"New York Times" gazetiniň maglumatyna görä, häzir Birleşen Ştatlarda bestseller, ýagny iň geçginli şygyr kitaplaryny ýazanlaryň onlugynyň öňüni 'Instapoet' hereketiniň öňdebaryjylary çekýär.
Instagram, Tumbler, Facebook we Twitter arkaly paýlaşýan goşgulary bilen her çap eden şygrynda müňläp okyjyny özüne çekäýn we 'instaşahyrlar' diýip at alan şahyrlaryň goşgy ýazmak bilen eklenç edip bolmaýandygy baradaky öňden gelýän ynanjy ýalan çykarandyklary aýdylýar.
Mysal üçin, Taýlanda bosgun lagerinde doglan, Awstraliýada kemala gelen we häzir Täze Zelandiýada ýaşaýan Lang Leav birbada üç sany geçginly şygyr kitabynyň awtory boldy. Instapoetler hereketiniň iň meşhur agzalarynyň ýene biri bolsa Rupi Kaurdyr.
"Huffington Post" neşiri onuň ilkinji şygyr we kyssa ýygyndysyny (Milk and Honey) her bir zenanyň okamaly we golaýynda saklamaly kitaby atlandyrdy.
Rupi Kaur "The Underground" neşiri bilen söhbetdeşlikde "eger men üç günläp ýazmasam, duýgular bokuradyma çenli gelip, çogup çykjak ýaly duýulýar, men özümi ysgynsyz duýýaryn" diýdi. Onsoň, öz sözleri bilen aýtsak, şahyra oturyp ýazybermekden başga çäre galmaýar.
"Käbir ýazgylar diňe bir setir bolýar, beýlekileri sahypa-sahypa bolýar. Bu hakykatda redaktirlemek meselesei däl, bu olaryň hemmesini daşyňa çykarmak meselesi. Onsoň men özümi ýene gowuz duýsam, ýazmagymy bes edýärin" diýip, şahyr aýdýar.
Kanadada ýaşaýan 23 ýaşly şahyr öz ene dili bolan panjap dilinde goşgy ýazyp bilmeýändigini aýdýar. Biz onuň Facebookda çap edilen goşgularyndan birnäçesini iňlisçeden türkmençä geçirip, Azatlygyň okyjylaryna hödürlemegi makul bildik.
Birinji nesil immigrant
Bilmez olar näme ýurduň ýitirmek,
gaýdyp tapmaz ýaly, belki, hiç haçan,
hemem ýurtsuz ýaşamak,
galan-gaçan ömrüň bölünip ikä,
iki jahan owarrasy, hamala,
iki ýurduň arasynda
köpri ýaly asylan,
bilmez olar näme öýüň ýitirmek.
Meniň talabym
Maňa bilýän biri gerek göreşi,
aňlaýan birisi özüm ýalaky,
biri gerek maňa aýak üstünde
durmak hem saklanmak kyn güni juda
aýaklarmy aýasynda göterýän,
şeýle adam gerek maňa
edil zerur zady getirip berýän,
meniň şeýle zerurlygy
bilmezimden owal hatda,
şeýle ynsan gerek maňa,
sözlerimi eşidýän
heniz aýdyp-diýmedik,
sebäp meniň göreşim göreşi bolmaly oň,
şeýle düşünmegi talap edýän men.
***
Saňa nädip beýle asan il-güne
rehimdar bolmak, sorady biri.
Jogap berdim güler ýüzli,
sebäp maňa kimse rehim etmedi,
ne aýaly, ne äri.
***
Hawa, birin
hem ýigrenmek,
hem söýmek,
özem edil şol bir pursat
mümkin zat,
men özümi hem ýigrenýän,
hem söýýän
her gün, her sagat.
***
Her hili närsäni aýdar adamlar,
meger, seni etjek bolup çar-para,
emma sen badyny gaçyr olaryň
sözleri pyçaga öwrülmez ýaly,
öldürmez ýaly birden,
kalbyňa salyp ýara.
***
Adamlar gidýärler,
emma olaryň
neneňsi gidişi
galýar hemişe.