň iňlisçeden terjimesini hödürleýäris.

Käbirleri

Käbirleri ýeke gezek ör turdy, a soň oturdy aşak.
Käbirleri bir mile çen ýöredi, a soň çekildi daşa.

Käbirleri iki gezek ör turdy, a soň oturdy aşak.
"Bu çekip-çydardan has agyr, agyr", gygyrdy olar.
Käbirleri iki mile ýöredi, soňra çekildi daşa,
«Besdir bizden, bolduk ýagyr», bagyrdy olar.

Käbirleri ör turdy, turdy, durdy.
Akmak saýdylar olary,
Hem saýdylar atylmaly içerik.

Käbirleri şol ýöredi, durmady,
Olar ýörediler ýerden,
Olar ýörediler suwdan,
Ýörediler howadan.

"Sen nämüçin dim-dik dursuň oturman?"
Soradylar olardan.
Hem diýdiler: "Nirä barýarsyň durman?"

"Sebäbi çagalar", diýdiler olar.
"Hemem ýürek üçin, hem çörek üçin",
Diýdiler olar.

"Sebäbi mesele ýüregiň durman,
Togtaman urmagy hem-de
Çagalaryň dogulmagy,
Sümmüle durmagy bugdaýyň ýerde."